18:43 Žurnalistler, ýazyjylar, alymlar nämüçin gözenegiñ añyrsynda? | |
ŽURNALISTLER, ÝAZYJYLAR, ALYMLAR NÄMÜÇIN GÖZENEGIÑ AÑYRSYNDA?
Publisistika
Efkan Sadykow (ýokardan çepdäki), Fazyl Gasymow (ýokardan sagdaky), Emin Şaik Ibragimow (aşakdan çepdäki), Ali Asker Mämmetli (aşakdan sagdaky) Siz Mihail Saakaşwiliniñ "Sorosyñ adamy, mahmal rewolýusioner" diýip aýyplanýandygyna seretmäñ. Häkimiýet başynda oturan on ýylynda Saakaşwili ýurdunda demokratiýa, adam hukuklary we metbugat azatlygy düşünjeleriniñ ornaşmagynda uly işleri bitirip ýetişdi. Haýsydyr bir ýurda demokratiýanyñ gelmeginde döwlet ýolbaşçysynyñ tagallasynyñ kesgitleýji rol oýnaýandygyny subut eden syýasatçy hökmünde taryha giren Mihail Saakaşwili 2013-nni ýylda partiýasynyñ parlament saýlawlarynda ýeñilmeginden soñ belli bir wagta çenli Günbatarda ýaşady. Ukrainanyñ Odessa oblastynyñ gubernatorlygyna bellenen Saakaşwili bandalara we mafiýa garşy göreşinde Kiýew hökümetinden ýeterlik goldaw almansoñ, öz islegi bilen wezipesinden el çekip, Pýotr Poroşenkonyñ özüne garşy göreşipdi. Ukrainadan deportasiýa edilensoñ prezidentlige talaşgär Wladimir Zelenskini goldady we saýlawdan soñ Ukraina girende hiç hili problemany başdan geçirmedi. 2021-nji ýylyñ 1-nji oktýabrynda Türkiýäniñ serhedindäki Batumiden ýurduna girende tussag astyna alynan Mihail Saakaşwili oturan türmesinden berýan beýanatlarynda "Gürjüstanyñ Russiýanyñ orbitasyna girendigini" nygtaýar. Saakaşwili häkimiýetini saýlaw ýoly bilen soñlandyran rus tarapdary Bidzina Iwanişwili bir ýyla golaý häkimiýetde oturandan soñ ýurdyny tutynyñ añyrsyndsn dolandyrmaga başlady. On bir ýyllyk bu periodyñ kesgitleýji syýasy gahrymany-da Iwanişwiliniñ özüdir. Ýurtdaky Günbatar täsirini azaltmak we hatda nullamak tutarygy hem-de Russiýanyñ beleñ bermegi bilen çykarylan "Daşary ýurtly jansyz kanuny" Gürjüstanyñ Günbatar bilen gatnaşyklaryny dartgynlaşdyrdy, ABŞ-dan we ÝB-den yzly-yzyna sanksiýalar berildi. 26-njy oktýabrds parlament saýlawlaryna barýan ýolda oppozision partiýalar güýçlerini birleşdirmäge synanyşýanam bolsa, häkimiýet azatlyklaryñ çägini barha gysýar. Hem diñe öz raýatlary üçinem däl, başga ýurtlylar üçinem. Munuñ iñ soñky mysallaryndan biri azerbaýjan raýaty žurnalist-ýazyjy Efkan Sadykowyñ Tbilisi howa menzilinden çykmagyna goýlan päsgelçilik we Sadykowa mälim edilen "Bärden diñe Azerbaýjana gaýdyp bilersiñ" kararydyr. Emma Sadykowly mysaldan ýedi ýyl öñ bolup geçen başga bir wakanyñ üstünde durup geçmesek, Iwanişwiliniñ Gürjüstanynda adam hukuklary boýunça emele gelen manzara doly düşünip bilmeris. 2017-nji ýylyñ maý aýynda azaerbaýjanly derñeýji-žurnalist, ýazyjy Efkan Muhtarly Gürjüstanyñ paýtagty Tbilisiden gaçyrylyp, Azerbaýjana äkidildi. Gürjüstanda uly gopgun turzan bu waka boýunça beren beýanatynda şol wagtyñ prezidenti Georgiý Margwelaşwili bu gaçyrylma ýurdunyñ "garaşsyzlygynw we howpsuzlygyna garşy düýpli howp" hasaplapdy. Adam hukuklary boýunça halkara guramalar Muhtarlyny syýasy tussag yglan eden bolsa, Baku sudy ony "serhetden geçende döwlet işgäriniñ kellesine urup, agyr şikes ýetirmekde" aýyplap, alty ýyl azatlykdan mahrum etdi. Günbatar ýurtlarynyñ basyşy netijesinde Efkan Muhtarly türmeden çykarylyp, göni howa menziline getirilipdi we Germaniýa äkidilipdi. Ýagny Iwanişwiliniñ Gürjüstany žurnalistiñ bir ýurtdan başga bir ýurda alnyp gaçylmagynyñ öñüni alyp bilmändi we aljagam bolmandy. Bu ýagdaýy Azerbaýhanyñ "SOCAR" Döwlet Nebit kompaniýasynyñ Gürjüstandaky güýji we täsiri bilen baglanyşdyrypdylar. Şu günler başga bir ýagdaý Efkan Sadykow atly başga bir azerbaýjan žurnalisti bilen baglanyşykly bolup geçdi. Azerbaýjanda iki gezek syýasy tussag bolan Efkan Sadykow birnäçe aý öñ gelen Gürjüstanyndan çykmak maksady bilen geçen hepde aýaly we iki çagasy bilen Tbilisi howa menziline gitdi. Emma oña ol ýerde "aýalynyñ we çagalarynyñ islän ýurtlaryna gitmäge rugsatlarynyñ bardygyna garamazdan özüniñ diñe Azerbaýjana dolanyp biljekdigi" habar berlipdir. Bu geñsi karar boýunça Gürjüstanyñ Içeri işler ministrligine arz eden Sadykowy 3-nji awgustda tussag astyna alyp, suda äkidipdirler. Sud žurnalist-ýazyhy Efkan Sadykowa häzirlikçe öñüni alyş çäresi hökmünde iki aýlyk tussag jezasyny berenem bolsa, Sadykowyñ Azerbaýjana berlip-berilmejegini bilýän ýok. Ýedi ýyl öñ Efkan Muhtarly Azerbaýjana alnyp gaçylanda, Gürjüstanyñ prezidenti žurnalistiñ aýaly bilen duşuşyp, oña raýatlyk teklip edenem bolsa, Leýla hanym bu teklipden ýüz öwrüpdi. Göreliñ, hany, bu gezek Efkan Sadykowy Azerbaýjana berensoñ gürji hökümeti onuñ aýalyna we çagalaryna näme teklip ederkä? Emma Gürjüstanda adam hukuklary boýunça ýagdaýlaryñ barha agyrlaşmagy azerbaýjanly žurnalistiñ maşgalasynyñ bu gezek perişan ýagdaýda galjagynyñ gaýgysy alada goýýar. Belki-de, meniñ getirjek mysallarym örän agyr bolmagy mümkin, emma diñe žurnalistler däl, alymlardyr intelligensiýanyñ ähli wekilleri üçin "gorkunç" hasaplap boljak prosesler bolup geçýär. Mysal bermeli bolsa, 2023-nji ýylyñ awgust aýynda Azerbaýjanyñ talaby bilen Stambulda gyssagly tussag astyna alnyp, Bakuwa ugradylan ykdysatçt Fazyl Gasymowyñ başyna gelenleri görkezip bileris. "London School of Economics"-iñ mugallymy professor Gubad Ibadogly 2023-nji ýylyñ iýul aýynda Bakuda "galp pul çykarmakda" aýyplanyp tussag astyna alynandan soñ Azerbaýjanyñ howpsuzlyk gullugynyñ gyssagly talaby bilen Türkiýe doktor Fazyl Gasymowy tizden-tiz Bakuwa ugradypdy. Tussag edilen Gasymowdan professor Ibadoglynyñ garşysyna görkezme bermegi talap edilipdir we daşaryk syzan maglumata görä, Gasymow prokuraturanyñ talap eden şol görkezmesini beripdir. Ýurduñ Baş prokurory Kamran Aliýew, ine, Gasymowyñ şol beren görkezmesine salgylanyp, "Gubad Ibadoglynyñ garşysyna bildirilen ähli aýyplamalar subut edildi" diýip, hukuk taryhynyñ iñ geñsi beýanatlarynyñ birini beripdi. Üstünfrn dokuz aýa golaý wagt geçenden soñ el bilen ýazan beýanatyny aklawjysy arkaly köpçüligiñ dykgatyna ýetiren Fazyl Gasymow düşündirişde berlen görkezmelere polisiýanyñ agyr basyşlary we gynamalary astynda gol çekendigini aýtdy. ("Kellämi hajathananyñ bokly deşigine sokup ýarym sagatlap saklaýardylar"). Halkara ylym-bilim jemgyýetiniñ çagyryşlaryndan soñ professor Gubad Ibadogly şertleýin boşadyldy (aýagyna gandal dakylan ýagdaýda, daşary ýurda çykmak gadagan edilen, derñew häzirem dowam edýär), türmede saklanýan Fazyl Gasymow elli dört günden bäri ölüm açlygynda otyr. Agasynyñ aýdyşyndan, Gasymow "Bärden meniñ diñe ölim çykaýmasa. Kakamyñ mazarynyñ ýanyndan maña-da ýer taýynlañ" diýip haýyş edipdir. Fasyl Gasymowyñ eli bilen ýazan beýanatyny okanyñda isleseñ-islemeseñ kelläñde şu sorag peýda bolýar: Eýsem howpsuzlyk güýçleri Stambulda oturan Fazyl Gasymowyñ düşündirişi şol duran ýerinde alyp, Bakuwa iberip bilmezmidiler? Onuñ haýdan-haý Bakuwa ugradylmagy talabyna nämüçin şobada oñyn jogap berildi? Onuñ adynyñ öñünden gelýän alymlyk derejesi barka, Baku haýsy ýüz öwrüp bolmajak teklipleri berdikä, eýsem Türkiýäniñ ony Azerbaýjana bermrkden başga alajy galmandyr? Azerbaýjan Fazyl Gasymowy professor Gubad Ibadoglynyñ garşysyna görkezme bermegi talap edipdir. Gasymow düşündirişini agyr gynamalaryñ astynda berendigini aýdandan soñam we elli dört gün bäri açlyk protestinde oturandygyny bilip durka-da, Türkiýäniñ mundan näme gazanan peýdasy bolduka? Şeýle ýagdaý 2014-nji ýylda žurnalist-ýazyjy Rauf Mirkadyrow bilenem bolup geçipdi. Baku Mirkadyrowy är-aýal bolan iki adam hukuklary boýunça aktiwistiñ garşysyna görkezme berdirmek üçin Ankaradan talap edipdi. Metbugat karty we wagtlaýyn ýaşamaga bolan rugsatnamasy ýatyrylan Mirkadyrowa bir hepdäniñ içinde Türkiýeden çykmagyñ gerekdigi aýdyldy. Üç günden soñ ol aýaly we bir ýaşamadyk gyzjagazy bilen awtobusda Gürjüstana barýan ýolda awtobusy saklan türk howpsuzlyk güýçleri žurnalist-ýazyjyny awtobusdan düşürip, "Esenboga" howa menziline äkitdiler we ol ýerdenem uçar bilen Bakuwa iberdiler. Iki ýyllap Howpsuzlyk ministrliginiñ podwalynda saklanam Mirkadyrow är-aýal adam hukuklaryny goraýjylaryñ garşysyna görkezme bermekden ýüz öwrüpdir. Bialaç galan sud Mirkadyrowy boşatmaly boldy. Ol şobada BMG-ne ýüz tutup, syýasy gaçybatalgaçy statusy bilen Şweýsariýa ýerleşdi. Ýogsam bolmasa, ol Türkiýäni janyndan eý gören sylagly žurnalistleriñ biridi. Ol bu ýerde özüniñ doganlyk türk halkyna peýdaly boljakdygyna birjigem şübhe bildirenokdy. Türk halky-da öz gezeginde ony bagryna basyp garşylamalydy... Şu ýagdaýa seretseñizläñ, Hudaýyñ hakyna: Garward we Massaçusets uniwersitetlerini tamamlan nebit hünärmeni Ramin Isaýew çeken zähmetiniñ hakyny talap edendigi üçin türmede otyr. Stambul uniwersitetiniñ hukuk fakyltetini tapawutlanan bahalar bilen gutaran we mediýa hukuklary boýunça aktiwist Ali Asker Mämmetli türmede. Ankara uniwersitetiniñ hukuk fakultetini tamammal žurnalist-ýazyjy Ewez Zeýnally türmede, diplomatlyk işinden meýletin çykan Emin Şaik Ibragimow türmede. Tejribeli ykdysady kommentator Hafyz Babaly türmede. Ýigrimä golaý ýaş žurnalist türmede. Sosial mediýada paýlaşan pikirleri üçin ysmaz keselli ýaş ýigit türmede. Beýle gorkunç üýtgeşmeleri we bolýan zatlary ýazmak hakykatdanam demligimi daraltdy. Nokat goýdum. Mayis ALIZADE. Sişenbe, 06.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |