09:01 "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." | |
“ZÜLPÜKAR GYLYJY HEZRET ALYNYŇ...”
Goşgular
![]() Kem däl eken Göroglynyň gylyjy, Zülpükar gyljyndan Hezret Alynyň. Ilini, ýurduny, dini gorapdyr, Ýüreginden sanjylypdyr talanyň. Zülpükar gylyjy Şahymerdanyň Oýnapdyr, gaýnapdyr merdiň golunda. Boýun egdiripdir boýun egmezi, Hezret Aly çyksa demir donunda. Allanyň adyndan ant içen kişi, Allany aldapdyr gezek gelende. Haýynlyk edeniň ömri dowzahdyr, Jan beripdir Aly haýyn elinde. Ynanypdyr Aly namart sözüne, Bu ata-babadan gaýdan kadadyr. “Ýurdum!” diýip, jan çekene al salmak, Duşmana däl, gardaşa-da ýodadyr. Zülpükar gylyçly Şahymerdana Al salanlar salmazmy, heý, saňa-da. Oýlan adam, ömrüň boýy oýlan sen, Degişli bi hem maňa-da, oňa-da. Zülpükar gylyjy düşse eliňe, Bilýärin sen maňa ynanmaň adam. Gidersiň şeýtanyň senem alyna, Ýanyňda tap-taýyn durandyr nadan. Hoş gal, adam, hoş gal, Şeýlemiş ahwal... 29-30. 05.2024. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |