20:31 "Ýüküm agyr gara dagdan..." | |
“ÝÜKÜM AGYR GARA DAGDAN...”
Goşgular
Adam gurýar, adam ýykýar, Adam gany dynman akýar, Adam misli ýylan - çakýar, Ezýet çekesen nadandan. Diýdim: - Niçik alym – Adam! Diýdim: - Niçik zalym – Adam? Ýoldaşyňdyr päliň adam, Milýon-milýon... şarpyk dadan. Ýalan sözlän mahalyňda, Taý tapylmaz Ahalymda, Ýatyr Apat şor maňlaýda, Göz görmez, serim dumandan. Dünýä bizar gendelerden, Dünýä dolmuş bendilerden, Elin serýän bendelerden, Habar barmy Hatam Taýdan?! Ulumy ýa kiçimidiň? Garrymydyň, beçemidiň? Mal bazarda geçimidiň? Hak goldasyn tupan-gaýdan. Ýalan sözläp taladylar, Ýaman gözläp "tanadylar”! Güň däldim, zo-ol aldadylar, Ýüküm agyr gara dagdan... 06.06.2022. | |
|
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ýatlama / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |