14:00 Ýüreklere ýol salýan şahyr | |
ÝÜREKLERE ÝOL SALÝAN ŞAHYR
Edebi makalalar
Biziň Allaýar bilen tanyşlygymyz 30 ýyl gowrak mundan ozal başlanypdy. Ol mahal biz uniwersitetiň türkmen filologiýasy fakultetiniň talybydyk. 1968–1969-njy okuw ýylynyň başydy. Ol döwürde talyplaryň köpüsine umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamaga ýer ýetenokdy. Ýöne bize tomus kanikulynda öýe gitmän, iki aý gurluşykda işlänimiz üçin umumy ýaşaýyş jaýyndan ýer almaga mümkinçilik bolupdy. Biz muňa diýseň begenýärdik. 6-njy korpusyň 6-njy otagynda 6 bolup ýaşap başlan talyp oglanlar bolan biz dürli welaýatlardan, dürli etraplardan gelenlerdik. Has takygy Aşyr Marydan, Baýram Daşoguzdan, Gurban (neresse boldy) Bäherdenden, Baýramgeldi bilen şu setirleriň awtory Tejenden, Allaýar bolsa Garrygaladan gelipdik. Şol mahal biz ýaňy 20 ýaşa alkymlan ýigitlerdik. Halk arasynda «Ýolda ýoldaş bolduňmy?» diýlen pähim bar. Adam has belet bolmak, ony ýakyndan tanamak üçin ýolda ýoldaş bolmaly, tirkeşmeli, bile işlemeli. Biz hem bir otagda tutuş bir ýyl ýaşap biri-birimiziň gylyk-häsiýetimize, rüstem hem asgyn taraplarymyza belet bolupdyk. Belli şahyr, zehinli žurnalist Allaýar Çüriýew hakda makala ýazmak meýli mende öňräkden bäri bardy. Öňräk köne tanşym Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli kitaphanasynyň bibliografiýa bölüminiň müdiri, ýurdumyzyň at gazanan medeniýet işgäri Ata Abdyýew bilen duşuşdyk. Şonda ol gürrüň arasynda golaý wagtda Allaýaryň 50 ýaşynyň dolýandygyny ýaňzytdy. Men hem ol hakda makala ýazmagy niýetlenýändigimi aýtdym. 60-njy ýyllaryň ikinji ýarymy Allaýaryň edebi döredijilikde, poeziýa äleminde ýaňy güýjüni synap başlan wagtydy. 1964-nji ýylyň 8-nji aprelinde «Mydam taýýar» gazetinde Allaýaryň ilkinji goşgusy peýda bolýar. Allaýar hem okardy, hem goşgy ýazardy. Ol indi döredijilik işine düýrmegi bilen berlipdi. Her gün nämedir bir zat ýazmasa, çöregini gury iýen ýalydy. «Gel obamyň lälesi», «Aladaçyl adam», «Näziňe ýarym», «Dostuma», «Ýüregim», «Otuzynjy ýyllaryň habarçylaryna». Ine, atlary agzalan bu goşgular, biziň darajyk otagymyzda, gözümiziň alnynda dörän goşgulardy. 60-njy ýyllaryň aýaklarynda 70-nji ýyllaryň başlarynda poeziýa gadam basan ýaşlaryň bagty daş ýardy diýilse, hakykatdan daş düşüldigi bolmasa gerek. Şol döwürde döredijilik ýoluna düşen adamlar üçin oňat görüm-görelde, howandarlyk aladasy güýçlüdi. Türkmen poeziýasynyň ol döwürdäki ýaş nesli Halyllydy, Gurbannazarlydy. Poeziýamyzyň ägirt läheňleri Kerim Gurbannepesiň, Mämmet Seýidiň, Ata Atajanyň basan ýerinden ot çykýan döwürleridi. Halypalaryň, ussatlaryň görüm göreldesi Allaýaryň döredijilik hyjuwyny, gerimini barha artdyrýardy. Biziň ýaşaýan otagymyz beýlekilere seredeňde has gelim-gidimlidi. Eýýäm mazaly adygan şahyrlar Gurbannazar Ezizow, Annasoltan Kekilowa, kursdaşlarymyz ýaş şahyrlar Atamyrat Atabaýew, Hemra Şirow, Tirkeş Sadykow dagy häli-şindi gelip goşgy okardylar, diňlärdiler. Okalan goşgulara baha berlerdi, jedelleşilerdi. Şu günki ýaly ýadymda. Bir gün biziň bolýan otagymyza uzyn boýly, garaýagyz, gür gaşly, syratly ýaş ýigit geldi. Allaýar bu ýigit bilen bizi tanyşdyranda onuň ýaş kompozitor Baýram Hudaýnazarowdygyny aýtdy. Baýram bu ýere özüniň hoş habar bilen gelendigini, Allaýaryň sözlerine döreden aýdymynyň Türkmenistanyň Kompozitorlar soýuzynda täze aýdymlaryň diňlenişiginde kabul edilendigini aýtdy. Bu habara biziň ählimiz Allaýar bilen deň begendik. Ine, şu begençli habardan soň redioda, telewideniýede: Tebigat beripdir saňa, Bir ajaýyp gözellik. Seň gözleriň serwi boýlym, Şahyrlara gazallyk. – diýlen setirler bilen başlanýan aýdymyň hoş owazy diňleýjileri jadylap başlady. Bu aýdym şol döwürde ýaşlaryň iň söýgüli aýdymlarynyň biri bolupdy. Bu aýdymyň ömrüniň uzaklygy hem şonuň üçin bolsa gerek. Ol şu günki güne çenli hem ürç edilip, aýdylyp gelinýär. Şol gün Allaýar Baýramdurda aýdym üçin ýene bir goşgusyny berdi. Ara kän salym düşmänkä onuň «Näziňe ýarym» diýen goşgusyna dörän aýdym efirde ýaňlanyp ugrady. Soňabaka Allaýaryň goşgularyna döredilen aýdymlaryň höwri barha köpelmek bilen boldy. Häzire çenli bolsa olaryň sany 200-den hem geçdi. Allaýar Çüriýewiň döredijilik tematikasy giň, köp taraply, dürli öwüşginli. Onuň döreden eserlerinde Watan, Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk, doganlyk-dostluk, zähmete söýgi, agzybirlik, ynsanperwerlik ýaly ideýalar esasy özeni emele getirýärler. Allaýaryň goşgulary dürli ýyllarda neşir edilen «Täze öwüsgin», «Garagumuň gülleri», «Sowgat», «Alty aýdym», «Arkadagym», «Şatlyk gözleginde», «Dostluk» ýaly ýaş ýazyjy-şahyrlaryň kollektiwleýin ýygyndylarynda çap edildi. Allaýaryň ilkinji kitaby 1982-nji ýylda «Magaryf» neşirýady tarapyndan okyjylara hödürlenildi. Şahyr bu kitabyny orta hem uly ýaşly çagalar üçin niýetläp ýazypdy. Şondan soň şahyryň «Bereket», «Zeminiň owazy» we başga-da birnäçe poeziýa eserleri özbaşyna kitap bolup okyjylara gowuşdy. Belli žurnalist Allaýar Çüriýewiň türkmen edebiýatynda täzeräk tema bolan repressiw zamany barada, 30-njy, ondan soňky tutha-tutluklar barada köp sanly, dokumental, publisistik makalalar ýazyp, halk arasynda tükeniksiz alkyşa, abraýa eýe bolýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Žurnalistiň soňky on ýylyň dowamynda ýiti galamyndan çykan «Ýüregiň emri bilen», «Ömür kyssasy», «Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi» diýen kitaplary şu günki güne çenli okyjylaryň elinden düşmeýär. Bu taryhy publisistik eserlerde eden etdiligiň, hökmürowanlygyň stalinizmiň höküm süren ýyllarynda işlemeli, döretmeli bolan görnükli döwlet işgärleriň Berdi Kerbabaýew, Oraz Täçnazarow, Hojanepes Çaryýew, Şaly Kekilow, Ata Nyýazow ýaly ýazyjy-şahyrlar we başga-da dürli ýerlerde, dürli kärlerde ak ýürek bilen işläp gelen, hiç bir günäsiz halyna repressiýanyň toruna düşen sada adamlaryň pajygaly, gamly ykballary diýseň tolgundyryjy, kalbyňy lerzana getiriji röwüşde beýan edilýär. Şükür, indi sekizinji ýylyň içidir, Garaşsyz, baky Bitarap ýurtda Saparmyrat Türkmenbaşy Serdarymyzyň bagtly zamanynda ýaşaýarys, zähmet çekýäris. Saparmyrat Türkmenbaşynyň sarsmaz hem egsilmez pähim-paýhasy bilen gazanylan beýik Garaşsyzlygy hem dünýä ýüzüniň 185 döwletiniň ykrar edilmeginde baky Bitaraplyk hukugyna eýe bolunmagyny şahyr Allaýar Çüriýew hem guwançly garşylary. Şahyr: Owal-ahyr arzuw edip ýetenim, Gözüň aýdyň eý, Bitarap Watanym. Ykbalyňy ykbalyma çatanym, Toýuň gutly bolsun mähriban Serdar. ýa-da: Baş pälwanym, baş Serdarym, Saparmyrat Nyýaz ogly Tarypyňy näçe etsem Entek-entek az ýaly. – diýen goşgy setirleri Watan hakda, Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy hakda söz açyp, şahyrana ýüreginden çykýan mährini, söýgüsini çeper beýan edýär. Şahyr Allaýar Çüriýewiň Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşa bagyşlap döreden goşgularynyň geçen ýylda «Serdar sahawaty» diýen at bilen özbaşdak kitap bolup çykandygyny hem gepiň gerdişine görä aýtmagymyz gerek. Hawa, Allaýar bilen şol darajyk otagda 6 oglan bolup ýaşap, okap ýören döwrümiz, göwnümize bolmasa, edil düýn-öňňün ýaly. Eýýäm ondan bäri 30 ýyldan hem kän wagt geçipdir. Allaýar barada näçe ýazsam ýazyp oturmaly. Ýöne herki zadyň öz çägi bar. Men guýmagursak şahyr, ezber žurnalis, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, külli türkmeniň ykrar eden ýazyjysy, dostum Allaýar Çüriýewiň 50 ýaşy bilen mübärekleýärin! Allaýara, onuň çagalaryna berk jan saglygyny, maşgala rowaçlygyny işde hemişe şowlulyk arzuw edýärin. Galamyň ýiti bolsun, dostum! Kakajan TÄÇMYRADOW. Ahal, 16.07.1999. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |