09:41 Ynsap bilen et... | |
TÜRKMEN RUHY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
▶ YNSAP Ruhumyza siñen rowaýatlar: "Her iş et, ynsap bilen et..." ýa-da bu jümläniñ gelip çykyşynyñ rowaýaty... Ir döwürlerde bir adam bolupdyr, ol bütin ömrüni lütjekçilik (talañcylyk) bilen geçiripdir. Ýañky adam garrap aradan çykypdyr. Yzynda bir ogly galypdyr. Wagt geçip, lütjegiñ ogly jahyl çykypdyr. Onsoñ ol "Näme iş bilen meşgullansamkam" diýip, parasatly bir ýaşulynyñ ýanyna barypdyr hem-de öz kakasynyñ lütjekçilik bilen ömrüni ötürendigini aýdypdyr. Ýaşuly bu ýigide: - "Ata kesbi ogla halal" diýen gürrüñ bar, senem lütjekçilik ediber. Ýöne her iş et, ynsap bilen et diýen gürrüñi ýatdan çykarma - diýen. Şundan soñ ýañky ýigit, özi ýaly ýigitlerden jemi kyrk ýigit bolup, lütjekçilik etmäge başlapdyr. Bir gün olar gumuñ içinde agyr kerweni kyrk sany adamyñ alyp gelýändigini görüpdirler. Kerwen düşlän wagty lütjekçiler hem olaryñ ýanyna baryp, kerwendäkileriñ adama birini meýdana alyp çykyp, öldürmeli hem-de zatlaryny talamaly diýen karara gelýärler. Şeýle hem edýärler. Lütjegiñ ogly hem kerwendäkileriñ birini meýdana alyp çykan hem-de öz ýanyndan pikir eden: "Men munuñ alyp gelýän baýlygyny-ha bir alýan, üstesine özüni hem öldürsem - bu ynsapsyzlyk bolar" diýýär-de, kerwen eýesiniñ injigini gylyjynyñ ujy bilen çyzýar-da, ony öldürmejegini aýdýar. Şonda kerwen eýesi: - Eýle bolsa biraz garaşaly, kerweniñ düşlän ýerinde näme bolýandygyny göreli - diýen. Kerwen eýeleri ýolda-yzda birden talañçylar duşup, zatlarymyzy alsalar, olar hem heläk bolsun - diýip, bir torba külçä awy garyp, ýanlary bilen göteren ekenler. Otuz dokuz lütjegiñ hersi kerweniñ bir adamyny öldürip, goşa gelup: "Geliñ indi arkaýyn naharlanalyñ" diýip, ýañky awy gatylan külçelerden iýip, olaryñ otuz dokuzam heläk bolupdyr. Kerweniñ ähli baýlygy hem ýañky ikisine galypdyr. "Her iş et, ynsap bilen et" diýen gürrüñ hem şondan galypdyr diýýärler. Köne türkmen añynda hatda erbet iş hem ynsaply we ynsapsyz edilip bilner diýip düşünje bolupdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |