20:04 Zamana ahyr bolarmyka? -1 | |
Zamana ahyr bolarmyka?
Jemgyýetçilik tankydy
Onuň haçanam bolsa bir wagt hökmany suratda boljakdygy barada mukaddes dini kitaplarda açykdan-açyk aýdylypdyr. Ony pygamberler hem aýdyp geçipdirler. Ýöne, haçan boljakdygyny welin şol günüň belli mütdetini owalebetde bellän Biribaryň özünden başga bilýän ýok. Ýöne, ine şol günüň hut 2013-nji ýylda gopjakdygy barada bütin dünýäniň, şol sanda Orsyýetiň telekanallary hem alaga-da bir ýyl öňünden howsalaly gepleşikler berip başladylar. Ýanyp duran gözlerinden uçgun syçradyşyp, howlukmaç ädimler bilen telekameralaryň öňünden iki-baka dazanaklaşyp geçýän žurnalistler şonda gadymy maýýalaryň senenamalarynyň hut şol möwrütde, ýagny, 2013-nji ýylda tamamlanýandygy, şonuň bilen bilelikde ýer ýüzündäki ýaşaýyşyň hem tamam boljakdygy hakda hamala diýersiň söýünji habarlary bar ýaly agyzlaryny suwardyşyp gürrüň berýärdiler. Nostradamus, Wanga ýaly öňden görüji adamlaryň şol hadysa dogrusynda aýdyp gidenlerinden tymsallar getirýärdiler. Şeýle-de Amerikanyň şol döwre gabat gelýän kyrk üçünji Prezidentiniň höküm sürjek döwründe zemin üzre ençeme syýasy we tebigy hadysalaryň bolup geçjekdigi baradaky aýdylan gürrüňleri hem häli-şindi eşitmek bolýardy. Külli adamzadyň ertirki güni, jümle-jahanyň ykbaly bilen bagly, şon deý derwaýys maglumatlary tutuş bir ýyl öňünden aýdyp ýörendiklerine buýsanmakdan ýaňa öýkenlerini gabardyşyp ýören žurnalistlere käte kosmologiýa boýunça dünýä meşhur alymlar hem goşulýardylar. Belli bir zat aýdyp bilmeselerem, şonuň hut şeýledigine her hili deliller getirýärdiler. Olaryň arasynda beýle zadyň bolup bilmejekdigi, howsala düşüp ýörmekligiň gerek däldigi barada köşeşdiriji sözler aýdýanlar hem bardy. Kinoçylar bolsa eýýäm ahyrzamananyň gopup, adamzadyň ýer ýüzünden ýok bolup gideninden bir gün, on gün, ýigrimi bäş, elli, ýüz ýyl, hatda üç ýüz ýyl soň ýer ýüzünde nähili üýtgeşmeleriň bolup geçjekdigi, tebigatyň käbir haýwanlarynyň özlerini nähili alyp barjakdyklary, eýesiz galan, ýöne entegem işläp duran senagat, inženerçilik suw we elektrik desgalarynyň nä hala düşjekdikleri, haýsynyň näçe wagtdan soň çagşap, posdan ýaňa igläp, ýok bolup gitjekdigi barada dokumental, ylmy-populýar, publisistik filmler döredýärdiler, telewideniýe arkaly halk köpçüligine görkezýärdiler. Adamlar welin, gorkýardylar. Barybir ertir ýok bolup gitjek bolsalar, şol zatlaryň şol güne düşenlerini gözleri bilen görmejek bolsalar, şol filmleri özlerine görkezmekligiň nämä gerekdigine düşünmeýärdiler. Şeýle-de, üstünde ýekeje adamam galmadyk zemin üzre möjek, sugun, it ýaly birnäçe öý we çöl haýwanlarynyň goý, kyn şertlerde bolsun, nädip ýaşap ýörendiklerine asla ahyrzamanadan nädip sypandyklaryna geň galýardylar. Penjirelerini çalaja açyp, millionlarça, milliardlarça, belki ondanam köp ýyllar bäri bir durkuny saklap gelen, ine, indem sähelçe wagtdan ýok bolup gitjek ýagty ýalançynyň ýaşyl şemalyny içlerine nebsewürlik bilen sorýardylar, gündizine gök asmany, asmanyň ýüzündäki gaýmalaşyp ýören akja bulutlary, ýer ýüzüne şugla saçyp duran Tylla tasy, gijelerine bolsa balkyldaşýan ýyldyzlary, ýaşmakly ýaş gelin deý sülmüräp oturşyna özlerine tarap gyýalap garaýan Aýyň gözel keşbini gözügidijilik bilen synlaýardylar. Emma, ine, žurnalistler tarapyndan aýdylan möhlet gelenden soňam, geçip gidenden soňam ne ýerde, ne asmanda hiç hili üýtgeşiklik bolmady. Bar zat öňküligine galdy. Kyýamat gopmady. Asman inmedi. Ýer çöwrülmedi. Durmuş edil öňküsi ýaly dowam edip gidip otyr. Gün-gündogardan dogýar, günbatardan ýaşýar. Ýyldyzlar lowurdaşyp, Aý nuruny üstümize bolluk bilen saçyp dur. Ýöne, geň ýeri edil kyýamat gopmasa-da, žurnalistleriň diýen wagty, ýagny, 2013-nji ýylda ýer ýüzüniň aglaba böleklerinde kyýamatyň hut özüni ýada salýan her dürli heläkçilikli hadysalar bolub-a geçdi. Käbirleri bolsa ondanam has irräk ýüz berdi. 2005-nji ýylda, Täze Orleanda bolan suw joşguny müňlerçe adamy heläkçilige sezewar etdi, öý-öwzarlaryndan, maşgalalaryndan aýyrdy. Amerika ýaly güýçli döwleti aljyratdy. Şeýle ýagdaý şol ýyl Ýewropa döwletlerinde-de, şol sanda Orsyýetde hem bolup geçdi. Žurnalistleri oda salan, 2013-nji ýylyň başlanmagy bilen bolsa tebigatyň gazaby hasam güýjerledi. Orsyýetiň Kurgansk, Swerdlowsk, Ýekatirinburg, Týumen ýaly ýerlerinde şeýle hem Gazagystanyň käbir sebitlerinde edil Injil, Kuran ýaly mukaddes kitaplardaky, adamlaryň azandyklary sebäpli asmandan Allatarapyn iberilýän heläkçilikli hadysalary ýatladyp duran içi meteoritli ýagyş ýagdy, şonuň öň ýany bolsa Sibiriň bir ýerlerinde meteorit gaçdy. 2013-nji ýylyň tomsunda suw joşguny agyr apat bolup Orsyýediň, hususanda onuň Sibir sebitleriniň üstünden suw belasy indi. Amur oblastynda, Blagoweşenskide, Habarowsk ülkesinde, Beribijan ýewreý awtonom oblastynda ýüz beren suw joşgunlary şol ýerleriň ýaşaýjylaryny görlüp-eşidilmedik derejedäki kynçylyklara sezewar etdi. Jaýlaryny tä üçeklerine çenli suw basdy. Tutuş sebit gark aldy. Şol betbagtçylygyň bir ujy baryp Hytaýa ýetdi. Resmi suratda berlen maglumatlara görä, şol ýerlerdäki bolup geçen suw joşgunlary zerarly iki ýarym million adam dürli görnüşlerdäki kynçylyklara uçrapdyr. 24-nji awgusta dilini ýalmandyryp gelýän ot belasy dünýäniň başga bir döwletiniň – Portugaliýanyň başyndan indi. Tutuş ýurt ot içinde galdy. Wenesiýada suw joşdy. Şeýle hem şol senede Genuýada ilkinji gezek gar ýagdy. Ýer ýüzi boýunça kä onda, kä munda ýüz beren şolar ýaly howply-hatarly belaýygerdanlar 2013-nji ýylyň güýzünde hasam möwç aldy. 20-nji oktýabrda güýçli ýagyş ýagyp, Don boýundaky Rostowy sil suwuna gark etdi. 28-nji oktýabrda Günbatar ýewropada dörän güýçli harasat Angliýanyň, Gollandiýanyň üsti bilen Demirgazyk Ýewropa – Daniýa, Belgiýa, Şwesiýa, Fransiýa ýetdi we baryp maňlaýyny Baltika ýakasy ýurtlaryna, Peterburga diredi. Şol hadysany telewideniýe boýunça dünýä ýaýradan žurnalistler ony “Mukaddes Iudeý” diýip, atlandyrdylar. 2013-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Kamçatkadaky elli-altmyş ýyl bäri hiç-hili hereketsiz ýatan ençeme wulkanlaryň birnäçesi birden oýandy. 2013-nji ýylyň 8-nji noýabr güni, Filippin adalarynda iki asyra golaý wagt bäri görlüp eşidilmedik güýçli, sekuntda 300 m tizlik bilen hereket edýän harasat – taýfun turdy. Ony “Haýýan” diýip atlandyrdylar. O on müňdenem gowrak adamyň başyna ýetdi, millionlarça adam dürli görnüşdäki heläkçilikler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ony: “Hut ahyrzamananyň özi” diýip atlandyrdylar. 2013-nji ýylyň noýabr aýynyň başlaryna, hemişe şol döwür gyşy garşylaýan Orsyýetiň günortasynda 11-den 17 gradusa çenli maýyl boldy, baglar miweledi, güller açyldy, baýyrlar ýaşyl maýsalara beslendi. Şol ýylyň 9-njy noýabrynda bolsa Krasnoýarsk ülkesinde ýerleşýän Norilskide Taýmyr ýeli adamlary uly aljyraňňylyga saldy. 18-19-njy noýabrda, Hytaýda henize çenli görlüp-eşidilmedik güýçli gar ýagdy. 19-njy noýabrda, Italiýada ýüz beren suw joşguny ýurduň ilatyny ummasyz heläkçiliklere sezewar etdi. 9-njy dekabrda Finlandiýanyň çäginde güýçli harasat gopdy. 10-njy dekabrda bolsa, Gürjüstan ýurdunda henize çenli görlüp-eşidilmedik syrgynly gar ýagdy, ýer doňdy, ýollar sürçek boldy, howa şatlady, halk, hususanda daglyk ýerleriň ýaşaýjylary kynçylyk çekdi. Heläkçilikler ýeke bir ýokarda agzalanlar bilen çäklenmedi. Dünýäniň dürli ýurtlarynda şondan soňam ýagny, 2014-nji ýyla geçilendensoňam, mahal-mahal, onda-munda dowam etdi durdy. Mysal üçin, 214-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda, ABŞ-da agyr gar ýagdy we uçursyz aýaz boldy. Garyň galyňlygy 5 metre, aýaz 50 gradusa baryp ýetdi. Müňlerçe awiauçarlar togtadyldy. Germaniýada bolsa şol döwür agaçlar pyntyklady. Lissabonda, Portugaliýada, Beýik Britaniýada güýçli harasat gopdy. Orsyýetiň Amur oblastynda, Ýakudystanda aýaz 50 gradusa ýetdi. 2014-nji ýylyň fewral aýynyň başlarynda, hemişe tutuş gyşy maýylganlykda geçýän Türkmenistanda güýçli aýaz boldy. Onuň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguzda aýaz gijelerine 27 gradusa çenli baryp ýetdi. 2014-nji ýylyň 12-nji fewralynda Beýik Britaniýada suw joşguny döredi. Mart aýynyň 28-i güni bolsa Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 32 gradus yssy bolup, şol günüň ertesi agşam tempuratura nol gradusa çenli aşak düşdi, gar gyrpaklatdy. Bolup geçen heläkçilikli, adaty bolmadyk hadysalaryň bu entegem hemmesi däl. Ýöne, hemmesini sanap oturmaklygyň derwaýyslygam ýok bolsa gerek. Şol hadysalaryň hemmesiniň diýen ýaly fiziki hem himiki häsiýetlerini, ýüze çykmaklarynyň sebäplerini, tebigy aýratynlyklaryny dünýä alymlary ylmy taýdan, hertaraplaýyn öwrendiler, özleriçe baha berdiler, halk köpçüliginiň öňünde çykyşlar etdiler, ol zatlaryň ahyrzaman bilen hiç hili arabaglanyşygynyň ýokdugyny düşündirdiler. Adamzada ýene-de şolar ýaly köp-köp hadysalaryň garaşýandygyny aýtdylar. Elbetde, olaryň aýdanlary bilen ylalaşmazlyga hakymyz ýok, esassyz zatlaryň aýdylmandygyna-da ynanýarys. Ýöne, ylym bilen dini taglymatlaryň, tehnika blen ruhy güýjüň, akyl-paýhasyň aýakdaş gitmelidiklerine görä, 2013-ni ýylda ýüz beren şol hadysalary ýeke bir ylmy-tehniki tarapdan däl-de, eýsem gadymy, mukaddes dini kitaplarda berilýän maglumatlar, pygamberleriň aýdanlary bilen deňeşdirmek arkaly öwrenmek has netijeli bolardy. 1867-1960-njy ýyllarda Türkiýede ýaşap geçen Seýit Nurly bu dogrusynda şeýle diýýär: “Wyždanyň yşygy dini ylymlardadyr, aklyň nury bolsa takyk ylymlardadyr. Şol ikisiniň birleşmesinden hakykat ýüze çykýar. Olar biri-birinden aýrylan wagty birinjisinden öz bilýän zadyndan başgasyny unamazlyk, ikinjisinden bolsa hile we şühbe dörär”. Diýmek ylmy babatdaky hakyky ösüşlere, tebigy hadysalara, hatda syýasy üýtgeşmelere hem diňe şol ikisini bilelikde öwrenmek arkaly göz ýetirip bolar. Munuň hakykatdan-da şeýledigini tassyklaýan alymlar bu gün ýer ýüzünde bir ýa iki däl. Şu nukdaý nazardan seretseň, 2013-nji ýyldaky bolup geçen heläkçilikler žurnalistleriň bir ýyl öň ýanjap geçen ahyrzamanalary bilen dälde, Kurany Kerim, Injil, Töwrat ýaly mukaddes dini kitaplarda beýan edilen Nuhuň tupany we her gezek adamlaryň aglabasynyň azyp, Hudaýy unudan mahallary, olary ýok etmek üçin asmandan Allatarapyn inderilýän arassalaýyş çäreleriniň nobatdakysy bolaýmasyn diýen ýaly pikirler hem kelläňe gelmän duranok. Dogrudanam gadymy maýýalar, Nostradamus, Wanga dagy hem ahyrzamanany däl-de 2013-nji ýylda boljak nobatdaky arassalaýyş çärelerini göz öňünde tutan bolaýmasynlar? Gadymy döwürlerdäki ençeme gezek bolup geçen heläkçilikli hadysalaryň aralyk möwrütlerini hasaplap bilmekligi başaran bolaýmasynlar? Ol duýduryşdan bu duýduryşa çenli adamzadyň azyp ýa azman gezibilýän möhletlerini öz tebigy üşükleri bilen kesgitlemekligiň hötdesinden gelibilen bolaýmasynlar? Ýa bolmasa-da özlerinden öňki zamanlarda bolup geçen heläkçilikler baradaky ylmy hem ruhy maglumatlary özünde jemleýän haýsydyr bir kitap, runiki ýazgy ýa başga bir alamatlar maglumatlar bilen tanyş bolan bolaýmasynlar? Iň bolmanda edrenç wakalary öz tolkunlarynda ömürlik saklaýan ýöne syryny öňýetene açyp ýörmeýän atmosfera gatlaklaryndaky energetiki maglumatlary güýçli tehniki ýa ägirt uly ruhy güýç bilen okamaklygy başaran bolaýmasynlar? Bu soraglary seljermek üçin mukaddes dini kitaplarda beýan edilen, adamzat taryhynda birnäçe gezek bolup geçen heläkçilikli hadysalara ýagny, arassalaýyş çärelerine ýekän-ýekän garap geçmegimiz, hersiniň sebäplerini öwrenmegimiz, 2013-nji ýylyň hadysalary bilen nägadar badaşýandyklaryny seljermegimiz gerek. Onuň üçin bolsa biz gürrüňimizi arassalaýyş hadysalaryndanam has aňyrrakdan-owalebetden, has takygy bu Pany dünýäniň berkarar bolşundan başlamagymyz gerek. Juma HUDAÝGULY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |