12:38 Ynsap | |
YNSAP
Goşgular
Üç bolup üç ýerden gižželediler, Üstünden güldüler, aýpladylar. Diýmesiz zatlary diýip çykdylar, Ýekeje ýyl söz aýtmadylar. Ol bolsa bilişi ýaly, meselem ~ Özüniñ erkeg-u aýaldygyny, Bilýärdi öz ynsabynyñ öñünde Akdygyny hem-de halaldygyny. Ol adam başga bir adamy däl-de, Özüniñ ynsabyn edinip Tañry, Şol Tañra-da boýun synyp, gol berip, Geçmändi ynsabyñ çäginden añry. "Seni görip" diýdiler, ol adam bolsa Çep gursagyn tutup sag eli bilen, Kasam içip ynsabynyñ adyndan Diýdi "men beýle däl, diýýäñiz ýalan!" Ýöne bu kasama ynanmadylar, Bu kasamy almadylar hasaba. Onsoñ assa-assa ol bendäñ özem Sala salmasyny goýdy ynsaba. Ynsap welin tutup keçjallygyna, Ýüregine sanjyldy durdy çiş bolup, Yzyndan galmady kölgesi ýaly, Ýatyrka ýanyna bardy düýş bolup. Ol ýaka tutuşdy ynsaby bilen, Ýeñsesinden itdi, dalaplar çykdy. Ynsap bolaa tutdy hötjetligine Ejizledi bende ~ aglaplar çykdy. Ýoldaşlary ýene geçip daşyna Diýdiler "şu kagyz şar gara gerek?" "Gara diýäý!" diýip ýalbardy hyýal, "Ýok, diýmersiñ!" diýip seslendi ýürek. Onuñ öz gözüniñ bardygy üçin Ýene ýekirdiler, ýekelediler. Diläp bilmeseler, üýrüp galdylar, Çeýnäp bilmeseler, çekelediler. Käte "bolýar" diýip, käte "ýok!" diýip, Käte utandyryp, derledip, gyssap, Etjegin etdirmän, gününe goýman, Oña azap baryn görkezdi ynsap. Onuñ bilen gepleşmäni goýdular, Alynmady onun beren salamy. - Ýeri, indi nädip ýaşamaly men? ~ Diýip öz-özüne saldy salany. Onuñ gulagyna goýup agzyny Pyşyrdady kimdir biri şol wagt. "Salamy aljagam kändir alnyñda, Öñküje ýoluñdan ýöräber, ýigit! Pesler hiç özünden beýgi halamaz Bu bir indi görülmeli zat däldir. Ýoldaşyñ duşmandyr. Ýöne, şükür et ~ Üç adamjyk entek adamzat däldir". Ýene diýdi: "Doglanyñda saña-da "Ynsaplysy bolsun!" diýendir il-gün. Olam berlen bolsa, näme kemiñ bar, Beýdip alnan zady ýüzüñe sylgyn. Ýoldaşyñda ýokka sendäki bar zat Gün görmegiñ güzap bolmagam mümkin. Ýöne il-gün saña ynsap diländir Megerem, gerek zat bolany üçin. Pyşyrdy bir eýýäm ýatanam bolsa, Ol adam diñşirgäp durdy kän wagt. Soñ başyny belent tutup birdenkä, Gadam urdy: "Çyn gep! ~ Ýöräber, ýigit!" * * * Boljak bolýas özümizden asylly, Boljak bolýas özümizden goçagrak. Boljak bolýas özümizden owadan Boljak bolýas özümizden alçagrak. Boljak bolýas özümizden pähimdar, Boljak bolýas özümizden akylly. Boljak bolýas özümizden merdana Boljak bolýas özümizden ýakymly. Boljak bolýas özümizden arassa, Boljak bolýas özümizden sypaýy. Boljak bolýas özümizden mylaýym, Bigänekäk boljak bolýas wepaly. Oñşukly görünjek bolýas oñuşman, Özüñe meñzemek kyn zat oguşýan. Şeýle borly gadym eýýämden bäri Äl bu edähediñ berkdigini! Pes beýik görünjek bolýar özünden Beýik güjeñlänok beýikligini. Gaýtam özün gizlemäge çalyşýar, Özüñe meñzemek kyn zat oguşýan. * * * Gerşini gar basan daga garamda Sermest bolup geljek ýazy duýýaryn. Gyraw baglan şahalara seredip, Olary pyntyklan ýaly duýýaryn. Daşarda bökjekläp ýören gyzjagaz Buýsançly bir melek bolup görünýär. Ýabyñ gyrasynda sanjylan nahal Owadan ak derek bolup görünýär. Ýoldan geçip barýar çala bir serhoş, Men bolsa içgiden tutýaryn berhiz. Ýöne başga kişiñ betbagtlygyndan Lezzet alan wagtym bolmandy hergiz. Aklyna aýlanar serhoş pyýada, Düşüner bu işiñ telekdigine. Ynanýan ~ adamy düzetmek üçin Oña ynanmagyñ gerekdigine. Kyrkçillede ýakynlaşýan ýaly duý, Tüp yssyda alnyñdaky güýze bak. ...Umyt seni elli ýaşa ýetirdi, Berdinazar! Indi käte yza bak! Gara saçlaryny sypan gyzlary Göz öñüne getir ýekänme-ýekän. Şol bagtly çaglary başdan geçiren Adam asla berin garraýarmykan? Garrylygy ýada salmañ nämedir Kalbyñ bahar bilen ümleşip durkan? On sekiz ýaşdaky garagollygy Şinden ogrygynça gaýtalap ýörkäñ?! Surat: Pablo Pikasso / "Ýadaw serhoş aýal", 1902 ý. | |
|
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Döwür oýlanmasy / Goşgular - 22.06.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ýalana oda / Goşgular - 19.10.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |