20:15 Zamana ahyr bolarmyka? -4 (makalanyñ dowamy) | |
Her gezekki arassalaýyşdan soň adamlaryň aman galanlary özlerine gelişleri ýaly, ur-tut öz jaýlaryny bejermeklige; tazygan mallaryny meýdandan ýygnamaklyga; maddy ýagdaýlaryny gowulandyrmaklyga girişipdirler, emma bar zady ruhuňy arassalamakdan başlamalydygy baradaky pikir welin hiç kimiň kellesine-de gelmändir.
Jemgyýetçilik tankydy
“Eýsemde bolsa her gezek adamlaryň azandyklaryny aňyp, ýere lagnat ýagdyryp durary ýaly asmanda oturan ýerinde Hudaý şol zatlary nädip görýärkä? Nädip bilýärkä? Asman bilen zemini näme baglanyşdyrýarka? Aslynda Hudaý kim? Näme? Ol dogrudanam barmy? Ýokmy? Bar bolsa näme üçin göze görünmeýär?” diýen ýaly soraglary häli-şindi eşitmek bolýar. Muňa bir agyz: “Howwa, Hudaý bar. Özem görüp bilene görünýär, görüp bilmedige görünmeýär” diýip, bir agyzda jogap bermek bolar. Çünki, Ol ýeke bir ýerde bolup geçýän wakalary däl, hatda adamlaryň ruhy dünýälerinde bolup geçýän içki öwrülişiklere çenli bilýär. Sebäbi, Ol – Hudaý. Ýagny, hemme zat. Älem-jahandaky barlyklaryň barysy şol – Ol ýeke bir ýeriň üstündäki däl, älem içre bolup geçýän öwrülişikleriň, özgerişlikleriň ählisinden habarly Asla şol özgerişlikleri döredip ýörenem, älemi giňeldip, şol giňişliklerde henizem täze-täze dünýäleri döredip ýörenem şonuň özi. Ol işeňňir. Ýadamany, ýaltanMany bilmeýär. Ol durşy bilen yşk, hyjuw. Söýgi. Sebäbi Ol – Hudaý. Şonuň üçinem Ol jümle-jahan içre bolup geçýän barça zatlardan habarly. Barça zatlaryň eýesi. Hudaý bilen tebigatyň bir ten, bir jandygyny gündogar edebiýatynyň nusgawy alymlary, şähyrlary pelsepeçileri hem aýdyp geçipdirler we dini taglymata takyk ylymlardan aýry garaýan dindarlar tarapyndan güýçli garşylyklara sezewar edilipdirler. Dünýäni diňe dini we takyk ylymlara aýak dreýän güýçli paýhas arkaly üýtgedip boljakdygyny VIII asyrda ýüze çykan, ysmaýylçylyk mezhebine degişli sopuçylyk akymyny dowam etdirijiler hem öz ylmy işlerinde we goşgularynda beýan edipdirler. Panteist şahyr Mansur Nallaç: “Hudaý bilen tebigat biri-birini dowam edýän bütewi, aýrylmaz bir zatdyr” diýen pikiri üçin, 922-nji ýylda, Bagdatda dindarlar tarapyndan dara çekilipdir we kellesi kesilipdir. Olaryň ylmy ýörelgelerini 1370-1417-nji ýyllarda Bagdatda ýaşap geçen meşhur şahyr Seýit Ymadetdin Nesimi hem öz şygyrlary arkaly dowam etdirilipdir. Ol: Meniň ýüzümi görmek üçin hakykaty görýän bir göz gerek, Diňe özüni görýän göz Hudaýyň ýüzüni nädip görsün? – diýen setirleri öz içine alýan goşgusy üçin, dabanyndan soýlup öldürilipdir. Rowaýat etmeklerine görä, gadymy ýunan pelsepeçisi Eristunyň (Aristoteliň) baryp-ha miladydan öňki 835-nji ýylda esaslandyran we müň ýyldanam gowrak wagt dowam eden pelsepeýi mekdebini dowam etdirijiler, ýagny peripatetikler (gezmeläp ýören ýerlerinde bilim alýanlar) hem: “Maddy dünýäni diňe paýhasyň kömegi bilen üýtgedip bolar” diýen düşünjä uýýan ekenler. XIV asyrda Rumda ýaşap geçen, musulman äleminiň ägirdi, möwlana Jellaleddin Rumy hem öz goşgularynyň birinde: “Hudaýy gözleme, ol sen, sen, sen...” diýip tekrarlapdyr. Dini taglymatlary takyk ylymlar bilen utgaşdyrmak isländikleri üçin Ýewropaly alymlar Jordano Bruno, Nikolaý Kopernik, Galileo Galileý ýaly alymlaryň dindarlar tarapyndan nähili ýowuz jezalara sezewar edilendikleri hem düýn-öňňüne çenli bu iki ägirt ylmyň sazlaşykly alnyp barylMandygyna, gaýtam biri-birine barlyşyksyz garandyklaryna şaýatlyk edýär. Kommunistler tarapyndan berkarar edilen Sowet sistemasy bolsa olaryň tersine Hudaýy, ruhy terbiýäni, ylahy düşünjeleri ret etdi. Has takygy gadagan etdi. Adamzadyň dogup-döräli bäri iýmitlenip gelýän ruhy çeşmesiniň gözbaşyny köretdi. Aýagyny boşa dogra diredi. Adamlaryň aňyny oýnady. Manupirledi. Hut şonuň üçinem uzak ýaşamady, bary-ýogy ýetmiş ýyldan soň dargap, ýok bolup gitdi. Her niçik hem bolsa, dini taglymatyň gözbaşynda duran, ähli zady ýaradyjy Hudaýyň, dini taglymatyň takyk ylymlar bilen baglanyşyklydygyny onuň tebigat bilen bütewi, bir bedendigini häzirkizaman dünýä alymlarynyň hemmesi bolmasa-da, aglabasy ykrar etdi. Ýagny: Asmandaky altyn tagtynyň üstünde aýagyny sallap, jümle-jahan bilen telefonlaşyp, perman yzyna perman ýazyp, möhür basyp oturan bolmasa-da, Ol tutuş tebigatda, durmuşdaky ähli janly-jandarlarda, adamlarda, ösümliklerde bar. Asla şolaryň hemmesi birigip şol Şolaryň ählisi bilen, tutuş jümle-jahan Aý, Gün, ýyldyzlar, iň bir uzaklarda ýerleşýän galaktikalar bilen hem Ol bir ten, bir jan, bir göwre. Has takygy Hudaý şol zatlaryň hemmesini özünde jemleýän bir beden bolup, galan zatlaryň hersi Şonuň agzalarydyr, ülüşleridir. Jümle jahanyň bir bedendigi babatda şeýle bir tymsal bar, ýagny: “Ýeriň üstünde gyrmyldap ýören bir bürejigiň aşgazany agyrsa, şonuň yzasyny iň bir daş galaktikalardaky jandarlar hem duýýarlar. Çünki, olaryň hemmesini özünde jemläp duran ullakan güýç bar. Şol güýç, şol energiýa hem – Hudaý. Ony her halk, her din özüçe atlandyrýar: Allah – arapça, Hudaý – parsça, Cod – iňlisçe, Bod – rusça, Ýehowa – jöhütçe, Taňry – gadymy türki halklarynyň (Gök taňryçylyk) dilinde we ş.m. Ol älem giňişliginiň islendik künjegindäki bolup geçen, bolup duran we boljak zatlary dürbüsi bolmasa-da görýär, aýdylan, aýdylýan we aýdyljak sözleri, sesleri telefony bolmasa-da eşidýär. Permanam berýär, golam çekýär, möhürem basýar. Onda-da her kimiň, her bir zadyň ed-dil ýazzy maňlaýyna basýar. Onuň mümkinçilikleriniň çägi ýok. Ol hökmürowan. Jümle-jahanyň eýesi. Bar baýlyk şonuňky. Çünki, Ol Ýaradyjy. Hudaý! Ol göze görünmezden özüniň bardygyny bildirýär. Ähli zatlardadygyny duýdurýär. Ony diňe şeýtanyň alyna gidenler görüp we duýup bilmeýärler. Göze görünmeýän güýjüň, hatda göze görünmeýän dünýäniň hem bardygy Injilde aýdylýar. “Başda Hudaý göze görünmeýän dünýäni – perişdeler dünýäsini ýaratdy” diýilýär. Perişdeler Hudaý bilen adamlaryň arasynda aragatnaşykçynyň, roluny oýnaýarlar. Ýöne, Lut pygamber bilen bagly tymsaldan görnüşi ýaly, gerek bolan wagty Hudaýyň olary adam sypatyna salyp ýere ýollan gezeklerem bolupdyr. Bu hem asman bilen zeminiň, tebigat bilen adamlaryň göze görünýän we görünmeýän dünýäleriň bir bitewidikleriniň alamatydyr. Göze görünmeýän dünýä we perişdeler bilen bagly düşünje yslam taglymatynda hem bar. Ýagny, her adamyň her çigninde bir perişde oturarmyşyn we olaryň biri onuň edýän günälerini, beýlekisi bolsa gazanýan sogaplaryny ýazýarmyşyn, soň olar şol maglumatlary Hudaýa eltip berýärlermişin. Hut şol maglumatlar arkaly Hudaý kyýamat güni adamlara baha kesjekmişin. Bu bolsa adamzady ruhy taýdan päk, arassa hem ahlakly terbiýelemegiň iň güýçli görnüşleriniň biridir. Göze görünmeýän güýjüň hakykatdan-da bardygyny iki taglymaty hem degşirip öwrenýän alymlar şeýleräk düşündirýärler: “Tok biziň gözümize görnenok, emma ol bütin dünýäni herekete getirip dur. Telewideniýäni, radiony, el telefonyny, interneti hem şoňa mysal edip görkezse bolar. Olarda görkezilýän zatlar, gepleşikler hiç bir simsiz, howa arkaly, reňki bilen bilelikde törümizde görüp dur. Adamzat entek göze görünmeýän dünýäniň başga-da köp-köp syrlaryny açar diýlip garaşylýar. Hiç hili göze görnüp duran arabaglanyşygy bolmdyk şol zatlar ýer ýüzüni, käte bolsa kosmikiorbital stansiýalar, korabllar arkaly başga planetalary, uzak galaktikalary hem ses we şekil görnüşdäki dürli maglumatlar bilen üpjün edip dur. Söýgem göze görünmeýär, ýöne adamzat onsuz ýaşap bilmeýär. Onsuz çyraglar ýanmaýar. Ol guşlary agladýar, gurtlary eňredýär. Daglary titresýär. Ýöne, onuň nämedigini welin Biribaryň özünden başga bilýän ýok. Ine şol göze görünmeýän, ýöne pelegi gökde gerdana salyp, ýerde halklary her köýe salyp ýören ägirt uly güýç, söýgi hem Hudaýdyr. Perişdeleriň ynsan bilen Hudaýyň arasyndaky aragatnaşykçy, maglumat ýetiriji diýlip bilinmeginiň aňyrsynda-da kosmos bilen adamlary baglanyşdyryp duran äpet bir energetiki güýjüň bardygy hakyndaky hakykat ýatyr. Ýöne, älem içre bar zady berkarar edenem bolsa, Hudaý köp zady oýlap, gözläp tapmaklygy, döretmekligi adamzadyň özüne goýupdyr. Özi Ýaradyjy bolsa, oňa döredijilik ukybyny beripdir. Çünki, Ol owalebeetde ynsany özüne kybapdaş ýaradypdyr. Ine, hut şonuň üçinem, adamzat hemişe Hudaýyň derejesine ymtylmalydyr, şeýtanyň derejesine çenli pese düşmeli däldir. Adamzat umuman, şeýle hem etdi. Allanyň buýrugyna eýerip ol köp zatlary döretdi. Köp zatlary oýlap tapdy. Arşa aralaşdy. Zeminiň göwsünden gara hem mawy altyn çogdurdy. Akylly-başly hereket edip gidiberse, ol entegem özüne bu güne çenli mälim boomadyk köp-köp zatlaryň üstüni açar. Hatda, göze görünmeýän dünýäniň efir tolkunlaryny tapyp, onuň bilen aragatnaşyga giraýmegem, garyndaşlyk açaýmagam ahmal. Hudaý asylam öz bendeleriniň bu günki ýaly ölüm getiriji kyýamaty golaýladygyjy, dünýäni weýran ediji, hatda göze görünmeýän dünýäniňem gözüni ajy tüssä gapdyryjy ýaraglary, därileri, zäher-zakgunlary ýasamaklaryny däl-de, dünýäniň şol bir arassalygyny gorap saklaýjy enjamlary oýlap tapmaklaryny, şeýtana tarap däl-de, mukaddes zatlaryň mukaddesligini, owalebetde öz beren ruhy hem beden päkliklerini kyýamat güni şol bir terligi bilen özüne gowşurmaklaryny isläpdi. Hut şonuň üçinem Ol adam ata bilen How enäni uçmahdan kowanda: “Ruhy hem beden taýdan başky päklik derejäňize ýeten, şeýtandan öz güýjüňiz bilen üstün çykan günüňiz men sizi yzyňyza kabul ederin” diýipdi. *** Howwa, Hudaý bardyr, özem birdir, jümle-jahan içre Onuň özünden gaýry bir güýç ýokdur. Aňyrsyna akyl ýetmejek ägirt uly giňişligi we onuň ýüzündäki gaýmalaşyp ýören jisimleriň, janly-jandarlaryň ählisini bütewilikde saklap, bir göwre kimin aýlap ýören ummasyz we tükeniksiz energiýadyr. Bize käte bir katrasy nesip edýän Beýik söýgüniň çeşmesi hem şoldur. Çünki, ol durşy bilen yşk. Hyjuw. Höwes. Şonuň hut özüne bolan söýgüden gaýry yşk hakyky yşk däldir. Hiç kime, hiç zada hatda ogul-gyzyňa bolan söýgi hem Oňa bolan söýgüden öňe geçmeli däldir. Egerde, şeýle bolaýan ýagdaýynda, ol söýgi hökman pajygaly ýagdaýda tamamlanýandyr. Diňe Hudaýa bolan söýgi myradyna ýetýändir. Ol başda dünýäni hem yşk era ýaratdy. Özüniň şol işini Ol henizem dowam etdirip gidip otyr. Bu barada Kurany Kerimde Onuň özi hem habar berýär. Uç-gyraksyz asman giňişlikliginiň iň bir alysdaky künjeklerinde täze-täze dünýäleriň birsyhly döräp gidip oturandygyny bu günki gün kosmoolog alymlar hem biragyzdan tassyklaýarlar. Olar ony “roddomlar” diýip atlandyrýarlar. Älem içre näçe dünýä döreden bolsa, Allatagalla we tebärek şolaryň hemmesiniň şol, dünýäleriň içinde bar eden barça zatlarynyň hem beden, hem ruhy, hem tebigy taýdan iňňän arassa, öz derejesine çenli päk bolmaklaryny isleýärler. Halklaryň, patyşalyklaryň arasyndaky uly-uly uruşlar goh-galmagallar-a beýle-de dursun, Ol hatda kimdir biriniň agzyndan ýekeje ýaman söz çykmagyny, kimdir birine ýalan söz aýdylmagyny, töhmet atylmagyny hem islemeýär. Halamaýar. Ýokuş görýär. Çünki, ýerliksiz aýdylan ýekeje söz hem, ýagşu-ýaman, aşgazany agyrýan büre ýaly älem giňişligine öz täsirini ýetirýär. Egerde bir adam başga bir adam barada ýalan söz aýtsa, töhmet atsa, şol söz Allatagllanyň emri bilen, agyzdan çykyşy ýaly bir gatynda adamyň öz ömründe eden, etjek we edip ýören günäleri, ýene bir gatynda sogaplary, beýlekisinde etsem goýsamlary, arzuw-hyýallary we beýleki hereketleri hatda içinden eden oý-pikirleri baradaky maglumatlara çenli ýygnalýan, ýedi gat asmana tarap atylyp gidýär. Gatlaklaryň hersine ýeke-ýeke baryp atylan “okuň” aýdylan sözüň nyşanasyny gözleýär, üstünde işleýär. Egerde aýdylan ýaman söz ýa atylan töhmet çyn bolup çyksa, ol yzyna gaýdyp gelip, günäkäriň depesinden inýär, Hudaýyň kada-kanunlary bilen ony jezalandyrýar. Ýalan bolsa welin “bumerang” ýaly yzyna gaýdyp gelýär-de: göni töhmet atan adamyň öz ýakasyndan ilýär. Onuň özüni jezalandyrýar. Howwa, Hudaý arassaçylygy gowy görýär. Ol adam aňynyň, hususan-da onuň ruhy halatynyň pese düşmegini ahlak taýdan çüpremegini, ýalan sözüň töhmetiň artmagyny tebigatyň zir-zibiller, senagat galyndylary, her hili himiki serişdeler bilen zaýalanmagyndan hem kän esse ýokuş görýär. Ýöne, tükeniksiz zat ýok. Bar zat çäkli. Bilşimiz ýaly ýaşap ýören dünýämiziňem möwriti çäkli. Kyýamata çenli. Baky durmuşyň öňündäki synag möhleti tamam bolýança. Onuňam soňy görnüp başlady. Çünki Ol öz ýardan zatlarynyň edil ýaradylandakysy ýaly arassa bolmaklaryny isleýär. Ýöne, biziň ýaşap ýören dünýämiz Pany. Ýalançy. Soňy puç. Iň ýamanam şeýtany. Şonuň üçinem, adamlar Hudaýyň tamasyny ödäp, islegini kanagatlandyryp bilmeýär. Şeýdibem hemişe barlyga däl-de, ýokluga tarap hereket edýärler. *** Älem-jahan näçe giň bolsa, Ýaradanyň täsir ediş meýdany ondanam giňdir. Asla onuň täsirinde däl zat ýokdur. Älem gutarmasa onuň energiýasy gutarjak däldir. Äleme bolsa gutarma ýokdur. Ol çäksizdir. Möwrütsizdir. Bakydyr. Hökmürowandyr. Çünki, ol Hudaýyň hut özüdir. Şeýlekin güýçli energiýa ýerden asmana göterilýän islendik energetiki we ruhy maglumatlaryň barysyny gylyny gyşartMan özüne kabul edip alýar, üstünde işleýär we egerde otrisatel bolsha goý ol bir şahsyýetiňki bolsun, tutuş halkyňky ýa uly bir döwletiňki, jemgyýetleriňki bolsun tapawudy ýok, öz baky hem adalatly kanunlaryna görä, islendik ýol bilen çäresini görýär, ýazgarýar, položitel bolsa welin, oňa guwanýar, begenýär, söýünýär, ýalkaýar. Netijede jümle-jahan owadanlaşýar, kämilleşýär. Täze-täze ösüşlere tarap ugur alýar. Hatda adamlaryň kalbynda döreýän ýüreklerinde besleýän, ýöne, daşyna çykmaýan ýakymly duýgular, ýagşy niýetler hem saçlarynyň düýbünden syzyp çykyp, arşy-aglaýa bakan gidýär, şol ýerde položitel energiýa öwrülmegine, ýamanlykdan, adamzadyň şeýtany hereketlerinden ýaňa bizar bolan ýadaw dünýäniň aram tapmagyna Bakyda ýaşaýşyp berkarar bolmagyna, şeýtanyň ýok bolup gitmegine Hudaýyň hoş bolmagyna öz goşandyny goşýar. Netijede Hudaý üçin arassalaýyş çärelerini geçirmek “heýhat” ibermek, lagnat ýagdyrmak ýaly gazaply çäreleri amala aşyrmaklygyň zerurlygy aradan aýrylýar. Muhammet pygamberiň, Isa pygamberiň ahyrzamananyň alamatlary dogrusynda aýdyp gidenleri ýüz beriberse welin adamlaryň nebsi-şeýtanykdan ýaňa turşan, zeýläp aňlaryndan göterilýän ýakymsyz duýgular baryp uç-gyraksyz Kosmosa özüniň otrisatel täsirini ýetirýär. Asman gazaplanýar, tolgunýar we ynsanlara bolan gazabyny ol tebigatyň üsti bilen hakyky eýesiniň kimdigini, şeýtanyň ugruna gitmekligiň kimiň garşysyna gitmeklikdigini öz ýaradan ynsanlaryna yşarat edýär. Dogry ýola çagyrýar. Ýamanlary ýok edýär, ýagşylara puryja berýär. Adamlaryň azgynçylyklary hetden aşyp, düzedip bolmajak derejä ýetenlerinden soň, welin, Ol zemine Kyýamatyň alamatlaryny ýollap başlaýar. Basym iň uly we iň soňky hasaplaşygyň boljakdygyny duýdurýar. *** Azgynçylyklaryň hiç birinem Hudaý gowy görmeýär, ýöne, Şonuň iň erbet görýäni – ruhy zaýaçylykdyr. Çünki, ruhy päk adam hiç haçan azgynçylyk etmeýär. Şonuň üçinem, owalebetden bäri Hudaý birsyhly ruhy terbiýeläp gelýär. Öz ömrüni tamamlan teni taşlap arşa bakan ýola düşende, ruh ýedi gat asmanyň hersinde bir barlayga sezewar edilýär. Egerde, ruh öňki ömründäkisine görä birazajyk hem arassalanmadyk bolsa, onda Ol oňa täze ruhy ten berýär we başga biriniň bedeni bilen yzyna iberýär. Şeýle ýagdaýy Ol birnäçe müň gezek gaýtalaýar we şonda-da bolmasa ruhy ýyrtyp, zyňyp goýberýär. Çünki, iň bolmanda gowulyga tarap ymtylmaýan zady tebigatyň öz göwsünde saklasy gelmeýär. Bu barada krişnaçylyk dinini öwreniji we ýaýradyjy, XX asyrda Hindistanda we ABŞ-da ýaşap geçen Prabhupada şeýle diýýär: “Adam öňi bilen özüniň ruhdygyna ýagny, bedenden aýry bir jandygyna düşünmelidir.” Hudaýyň ruhy uzak möhletleriň dowamynda terbiýeleýändigi, kämilleşdirýändigi barada bolsa ol şeý diýipdir: “Ruh (jan. J.H.) diňe 8.400.000 ömrüň üsti bilen, iňňän uzak, ewolýusion ýoly geçenden soň, durmuşyň ýokary basgançaklaryna çykýan kämil ynsanyň görnüşine eýe bolup bilýär. Diýmek hemme zat ruhuň kämilligine , päkligine bagly. Dünýäniň abatlyga ýa bibatlyga tarap ugur almagy hem şoňa bagly. Ýöne, adamzat ruhy-ahlak arassalygy taýdaýam, beden kämilligi taýdanam Hudaýyň ynamyny ödäp bilmedi. Ol şeýtana uýup, maddy baýlygy hemişe ruhy-ahlak baýlygyndan öňe sürdi. Şeýdibem şu güne düşdi. Şonuň üçinem, Pygamberimiz tarapyndan aýdylan we mukaddes dini kitaplarda ahyrzamananyň alamatlary dogrusynda ýazylan zatlaryň barysy bu gün adamzadyň özüni alyp barşynda-da, tebigatda-da edil, bolşy-bolşy ýaly ýüz berdi. 2013-nji ýylda bolup geçen, 2014-nji ýylda hem dowam eden belki mundan buýana hem dowam etjek heläkçilikli hadysalaryňam hut şol alamatlara degişlidigini biz ýokarda belläp geçdik. Ýokarda bir ýerde biz dini kitaplara, hususan-da Injile esaslanyp: “Hudaý kyýamatdan soň ýaşarlary ýaly, adamzat üçin täze ýer we täze asman taýýarlap goýupdyr”, hem diýipdik. Ýöne, ähli zadyň jümle-jahany bar eden we ony gerdana salyp ýören bir energetiki güýje – özüne baglydygyna görä, Hudaý öz bendelerini hakykatdan-da älemiň islendik künjünde, islendigiçe baý we eşretli durmuşda ýaşadyp biler. Adamlary bir planetadan başga bir planeta göçürip, gonduryp ýörmekligiň Onuň üçin müşgül bolmaýşy ýaly hajatam ýok bolup biler. Çünki, älem-jahanyň islendik künji şonuňky. Egerde şeýtandan ýüz öwrüp, Hakyň ýoluna ymykly düşse ynamyna girip ruhy hem beden taýdan başky derejesine çenli päklinse, toba gelse onda Hudaý adamzady mundan buýana hem şu zeminiň üstünde hemişelik galdyryp, behişdi şu ýerde, öz eli bilen döretmegine mümkinçilik berip biler. Munuň üçinem adamzadyň şu çaka çenli gazanan günälerinden toba arkaly saplanmagy ýagny, Hudaýyň halamaýan şeýtany pygyllarynyň hemmesini kalbyndan öz güýji bilen çykarmagy ruhy-ahlak taýdan edil perişdeler deý paklenmegi, ölüm getiriji, tebigaty weýran ediji, zeminiň ýüregini paralaýjy, asmanyň göwsüni ýaryjy, ýyldyzlary tolgundyryjy elhenç ýaraglaryndan, agyr gurallaryndan, himiýa serişdelerinden, ekologiýa heläkçiliklerine alyp barýan senagat galyndylaryndan, zäherli suw akyndylaryndan, elektron zyňyndylaryndan we şolara kybapdaş gaýry hapaçylyklardan, halklar arasyndaky duşmançylyklardan, ogurlyklardan opurylşyklardan dynmagy, syrtpuruşlary ýazgarmagy, ret etmegi, dünýäde diňe söýginiň gülläp ösmegini gazanmagy gerek. Şony şeýdip bilse, adamzadyň beýnisiniň içinde, kalbynyň töründe diňe akylly-başly, paýhasly pikirler, ýagşy niýetler dörär we ol duýgular položitel energiýa öwrülip, onuň saçlarynyň ujundan syzyp çykar, hemde kosmos sary rowana bolar. Şeýle ýagdaýyň uzak dowam etmegi netijesinde Kosmos hemişelik rahatlyk tapar. Asmandan lagnat däl-de, diňe ýagşylyk ýagar. Ne arşda, ne kürsde ýamanlyk diýen zat bolmaz. Dünýä nurdan dolar. Bu ýagdaý Hudaýa hoş ýakar. Şondan soň ol ynjamaz. Gazap etmez. Öz bendelerine guwanar, söýüner. Jümle-jahan ömürlik karar tapar. Ýer ýüzi jennete öwrüler. Möwriti gutaran şeýtany Biribar jähenneme ýollar. Şeýtanyň ýok ýerinde bolsa hiç kim ýolundan azaşmaz. Şon deý arzyly günlere ýetmegi üçin, ýokarky agzalan ruhy we ahlak päkliklerinden başga adamzadyň döwlet gurluşlarynda, syýasatda we başga-da ençeme zatlarda hem uly-uly özgerişlikleri amala aşyrmaklygy gerek. Öňi bilenem, asly bir, ýöne uzak-uzak möwritleriň dowamynda, dürli sebäplere görä, biri-birinden aýra düşen dünýä dinleriniň bir dine birleşmekleri, özlerini aýra salanyň şeýtandygyna düşünmekleri gerek. Bu barada adamzat indi iki ýüz ýyldanam gowrak wagt bäri pikir ýöredip gelýär. Hatda pygamberler dagy hem öz döreden dinleriniň öňki we soňky dinlerden üzňe bolmagyny islemändirler, biri-birine daýanyp, utgaşykly ösmeklerini isläpdirler. Hut şonuň üçinem, Isa (Iusus), Musa (Moiseý), Dawut (Dawud), Ybraýym (Awraam), SüleýMan (Solomon), Ýakup (Iakow) ýaly pygamberleriň atlary Töwratda-da (Tora), Hoş habarlarda-da, Ýewangeliýa Kurany Kerimde-de deň-derejede tutulýar. Muhammet pygamberiň özem olary hormat bilen ýatlaýar. Çünki, isaýyçylyk aýagyny iudaçylyga dirän bolsa, belli bir derejede yslam hem isaýyçylyga aýak diräpdir. Sowatsyz hem bolsa Muhammet pygamber isaýyçylygy öwrenipdir we oňa käbir düzedişler girizipdir. Ol ýerde Isanyň hut özüniň Hudaýa deňelmegini, Hudaýyň ogly hasap edilmegini, hususan-da “Troisa” baradaky düşünjäni Muhammet pygamber berk tankyt edipdir. Kämilleşdirmek isläpdir. Isaýylar hem öz yzyna düşerler öýdüpdir. Emma, netijede isaýyçylygyň iudaizmden şaha ýaryp çykyşy ýaly, musulmançylyk hem özbaşdak taglymatly aýratyn din hökmünde meýdana gelipdir. Aslynda pygamberleriň hemmesem köphudaýlylygyň garşysyna göreşmek arkaly birhudaýlylyk dinlerini döredipdirler. Muhammet pygamber gürrüçilikde öz sahabalaryna hemişe: “Beýleki dinlere piçjiň atmaň, göwniýetmezçilik etmäň, barymyzyň maksadymyz birdir, ýöne, herimiz bir ýol bilen barýandyrys, meniň Allah diýýänim hem beýleki dinlerdäki Hudaýlardyr” diýer ekeni. Ine, indi bu gün şol dinleriň birikmeli wagty gelip ýetdi. Asla Hudaýyň öz talapam şol. Ol öz bendelerini biri-birinden saýry saýmaýar. Jan teslim edenden soň adamy asman gatlaklarynda barlagdan geçirende Hudaý onuň milletine, haýsy dine uýýandygyna ýa jynsyna bakmaýar, akmy, garamy, oňa-da seretmeýär. Onuň üçin bendeleriniň bary bir. Ol olaryň diňe ruhy pähimligini ahlaky aklygyny, günädir-sogaplaryny seljerýär. Takyk ylym: hemme zat başky durkuna tarap ymtylýar diýip, öwredýär. Şu nuktaý nazardan seredeniňde-de adamzat ähliniň aňyrsynda Allanyň ezizleri Adam ata bilen How ene, bir ojak, bir çak, bir külbe dur. Onuň ýene-de şoňa tarap ymtylmagy gerek. Tebigatyň gurluşy şony talap edýär. Hatda jümle-jahanyň özem adamyň ýüregi ýaly gysylyp, ýazylyp dur. Älemiň ýüzündäki jisimlerem biri-birinden daşlaşyp, ýetjek derejelerine ýetenlerinden soň ýene-de yzlaryna gaýdýarlar, başky hallaryna dolanýarlar. Soň ýene-de bar zat täzeden başlanýar. Bu hemişe şeýle bolupdyr, mundan buýana hem şeýle bolar. Ahyrzamananyň öňünden sowulmagy, köp-köp muşagatlyklardan, agzalaçylyklardan, köpçülikleýin gyrgyn getiriji uruşlardan dynmagy üçin, adamzadyň amala aşyrmaly ýene bir zady ýer ýüzi boýunça ýeke-täk bir döwlete öwrülmek meselesi. Bir döwlete öwrülse, bir dine uýsa, taryhda telim gezek ýüz beren we henizem dowam edip duran dini we döwletara agzalaçylyklary, ýer-ýurt üstündäki uruşlar, gandöküşikler, çaknyşyklar bolmaz. Ýer ýüzi boýunça bir döwlet bolup oturan ynsanyýet birleşmesine asla goşun, ýarag, ýaraglanyşyk geregem bolmaz. Bolaýanjasam haýsydyr bir ýerde döräp biläýjek bitertiplikleri düzgünleşdirer ýaly, fantaziýaçy ýazyjylaryň ýazýan kitaplaryndaky dek bardy-geldi beýleki planetalardan haýsydyr bir howp abanýanlygynda-da garşy durar ýaly taýyn, bütewi güýç bolar. Gerekmejek zatlara öwrülen ownukly-irili harby gurallardan bolsa eredilip, oba hojalygy ýa-da parahatçylykly maksatlar üçin gerek bolan başga bir tehniki serişdeler ýasalar. Syýasy hem harby taýdan bir döwlete öwrülen halklar ykdysadyýet, oba hojalygy, medeniýet, sungat, dil babatda edil şu wagtkylary ýaly aýratynlykda, öz milli mümkinçiliklerine ýerüsti, ýerasty baýlyklaryna görä öserler. Uly döwletler kiçi döwletleriň başyny iýmez. Hernäçe kiçi hem bolsa, hiç bir döwletiň üstüne ýitip gitmek howpy abanmaz. Hiç kim, hiç kimiň milli däp-dessuryna edim-gylymyna dawa etmez. Sungatyň, aýdym-sazyň milli köpdürlüligi ýitmez. Şu mesele boýunça Birleşen Milletler Guramasy gowy mysal bolup biler. Ýöne, ony entegem ösdürmek, kämilleşdirmek, täze, umumyadamzat birleşmesini özünde jemleýän döwlet üçin hertaraplaýyn, hemme halklar üçin amatly, jikme-jik düzgünler, konstitusiýa, kada-kanunlar işläp düzmeli bolar. Biziň göz öňüne getirýän bu hyýaly dünýämizi döretmek elbetde aňsat zat däl. Belki asla mümkin hem däldir. Allatagllanyň owalebetde, öz derejesine çenli arşa göterip, bagş eden mümkinçiliklerini adamzadyň gel-gel şu günki derejesine çenli pese düşen pursaty ulanyp biljekdigi ýa bilmejekdigi hem gümana. Ýöne, her niçik hem bolsa ýamanlyga tarap ymtylanyňdan gowulyga tarap ymtylanyň, yza tarap hereket edeniňden, öňe tarap hereket edeniň, göwün içre erbet niýet saklanyňdan ýagşy niýet saklanyň ýagşydyr. Onsoňam ýagşy niýetlileri Hudaýam goldaýar. Şeýtandan ýüz öwrüp, öz ýoluna müdümilik düşen bendelerini Ol gözden salmaz, hemişe goldar durar. Kyýamatda ýular, öz ýanyna kabul eder, mülküne goýberer. Elbetde, dünýäni düýpgöter üýtgetmekligiň uçursyz kyn bolşy ýaly, onuň ummasyz köp wagt talap etjekdigem jedelsizdir. Onuň çak edişimizdenem has uzaklara çekmegem mümkindir. Ýöne, aňyrsynda gowulyk ýatan bolsa, şol tarapa ýöräberseň ahyry bir gün ýetersiň. Ýamanlyk ýatan bolsa welin, ol tarapa ýöräniňden ýöremäniň ýegdir. Ýaltalyk ýa kejirlik edip ahyrzamana giriftar bolanyňdan şeýtany şalandyryp Hudaýyň ýüzüni ýere salanyňdan toba geleniň, Biribaryň ynamyny gazanyp, Bakyýa tarap ugur alanyň gowudyr. Onsoňam Hudaý hiç haçan wagty ýer ýüzüniňki bilen ölçemeýär. Onuň kosmiki aý, gün, ýyl hasaplary bar. Injiliň “Köne pentlerinde” (старый совет) aýdylyşyna görä, Hudaý älem-jahany alty günde ýaradyp, ýedinji güni dynç alypdyr, Ana, şol ýedi günüň her biri biziň iki müň, üç müň, belki ondan-da köpräk ýyllarymyza barabardyr. Şuňa laýyklykda, 2013-nji ýyldan başlap alamatlaryny görkezip ugran bolsa, bu –Allatagallanyň kyýamaty başyňyzdan bäş-on ýyldan indererin diýdigi däldir. Bu – Onuň pursat berdigidir. Öňünden duýdurdygydyr. “gamyňyzy iýiň, oýun gutardy” diýdigidir. Kyýamaty golaýladan halkara uruşlaryny, Isa pygamberiň aýdyşy ýaly patyşalyklaryň patyşalyklara garşy etjek ýörüşlerini hem ýeke bir biziň günlerimizdäki bolup geçen we geçip duran ownukly-irili uruşlar, dawa-jenjelllerdir diýip däl-de eýsem, miladydanam öň ýaşap geçen Isgender Zülkarneýniň (Aleksandr Makedonskiý), on üçünji asyrda dünýä ot beren Çingiz hanyň, Napoleonyň, Gitleriň alyp baran dünýä uruşlary hem degişlidir, diýip düşünmeli. Sebäbi kosmos giň. Gerimi özündenem giň. Ol ýerde ýeriň üstündäki fiziki kanunlar işlemeýär. Onuň özbaşdak, juda uly hem giň möçberdäki kanunlary bar. Ol ölçegler biziň aklymyzyň çataryndan çökderräk. Hudaý mundan buýana özüniň gadymy we müdimi kanunlary, ölçeg-kadalary boýunça hereket eder we adamzadyň öz günälerinden saplanmagyna-da, bir dine bir döwlete öwrülip Öz alnyna barmak üçin ummasyz uzak ýollary ýaýdanman geçmeklerine-de, Şeýtandan öz güýçleri bilen üstün çykyp, Öz alnyna başlaryny dik tutup barmaklaryna-da mümkinçilik döreder. Maý, sabyr, kanagat, hereketlerine görä bereket berer. *** Howwa, egerde ýüregini bire baglap, şeýtany kalbyndan hemişelik kowsa, Hakyň ýoluna düşse, Oňa ak ýürekden gulluk etse, adamzat haçanam bolsa şol menzile ýeter. Gaýdan ýerine dolanyp barar. Synag möhleti tamamlanar. Mähriban Atasy tarapyndan gujak açyp garşylanar. Şondan soň ne gökde, ne ýerde şeýtanyň içýakgyç gülküsi eşidilmez. Çünki, synag möhletiniň tamamlanmagy bilen onuňam mütdeti gutarar. Ol Allatarapyn baky ýokluga höküm ediler. Başky derejesine çenli saplanyp, özünden öz güýçleri bilen üstün çykan adamlaryň arasynda asyl-ha şeýtanyň özem durmaz. Çünki, şondan soň onuň hiç kime hökmi ýöremez. Ähli mümkinçiliklerinden mahrum bolar. Ynsan diňe Hudaýyň ýoly bilen ýörär. Ol ýol bolsa, tükeniksizdir. Bakydyr. Müdimidir. Arassadyr. Mizemezdir. Ol ýolda diňe ýagşylyk bardyr. Ýamanlyk ýokdur. Dogup-döräli bäri adamzadyň owazasyny eşitse-de gözi bilen görüp bilmän, eli bilen tutup bilmän ýören zady ana, şoldur. 2013-nji ýylda ýüz beren, henizem ýüz berip gidip oturan tebigy hadysalardan, has takygy ahyrzamananyň alamatlary hökmünde asmandan Allatarapyn iberilen heläkçiliklerden umuman alanyňda şeýleräk netije çykarmak bolar. Çünki, Adam ata bilen How eneden bäri arassalaýyş çärelerini näçe gezek gaýtalan hem bolsa, kyýamatyň alamatlaryny artyk gaýtalamaz. Şundan soň duýduryş bermez. Şonuň üçinem, biziň bu zatlardan iňňän eserdeňlik bilen akylly-başly baş alyp çykmagymyz gerek. Ine, şuňa welin, Allatagalla maý berer/ dogup-döräli bäri adamzat ylym-tehnika arkaly özi üçin ýeke bir maddy oňaýlyklara däl, eýsem, sanap çykardan kän, çözmesi kyn, öz janyna dalaş ediji köp-köp kynçylykly meseleler, betbagtçylyklar hem döretdi. Ol henizem şeýdip gidip otyr. Muny onuň özem bilýär. Duýýar. Şol nogsanlyklary aradan aýyrmak üçin hereketem edýär, ýöne, ol şol meseleleri ýene-de maddy serişdeler arkaly çözjek bolýar we özi üçin howply bolan belaýygerdanlary täze-täze tapgyrlaryny döredýär. Bu bolsa ony ýene-de Baky ýoklyga tarap itekleýär. Sebäbi ol zatlaryň aňyrsynda şeýtan dur. Öňünde keserip ýatan şol agyr hem kyn meseleleri diňe ruhy serişdeler – iüki päklik, arassalanyşlar arkaly, eden günäleri üçin Hudaýyň öňünde toba etmek mundan buýana diňe Allanyň arassa we göni ýoly bilen gitmek arkaly adamzat ahyrzamanadan halas bolup biler. Hudaýyň öz islegem şol. Çünki, Ol geçirimli. Sözümiziň soňunda bolsa, alym Bertran Rasseliň şu sözlerini getirmek isleýärin: “ylym we tehnika häzir sürüjilerinden jyda düşen tanklaryň toplumy ýaly köre-körlük, paýhassyzlyk bilen, belli bir maksatsyz halda öňe tarap okdurylyp barýar”. 2014 ý, Aşgabat. soñy. JUMA HUDAÝGULY | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |