13:34 Ýuriý Oleşa Aşgabatda | |
ÝURIÝ OLEŞA AŞGABATDA
Edebi makalalar
Ýaňy 25 ýaşlaryndaka, ýazyjy Ýuriý Oleşanyň ady bütinsoýuz okyjylarynyň arasynda meşhurlyga eýe bolupdyr. Ýazyjynyň edebiýat meýdanyndaky ýeňil bolmadyk ýoly gaty täsindir. 1927-nji ýylda onuň «Göriplik» atly romany awtora uly meşhurlyk getirýär. 1928-nji ýylda bolsa ýazyjynyň «Üç çişik» atly erteki romany neşir edilýär. Şu ýerde onuň terjimehalyna gysgaça nazar aýlalyň. Ol 1899-njy ýylda Ýelisawetgradda (soň ol Kirowograd şäheri diýlip atlandyrylýar – A.Ç.) doglupdyr. Çagalyk we ýetginjeňlik ýyllary Odessada geçipdir. Şol döwürlerde ýaş şahyryň ýazan goşgulary Odessada neşir edilýän şahyrana almanahlarda çap edilipdir. 1920-nji ýylyň başlarynda ol Moskwa şäherine gelýär. 1922-nji ýylda demirýolçularyň «Gudok» atly gazetinde işläp başlaýar. Şo döwürde ýazyjylar I.Ilf, W.Kataýew, M.Bulgakow hem gazetiň işgärleri eken. Ýaňy aýdyşymyz ýaly 1927-nji ýylda «Göriplik» romanynyň çap bolmagy oňa edebiýat meýdanynda uly şöhrat getirýär. Bu roman barada M.Gorkiý Ýu. Oleşanyň eserini gözügidijilik bilen birdemde okanlygyny ýazypdyr. Giň okyjylar köpçüligi bilen bilelikde edebiýat tankydy hem ýaş ýazyjynyň täze romanyny gowy garşylapdyr. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda Ýu.Oleşanyň has öndümli işlän döwri bolupdyr. Onlarça hekaýalar, birnäçe drama eserler, kinossenariler, publisistik makalalar onuň edebi mirasydyr. Ömrüniň soňky ýyllarynda ýazan «Bir setirsiz gün bolmaly däl» eseri bolsa ussat ýazyjynyň abraýyny has-da göterdi. 1960-njy ýylda 61 ýaşynda Moskwa şäherinde dünýäden ötýär. Ömrüniň bir pursatyny türkmen topragy bilen baglan, şu topraga tagzym eden Ýuriý Karlowiç Oleşanyň ýagty ýadygärligine bagyşlap, şu ýazgymyzda ony ýatlamagy müwessa bildik. Urşuň başlamagy bilen Aşgabada göçürilip getirilen Ýuriý Oleşa myhmansöýer türkmen topragyna öz howandary hökmünde garapdyr. Onuň adamlaryny çuň ýürekden söýüpdir. Eger-de şeýle bolmadyk bolsa, onda ol şu mähirli setirleri galdyrmazdy. «Türkmenistan baý ülke. Ýöne weli käbirleri onuň ondan-oňa süýşüp ýören sary gum depelerini hyýalyna getirip, bu ülkäniň ümmülmez baýlyklaryna göz ýetirip bilmeýärler. Olar hatda şeýle baýlygyň bardygyna birjik-de ynanaslary gelmeýär. Hakykatda weli bu ülke çöllük bilen bir hatarda özüniň üzümdarçylygy bilen, pagtadyr galla, şaly önýän meýdanlary bilen, müň dürli miwe berýän ýap-ýaşyl baglary bilen gülläp oturan ülkedir. Megerem, dünýäde onuň taýy ýokdur. Türkmen topragynda gara buludy ýadyňa salýan agyr dowar sürüleri agyp-dönüp ýör. Bu topragyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasy bar. Onuň baş baýlygy – onuň adamlary!» 1943-nji ýylda Türkmenistan komsomolynyň merkezi komitetiniň başlangyjy bilen söweşýän goşuna onlarça wagon zat ýygnalyp iberilipdi. Elbetde, bu watançylyk başlangyjyna ýurdumyzyň hemme welaýatlarynyň komsomol-ýaşlary-da goşulypdy. Türkmen ýaşlarynyň şeýle başlangyjy rus ýazyjysy Ýuriý Oleşany hem biperwaý goýmandy. Ol ilkinjileriň hatarynda bu başlangyç hakynda guwanç bilen ýazypdy. Ýuriý Oleşa komsomolyň merkezi ştabyna baryp, ýerlerden iberilen sowgatlar hakyndaky telegrammalary ýekän-ýekän gözden geçiripdi. Türkmen ýaşlarynyň adamzadyň başyna inen agyr musalladyň düýp-teýkary bilen ýoguna ýanmak üçin hiç bir zat gaýgyrmaýandyklaryna haýran galyp ýazypdy: «Telegrammalaryň birinjisine göz gezdirseňiz, «Bizden dört goýun» diýip ýazylsa, ikinjisinde giden bir süriniň sowgat iberilýändigini habar berýän jümlä gözüňiz düşer» diýip, Ýuriý Oleşa ýazýar. Ýuriý Oleşanyň ýazgysy arkaly biz bu gün ildeşlerimiziň sowgatlary hakyndaky maglumatlara göz ýetirýäris. Mysal üçin, Mary welaýatynyň komsomol-ýaşlarynyň sowgatlarynyň mukdaryny Ýuriý Oleşa şeýle görkezipdir: 1600 çüýşe çakyr, 103,2 kilogram pomidor kaky, 1600,3 kilogram igde, 200 kilogram gaty çörek, 170,5 kilogram kümüş, 146,4 kilogram temmäki, 13 çüýşe erik mürepbesi, 3741 kilogram gawun kaky, 59,5 kilogram mekgejöwen, 43 kilogram sogan, 5 kilogram gury süýt, 8 kilogram erik bal, 2497 sany ýumurtga. Onuň yzyndan Daşoguz, Aşgabat, Krasnowodsk, Çärjew welaýatlarynyň ýaşlarynyň fronta sowgatlarynyň sanawy gidýär. Sowgatlar dürli-dürli: ýüň jorapdyr ellik, ýorgan-düşekdir, diş poroşok, patefon... sanasaň sogaby bar. 1943-nji ýylyň 31-nji dekabrynda bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň bir topary döwlet sylaglary bilen sylaglanypdyr. Garaja Burunow bilen Berdi Kerbabaýewe sungatda at gazanan işgär diýlip at berilse, dramaturg Ata Gowşudow, Güseýin Muhtarow, Bekge Pürliýew, «Sowet edebiýaty» žurnalynyň jogapkär redaktory Mätik Kösäýew, şahyrlar Nury Annagylyç, Hoja Şükürow, terjimeçi Nadežda Dawydowna Wolpina, ýazyjy Ýuriý Karlowiç Oleşa Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Hormat hatlary bilen sylaglanypdyrlar. Ýuriý Karlowiç Oleşa Aşgabatda ýaşan ýyllary türkmen durmuşyna içgin aralaşypdyr, türkmeniň gadymdan gelýän däplerini öwrenipdir, türkmen toýlaryna gatnaşypdyr, türkmeniň nusgawy edebiýatyna nazar salypdyr. Onuň halk döredijiligini çyn ýürekden öwrenipdir. Ýuriý Oleşa «Kyrk ýalan türkmen» ertekisini höwes bilen rus diline terjime edipdir. 1944-nji ýylda bu erteki rus ýazyjysynyň terjimesinde «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap bolupdyr. Aýratynam ony türkmen nakyllary, atalar sözi, matallar gyzyklandyrypdyr: «Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol», «Ýagşylyk et-de, derýa okla, derýa bilmese, balyk biler, balyk bilmese halyk biler», «Il oňlasa, atyňy soý», «Süýde siňe seretseň, gan görner», «Ýagşy söz ýylany hininden çykarar» ýaly atalar sözüniň many-mazmunyna aýratyn ähmiýet beripdir, olaryň ýokary çeperçilik derejesi babatda başdygyny belläpdir. Haçanda 1943-nji ýylda Aşgabatda edebiýat agşamy geçirilende, Ýuriý Karlowiç bu agşamda türkmen folklorynyň jadylaýjy güýji hakda çykyş etjekdigi barasynda özi haýys edipdir. Ol öz gürrüňini nämeden başlapdyr? – Men türkmen nakyllarynyň haýsy biriniň iň gowusydygyny bilemok. Meniň öňümde olaryň müňlerçesi ýatyr, men bularyň barysynam okadym. Hernäçe gynansam-da, men bu nakyllara alymyň nazary bilen garap bilmejekdigim belli. Ýöne men alym bolmasam bu nakyllaryň durmuşyň dürli taraplary dogrusynda söz açýandygyny gördüm. Ine, maşgala ojagy hakdaky, ine-de daýhan adamyň zähmeti hakdaky, ýa bolmasa, batyrlyk... hakdaky nakyllardyr atalar sözüniň birgideni bar. Elbetde, bularyň ylmy derňewini edip bilmejekdigimi sözümiň başynda-da aýdypdym. Bu meniň wezipäme-de girenok. Men muny şahyr hökmünde özümiň duýgularymy beýan edesim geldi – diýip, gürrüňe başlapdyr. Ýuriý Karlowiç şonda «Ýetim oglany düýäniň üstünde ýylan çakar» diýen nakylyň üstünde ýörite durupdyr. – Bu nakylyň düzümine girýän keşpleriň niçik öwüsginliligini bir görüň-ä! Munuň many-mazmuny hakynda gürrüň etmän, onuň täsirliligi şeýle ajaýyp pähimi döreden halkyň ruhy ahwalaty bilen doly gabat gelýär: ýetim çaga, düýe, ýylan. Bu nakyly başda kimiň döredip, ilki aýdanlygy belli bolmasa-da, näbelli şol adamyň ussatlygyna haýranlar galýarsyň. Düýäniň üstünde oturan çagany çakmak üçin ýerden düýä garşy süýrenip barýan ýylan, muny synlap, gorkusyndan ýaňa düýäniň gerşinden berk ýapyşyp ýatan çaga hiç haçan ýadyňdan çykmaýar. Bu nakylda biz türkmen halkynyň örboýuna galan ruhy ahwalyny görýäris. Ol ýarym-ýalaňaç ejiz adamlary dünýäniň şerinden halas edip, olara howandarlyk edip, özüniň giň gujagyna gysyp duran pälwandyr. Ýuriý Karlowiç şol çykyşynda türkmen ýaşulylarynyň arasynda nakyl bilen, atalar sözi bilen gepleýän adamlaryň hem bardygyny eşidip, gaty geň galandygyny, munuň şeýledigini türkmen dramaturglarynyň döreden eserleriniň hem güwä geçýändigini, sebäbi şeýle eserleriň käbirinde dialoglaryň tutuşlygyna şeýle äheňde gurlandygyna özüniň hem şaýatdygyny aýdypdyr. Türkmen nakyllarynyň we atalar sözüniň şeýle känligine özüniň gaty haýrandygyny aýdyp, Ýuriý Karlowiç munuň zalda oturan ýerli adamlar üçin gaty bir täsin däldigini ýaňzydýar. Çünki bu pähimler olaryň çagalykdan ganyna siňen pähimler. Ýuriý Karlowiç şeýle diýýär: – Eger şu mahal şu zalda oturanlaryň arasynda Prosper Merime oturan bolsady, onda meniň ýaňky habarym ony gaty täsin galdyrsa gerek. Siz Prosper Merimäniň kimligini gowy bilýänsiňiz, ol IX asyryň fransuz ýazyjysy. Merime öz döredijiligini, ylhamyny halk döredijiliginden susup alan adam. Ol günbatar slawýanlaryň halk aýdymlarynyň ýygyndysyny taýýarlan adam. Ýöne şol aýdymlary halky diýip atlandyrsa-da, olary özi döredipdir. Muny ol halk döredijiligine şeýle bir beletlik bilen döredipdir weli, hatda Puşkindir Miskewiç hem olary halk tarapyndan döredilipdir diýip çynlary bilen ynanypdyrlar. Meniň türkmenleriň döreden ummasyz nakyllarydyr atalar sözüniň täsinligi babatda öz haýran galmamy Prosper Merime bilen deň paýlaşjaklygym hem şu sebäplidir. Ölmez-ýitmez Karmen hakdaky eseri döreden Merime üçin halk döredijiligi aýratyn ähmiýetlidir. Ýere urdum paltany, Agzy gyzyl haltany. Ýerden bir oglan çykdy, Uly iliň soltany. Toprakdan dömen bugdaý sümmülini ýeriň astyndan çykyp ýer ýüzüniň hökümdary bolan oglana meňzetmek üçin aňrybaş şahyr bolmalydygyny aýdan Ýuriý Karlowiç «Belki-de, dünýäniň hiç bir halkynda-da çöregi şeýle bir metafora bilen bezeýän meňzetmäni tapyp bolmasa gerek» diýýär. Elbetde, bu pähim-paýhasy halk döredipdi. Bu şahyryň we esgeriň hakyky keşbidi. «Türkmenlere gözellik ähliniň aňrybaş duýgulary mahsusdyr» diýen Ýuriý Karlowiç «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ilinden aýrylan ölinçä aglar» diýen pähimi mysal getirende, gürrüň watan hakynda gidýän wagty şeýle sözüň halkyň şahyrana we batyrgaý kalbyndan çykyp biljekdigini ýazypdyr. «Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar», «Ýylanyň ýigreneni narpyz, olam hininde gögär», «Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere girer» ýaly nakyllary mysal getirip, türkmen ogullarynyň beýleki halklar bilen bir hatarda egin-egne berip söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezýändiklerini buýsanç bilen belläpdir. Odessa kinostudiýasy bilen bile Aşgabada göçürilip getirilen Ýuriý Oleşa soň, 1947-nji ýylda ýazan öz terjimehalynda ömrüniň bu döwri hakynda: «Aşgabatda men hem ýazyjy, hem agitator hökmünde ýaşadym we işledim. Radioda elli gezek çykyş etdim. Türkmen klassyk we häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryndan terjime etdim» diýip ýazýar. Aşgabatda ýaşan ýyllary ol «Gylyç» atly hekaýasyny ýazypdyr. Hekaýa ilkinji gezek «Turkmenskaýa iskra» gazetinde 1944-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda çykan sanynda çap edilipdir. Soň bu hekaýa şol ýylyň 9-10 sanlarynda «Sowet edebiýaty» žurnalynda türkmen dilinde çykypdyr. Heniz ýazyjynyň özi bar wagty, 1956-njy ýylda hekaýanyň ady üýtgedilip, käbir owunjak stilistik üýtgetmeler girizilip, «Türkmen» ady bilen «Saýlanan eserlerinde» Moskwada neşir edilýär. Onuň başga bir «Aýnajyk» atly hekaýasy hem 1945-nji ýylda ilkinji gezek Aşgabatda «Türkmen hekaýalary» atly ýygyndyda neşir edilýär. Rus ýazyjysynyň türkmen durmuşyndan ýazan bu eserleri näme hakda gürrüň berýärdi. «Türkmen» hekaýasynda Gylyç eseriň baş gahrymany. Ol taryh ylymlarynyň kandidaty. Onuň agasy Berdi uruşda gahrymanlarça wepat bolupdyr. Bu ajy habary oňa agasynyň söweşdeş ýoldaşlary Nikiforow bilen Balaşow gynanç bilen habar berýärler. Bu şum habary ejesine nädip eşitdirmeli. Ýüregini bire baglap Aşgabadyň eteginde ýerleşýän obasyna – ejesiniň ýanyna ugraýar. Kolhozyň pagta harmanyny ýangyndan halas etjek bolup elleri we eginleri ýanan ejesiniň oba lukmany Mariýa Petrownanyň öýündedigini bilýär. Başdan-aýak ak mata bilen saralgy mähriban enäniň bolup ýatyşyna Gylyjyň ýüregi gyýym-gyýym bolýar. Mariýa Petrowna Gylyjy mylakatlylyk bilen garşy alýar. Ejesiniň ýagdaýynyň ölüm horply däldigini aýdyp köşeşdirýär. Ýöne, barybir, öz derdiniň agyrlygyna garamazdan, oglunyň gözünden adaty däl bir ajy habar bilen gelendigini aňan enäniň ahwalyny ýazyjy örän ussatlyk bilen suratlandyrypdyr. Ýazyjy türkmen enesiniň, her nähili çekip-çydardan agyr ýagdaýlarda-da özüne erk edip bilýändigini ýazyjy okyja täsirli edip ýetirmegi başarypdyr. Hekaýanyň gysgalygyna garamazdan, hekaýada iki dogan Gylyç bilen Berdiniň gardaşlyk duýgulary, ýa bolmasa, bir säwlik bilen elinden çyrany gaçyryp ýangyna sebäp bolan agzynda bir dişi ýok Öwez ýaşulynyň, türkmen gyzynyň, döşi ordenli ýaşuly kolhoz başlygynyň, şo döwürdäki türkmen obasynyň keşbi uzak wagtlap ýadyňdan çykmaýar. Ýazyjynyň «Aýnajyk» hekaýasy-da özboluşly eser. Munda-da uruş döwrüniň wakalary beýan edilýär. Goja bagşy Meret aga obadan şähere gelýär. Ýolda köçede ýatan bir aýnajyk tapyp, ony alýar. Şäherde tanşynyňkyda ýygnanan adamlaryň arasynda aýdym aýdýar. Bir rus gyzy bolsa onuň aýdymyna maýyl bolup, goja bagşyny diňleýär. Gyz şonda urşa ugradan söwer ýaryny ýatlaýar. Bagşynyň aýdan aýdymlary göýä diýersiň onuň öz söwer ýary hakynda ýaly. Onuň ýadygärlik beren aýnajygynyň ýitendigi ýadyna düşende bolsa gaýgylanýar. Ýiten aýnajygyň bolsa goja bagşydygyndan onuň habary ýok. Meret aganyň aýdym diňläp duran rus gyzyna gözi düşýär. Gyz ejap edip, haýatdan yza çekilip, suwly arygyň başynda oturýar. Şol wagt Meret aga köçeden tapan aýnajygyny oturanlara görkezýär. Şonda öýüň eýesi bagşa garap, aýnajygyň eýesiniň ýaňky rus gyzydygyny aýdýar. Öý eýesi goňşy gyzyň aýnajygyna ýygy-ýygydan seredýänligini biljek bolup soranda, ol: «Ýok, muny men özümi synlamak üçin edemok, munda men öz söwer ýarymyň keşbini görjek bolýan. Haçanda ony fronta ugradamda, ikimizem bu aýnajyga bile seredipdik. Aýnajyga köp seretsem, onuň keşbine gözüm düşýär» diýip aýdypdy. Şonuň üçinem Meret, sen, gyzyň elmydama onuň keşbini göreri ýaly, aýnajygy gyza eltip ber!» diýýär. Gama batan gyz arygyň başynda uklap galýar. Oýansa, dyzynyň üstünde ýatan arzyly aýnasyna gözi düşýär. Aýnany eline alyp seretse, kellesi kaskaly söwer ýar ýylgyryp garaýar. «Gyz muny düýşüdir öýtse-de, bu onuň huşudy» diýip, ýazyjy hekaýany tamamlaýar. Bütin ömrüni Türkmenistan bilen baglan aşgabatly rus ýazyjysy Aleksandr Iwanowiç Aborskiý gürrüňçil adamdy. Özem gaty ýatkeşdi. Köp wagtlap «Aşgabat» almanahynyň baş redaktory hem bolupdy. Gaty kän ýazyjy-şahyrlar bilen tanyşdy. Moskwada, Leningradda... ýaşaýan uly-uly ýazyjy-şahyrlar hem onuň bilen mähirli gatnaşykdady. Asly käriň gazetçi bolansoň, mahal-mahal Aleksandr Iwanowiçe ol ýa-da beýleki bir ýazyjy-şahyr hakda ýatlama ýazyp bermegi haýyş etmeli gezegi az bolmaýardy. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, Aleksandr Iwanowiç boýun towlamazdy, höwes bilen haýyşy ýerine ýetirerdi. Redaksiýada ikiçäk mesaýy edilen söhbetlerem az bolmandy. Bir gürrüňinde ol uruş ýyllary Aşgabada göçürilip getirilen döredijilik adamlary hakda gürrüň gidende ol şeýle ýatlapdy: – Göçürilip getirilen adamlar biçak dürli-dürlüdi. Diýseň ajaýyp, diýseň gyzykly adamlar bardy. Olar bilen tanyşmak, gürleşmek gerekdi. Moskwadan gelen taryhçylar, edebiýaty öwrenijiler, akademikler bardy. Ine, Çapegiň terjimeçisi, filologiýa ylymlarynyň doktory, ynjalyksyz hem mylaýym P.Bogatyrew, edebiýaty öwreniş ylmynda iňňän köp iş bitiren ylymlaryň doktory B.Kozmin ukrain ýazyjylary, medeniýet işgärleri M.Bajan, A.Dowženko, N.Užmiý. Gadymy täjik-pars edebiýatlary boýunça biçak meşhur alym Ýe.E.Bertelsiň Aşgabada gelenine şol günler uzak wagt bolmandy. Emma ony tukatlanara eli deger ýaly edenokdylar. – Ýazyjylarymyz hem alymlarymyz bilen gürrüň geçirmeli Ýewgeniý Eduardowiçden haýyş edäýsek nähili bolarka? – diýip, Kerbabaýew garaşman durkak öz pikirini teklip edýär. – Beýle mümkinçilik hemme wagt tapdyrybam durmaz. Ol häzir şu ýerde. Eli boş. Onsoň haýyş edäýmek gerek. Ýewgeniý Eduardowiç Kerbabaýewiň haýyşyny uly höwes bilen berjaý edýär. Ol Haýýam, Hapyz, Nesimi, Fizuly, Magtymguly hakynda, Hyradyň, Marynyň, Buharanyň orta asyr şahyrlary hakynda birki sagat gürrüň edinmäge-de wagt tapýar. – Şengeliniň bize geleni bäri bir aý boldy. Ol näme bilen meşgullanýar? – diýip, Kerbabaýew soraýar. – Eger razy bolsa, oňa goşgy terjime etmäge ymykly girişmegi tabşyrmak gerek. Düýpli bir iş tapmaly. Aýdaly, «Görogly» eposyny terjime etsin. Belki-de, Magtymgulyny terjime etmäge batyrgaýlyk eder. Men olary sözme-söz terjime etmegi eýýäm tabşyrdym. Şengeli bilen maslahatlaşyp gördüm. Ony şu ýere çagyryň. Onsoňam, moskwalylar, ukrainler, umuman, ýazyjylar soýuzyna ýygy-ýygydan gelip dursunlar. Şundan soňra diýseň işeňňir, diýseň talapkär Georgiý Arkadewiçiň üsti terjimeden doldy. Ol ençeme aýlap «Görogly» eposynyň we dessanlaryň terjimesi bilen meşgul boldy. «Литература и искусство» atly bütinsoýuz gazetiniň (şindiki «Литературная газета», Москва) 1944-nji ýylyň 29-njy iýulyndaky sanynda şeýle gyzykly habar çap edilipdir: «Türkmenistanyň sowet ýazyjylarynyň soýuzynda Ýuriý Oleşa Bazar Amanowyň «Zöhre we Tahyr» pýesasyny öz terjimesinde okady. Pýesa türkmen klassygy Mollanepesiň adybir romanynyň esasynda ýazylypdyr. «Zöhre we Tahyr» soňky alty ýylyň dowamynda respublikanyň oblast teatrlarynyň hem-de Aşgabadyň türkmen ssenalarynda uly üstünlik bilen görkezilýär. Ýuriý Oleşanyň ak goşgy bilen eden terjimesi maslahata gatnaşanlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. «Zöhre we Tahyry» Türkmenistanda ýören Moldawan rus teatrynyň sahnasynda goýmak üçin kabul edildi». Aşgabatda ýaşan ýyllary ol şäherdäki teatrlaryň sahnasynda goýlan täze spektakllaryň birnäçesine syn hem ýazypdyr. Bu synlar «Туркменская искра» gazetiniň sahypalarynda çap edilipdir. A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň spektakllarynyň üçüsine ýazylan synlar Ýuriý Oleşanyň özüne mahsuslyk bilen baha berlipdir. L.Leonowyň «Нашествие», A.Gladkowyň «Bir wagtlar», B.Kerbabaýewiň «Doganlar» atly pýesalary hakda beletlik bilen gürrüň edilipdir. Ýuriý Karlowiç «Doganlara» ýazan synynyň bir ýerinde «B.Kerbabaýewiň «Doganlar» pýesasy iki sany ýaş türkmeniň, gahryman we şahyrana ýürekli halkyň iki wekiliniň edermenligini wasp edip ýazylan belent ýaňlanýan aýdymdyr» diýip ýazýar. Ýu.K.Oleşanyň «Туркменская искра» gazetinde çap edilen ýene bir syny B.Şounyň «Пигмалион» pýesasy esasynda goýlan spektakla bagyşlanandyr. Bu syn ýazyjy ýogalandan soň, 1966-njy ýylda neşir edilen «Pýesalar. Dramaturgiýa we teatr hakdaky makalalar» atly ýygyndysyna hem girizilipdir. Men ýazyjy Arap Gurbanowdanam Ýuriý Oleşa hakynda eşidipdim. Uruş döwri Arap Gurbanow türkmen radiosynda diktor bolup işläpdir. Ýuriý Oleşa-da radioda işleýän ekeni. Ýaş tapawudyna garamazdan, geljekki türkmen ýazyjysyna Ýuriý Karlowiç bilen dostlaşmak, bile duz-emek bolmak miýesser edipdir. Aleksandr Iwanowiç blen soňky duşuşygymyzda gürrüň Ýuriý Oleşa hakynda bolupdy. Şonda A.I.Aborskiý Ýuriý Karlowiç hakynda, ine, şeýleräk gürrüň beripdi: – Bir gezek ir bilen Kerbabaýew meni öz kabinetine çagyrýar. Ýüzüni sallap otyr. Göwünsiz salamlaşýar. Haýallyk bilen gürrüň başlaýar. – Şura, sen Ýuriý Oleşa bilen dostmuň? Hany aýt, ol näme bilen meşgullanýar? – diýip soraýar. Men hiç zada düşünip bilemok, Ýuriý Karlowiç bir hata edäýdimikä? Biriniň göwnüne degäýdimikä? Belki, onuň öz göwnüne degendir? Men Oleşa bilen her gün diýen ýaly duşuşýaryn. Näme üçin ol maňa munuň ýaly zat bar diýip aýtmadyka? Kerbabaýew ony gowy görýärdi. Gelenleriň arasynda hem, ýerli adamlaryň arasynda hem onuň üçin Oleşanyň orny başgady. Oleşadan bäş ýaş uludygyna garamazdan, onuň bilen adatdan daşary hormatly gürleşerdi. Munuň häzir ol hakda şeýlekin sowuk, şeýlekin dartgynly gürrüň edip oturmasy nämedenkä? – Ol bir zatlar ýazýarmy? – Ýazýan bolsa gerek. – Anyk aýtsaň, näme ýazýar? – «Bilbao» diýen antifaşistik pýesa ýazýar. – «Bilbao» Italiýada ýa-da Ispaniýada bir şäheriň adymy? – Ispaniýada bir şäher. – Gaty gowy! Kemi ýok! Onuň başga nähili döredijilik pikiri bar? «Sowet edebiýaty» žurnaly ýa-da Puşkin teatry üçin «Bilbaodan» zerur geregräk bir zatlar berip bilmezmikä? «Туркменская искра» gazeti golaýda onuň Çärjewiň bir kolhozy hakdaky oçerkini çap etdi. Beýleki oçerki bolsa komsomol eşalony hakyndady. Ol öň çap edilipdi. Siz onuň golýazmasyny okap görüpdiňiz. Öwüpdiňizem. – Birwagtky zat, birwagtky! – diýip, ol dişiniň arasyndan syzdyryp aýdýar. – Ondan bäri roman ýazara wagt geçdi... Ýöne soňra gürrüňini parahat dowam edýär. – Ýuriý Karlowiç biçak akylly adam. Hemme kişiden gowy ýazýar. Ýaşaýşy, bolşy welin... Diliňem baranok. Ol aýaly bilen myhmanhananyň ýigriminji otagynda bolýar öýdýän? Men düýn onuň nähili ýaşaýandygyny göreýin diýip, ýanyna girip çykdym. Görsem, ne çöregi, ne çaýy, ne temmäkisi bar. Jaýyň içem buz ýaly. Bilýäňmi, biz borçly ahyry... Biz şeýle adamlaryň aladasyny etmeli. Men oňa düýn hiç zat aýtmadym. Häzir bolsa pikirini edip otyryn. Gepiň gysgasy, meniň onuň bilen maslagatlaşasym gelýär. Bir stakan çakyrjyk içeris, gümür-ýamyr ederis. Şu gün meniň öýüme geläýse gowy bormyka diýýärin. Olaryň telefony-ha ýok. Iň gowusy, Şura sen, ýaltanma-da, myhmanhana baryp geläý. Şu gün gaty işli bolmasa, Ýuriý Karlowiç aýaly bile agşamara sagat ýedilere biziň öýümize gelsin. Onuň gaty akylly, asylly aýaly bar. Onuň ady nämedir-ä, Olga Awgustownamyka?..Gustawowna? Düýn tejenli garyndaşlarymyz maňa ogşujak getirdiler. Biz şu gün ir bilen ony soýduk. Ýöne sen ogşuk hakda diliňi ýaraýmagyn... Olaryň myhmanlanyşy barada bolsa men ertesi Ýuriý Karlowiçiň aýaly Olga Gustawownadan eşitdim. – Ol tüýs general! Şuny hem bilip goýuň. Ol syrly adam! – Ýuriý Karlowiç meni öz jaýynyň bosagasynda şeýle sözler bilen garşy aldy. Salamlaşmadam, oturmaga-da maý bermedi. – Ol hiç zat gürlänok. Ýylgyryp, diňläp otyr. Edil budda ýaly sarsman otyr. Ýöne seniň beýniňe welin gürländen müň esse köp zady guýýar. Soýlan ogşugy bir görsediň! – diýip, Ýuriý Oleşa sözüne biraz dyngy berenden soňra, joşgun bilen dowam edýär. – Sen bir görsediň, ogşuk eti depe ýaly bolup ýatyr. – Ýuriý Karlowiç, depe bolup ýatan ogşuk etiniň saýasynda nepis söz sungatynam unudan dälsiňiz-dä, hernä? – diýip, men ondan soradym. – Hawa, bar gürrüňimiz asyl şo hakda boldy. Laýyk bir ýyllyk iş tapyldy. Ol öz edebi işi hakda sähelçejigem ýaňzytmady. Ol öz eserlerini terjime etmegi teklip edenok. Hamana, onuň özi ýazyjy hem däl ýaly, ne eseriniň sýužetini gürrüň edip berýär, ne sözme-söz terjimesini hödürleýär. Ol ýöne ýadaw ýolagçyny myhman alýan öý eýesi ýaly bolup otyr. Kerbabaýew Kerbabaýewligine galar. Oleşa-da Oleşalygyna. Olar dürli-dürli adamlardy. Bütinleý başgaça adamlardy – diýip, söhbetdeşim Aleksandr Iwanowiç sözüni tamamlapdy. Bizem olar hakdaky söhbetimizi tamamlap, öz duýgularymyza gol berdik-de, türkmen edebiýaty ýaşap ýörkä, bu mähriban adamlaryň rowaýata öwrülen atlarynyňam ýaşajakdygyna berk ynandyk. «Edebiýat we sungat», 9.03.2012 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |