15:17 Ýowuz hasabat | |
ÝOWUZ HASABAT
Goşgular
Häzir söze kän bir ynanmaýarlar, Ynam sütünleri jaýrylyp galdy. Neslimizi dowam etjek aýallar, Pagta frontynda maýrylyp galdy. Ýer goýmadyk bäş-üç dowat sürmäge, Gözümiz zar towşan, sülgün görmäge. Dumly-duşda bir arkañy gyrmaga, Himiki dökünden baýyrlyk galdy. "Dillilikden" gowy görüldi "lallyk", Kim göterer, küle gaçdy halallyk?! Ornuna lolulyk, mekirlik-allyk, Çemeçillik, ogry-jümrülik galdy. Köşk-binalar kany, gadymdan gelýän, Ýykdylar, köpelip ateist bolýan. Ýykylmadyklary garaşyk bolman, Ýagyşdyr-ýagmyra ýumrulyp galdy. Saýgaryp bilmedik garany-agy, Tohap edenimiz özgäniñ tugy, Arandygy üçin milli hukugy, Köpler iş ornundan aýrylyp galdy. Baýdaklaryñ gury pasyr-pasyry bilen Soñlap barýas uly asyry, Mundan beýläk aýbymyzy basyryp ýörmän, Düzetmäge dogrulyk galdy. Hemra ŞIR. | |
|
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Jadyly duýgy / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||