23:27 Zyndanda ýanan şem -10: Ölen adamyñ kyssasy | |
ÖLEN ADAMYŇ KYSSASY
Powestler
Oktýabr rewolýusiýasy dünýäni paýhyn etdi. Älemiň tas deň ýarysy zulum astyndan boşap azatlyk, deňlik gazandy. Men onda çagadym. Emma, Hajy-Tarhandan1 Şagadamdan2 bize ýetýän habarlar gumly gazaklaryňam durmuşyny üýtgetdi. Ýersiziň, ýer alşyny, suwsuzyň suwly bolşuny eşidip, maňgyşlaklylar toý tutdylar. Toýa bütin ulus ýygnandy. Bagşylar aýdym aýtdy. Pälwanlar göreş tutdy. Her kim baryny orta atyp, şagalaň dowam etdi. Gum içinde näme ekin barmy. Çarwa adamyň işi mal bilen. Hökümede ýüň berdik, et diýene et, mal diýene mal berip ýaşaberdik. Bir gün bize myhman geldi. Muňa begendik. Begenmezçe däl. Myhman gelse, ilki bilen hezil edýän biz – çagalar. Sebäbi diýseň, ejem Jufar myhman üçin elde baryny edip, Tapan-tupanyny orta dökýär. Beýdýän diňe bir meň ejem däl, aslyýetinde gazaklaryň myhman hezzeti şeýle. Ine onsaň kemput gerekmi, nabat, şeker gerekmi, gant, al-da iýiber. Goý diýen tapylmaz. Myhman düşläp gitmeli bolsa-ha iň gowusy, ertesi jübiňde täp-täzeje aşyk görüber. Myhman ýadaw eken. Çaý nahardan soňra dünýä bilen hoşy bolman ýatdy. Ýöne, ertesi biz bilen deň oýanyp düýelerine seretdi. Arwanalaryň howutlaryny aýryp, kössekledi. Suw tutdum ýuwundy. Saçak başynda oturdyk. Orta çaý geldi. Sökli käsäni myhmana uzadan kakam: – Myhman, sag-aman ýatyp turduňyzmy. Düşegiňiz rahat boldymy hernä? Bize Türkmen adaýy diýýärler adymyzam Jagsylyk. – Maňa Öwez diýýärler, Porsudan. Togalak depeli. – Bolup biljek, bolup biljek. Boldumsazyň bäri ýüzi-dä siz oba. Otar aga diýibem biri barmy şo töwerekde. Hywa geçýän ýolagçylaryň horlanaýjak ýerinde guýy gazdyryp, ile çaý-suw berip adygan adam bolmaly öz-ä. – Görýän weli, siz biz oba beledow Ýagşylyk aga. – Kä wagt, kä wagt Hywanyň bazaryna geçäýmämiz bar. Ýol uzak, Boldumsazyň etegi giň meýdan bäriden barsagam, Hywadan gaýdyşyna şol ýerde düşläp geçýäs. Ine onsoň siz oba, ilersi Ogşukda. – Buldumsazdan ýarym parsaň bäride. Hywa geçilýän ýol ugry. Ýagşylyk aga, meni bu ýerlere bir zerur iş alyp geldi. Meniň pikirimçe biziň şol işimiz siziň obaňyzda biter umydym bar. – Gaty gowy myhman. Men-ä sizi bir ötegçidir öýtdüm. Egerde siz işili gelen bolsaňyz oturyň, eger-de şol işiňiz, bizden biter öýtseňiz arkaýyn boluň. Çekinmäň-de aýdyberiň. – Aýtsam ýaşuly, biziň kolhozymyzyň adyna «Ýeňiş» diýýärler. Ýagdaýlary erbet däl, töwerekde özüni oňarýan oba şol, näme, hemme zadyň ýeterligem bolsa, ownuk-uşak ýetmezçilikler tapylyp dur. Daýhan bu gün gara çatmadan çykyp, jaý gurunýar, howly edinýär. Ine onsaň, kime äpişge gerek, kime gapy. Araba edinjegem kän. Bu zatlar bazarda-da gyt. Bahasy gyzyldan gymmat. Wah, bolsa bolubersin, pulumyza tapylsa, biz razy welin, şo-da ýok. Hywadan bir ussa tapyp ony oba göçürip getirdik. Özi agaşçy, ogly demirçi hezil etdik. Ýöne kömür köseýär. Bu zerur işi çözmäge el ýetenok. Bize şu ýerde, Garagumuň sazagyndan kömür ýakyp, ony oba ýetirip biljek adam gerek. Kolhozyň ony çlen edip almaga-da, harydyny pul diýse pul, galla diýse galla bermäge-de taýýar – diýdi myhman. Men Öwez bilen kakamyň arasynda bolup geçýän gürrüňleri diňläp dymyp otyryn. Garagum bilen utgaşyp gidýän gyr eteginde myhman-mediwanyň juda seýrek bolýanlygy üçinmi, garaz, bilemok, myhmanyň ýanyndan aýrylmadym. Kakam, tegelek ýüzüne gelşip duran geçi sakgalyny barmaklary bilen telim sapar darap-darap, myhmanyň ýüzüne seretdi. – Ynha özüň görýäň, obamyz, çöl içinde ekin-tikin ýok. Sarygamyşa gidip bäş-on düýp kädi, gawun eken bolýas. O-da muşakgat. Bu ýerden bir ýatymlyk ýol. Gallamyz ýok. Kä Akdepeden, Köneürgençden getirip mydar edýäs. Belli bir oba bagly bolup, iş salyşsaň, oňa ýetesi zat barmy. Kömürli meseläni men çözüp bereýin – diýip Kakam maňa ýüzlendi. – Balam Tölegen! Tur çyragym. Eşegiňe min. Balguýuga baryp, Konsobaý nagaşaga aýt, käkem şakyrybat deb. – Jagsy käke, bolat – diýip, men öýden çykdym. Balguýy obasy biziň çarwamyzdan ýarym parsaň ýol bolansoň, Konosbaý aga bilen bir eşege artlaşyp derrew geldim. Konosbaý kömürçi, myhmana bijaý ýarady. – Ýagşylyk aga, biziň ýene bir wajyp işimiz bar, o-da duz, Siz şoňa-da bir kömek edäýseňiz, siziň bize bahasyna ýetip bolmajak ýagşylyk etdigiňiz boljak – diýip, Öwez kakama täzeden ýüzlendi. Kakam bu soraga birbada jogap bermedi. Dymyp uzak oturdy. Çaý içmek dabarasy hem şu ýerde gutardy. Ejem oturan ýerinden galman uly jamdan käseleri ýuwýardy. Galan-gaçan sökleri bir gaba toplap gapdalynda goýdy. Sökli çaýy ýuwundysyny çykaryp goýlan tokla bermek meniň işim. Men welin jamy göterip daşary çykmaga howlukmadym. Myhmanlara daýandym. Del adamlaryň, ýanynda ejemiňem, kakamyňam gaty-gaýrym söz diýmejegine eden bu işimi aňan ejem ýuwundyly jamy geterip özi daşary çykdy. Kakam saçak daşyna dökülen dary dänelerini ýekän-ýekän çöpläp oturşyna: – Duzly mesele kömür ýaly däl, Öwez. Garagum giň ýaýla. Sazak bilen ýylgynyň gyt ýeri ýok. Bu ýerden ýükläp ýörmän, obamyzyň deňesindenem näçe diýseň ojar ýygnas-a boljak. Bir aý işleseň üç aýlyk kömür boljak. Duz welin beýle däl. Has arassasy gerek bolsa Garabogaza barmaly. Duzkän bilen siz aralyk ummasyz meýdan, azyndan otuz-kyrk parsaň ýol. Aýda bir gezek ýük düşürip bolsa, iş bitirdim hasap et. Onsoň maňa bi çil-çagalary ekleme meselesi kynrak düşäýmese – diýip, myhmana ýüzlendi. – Ýagşylyk aga, sen obany duzdan hor etmeseň, bizem bir ilat, bir ,maşgalany eklemäge güýjümiz ýetjek bolansoň bu ýere gelip, size ýüz tutýas. Onsoňam, biz size bu işi mugtuna edip ber diýemizok. Duz çapjak siz, düýe bakjak siz. Ýük çekjek siz. Harydyňyzy mugtuna däl, satyn alarys. Gyzyla ölçemelem bolsa bize duz gerek, ýaşuly. – Bilýän, myhman, bilýän. Ara dymyşlyk düşdi. Konosbaý aga welin, näme üçindir myhman bilen kakamyň arasynda dowam edýän gürrüňlere goşulman dymyp otyr. – Duzuň bahasyna biz belet ahyryn. Kakam ýene-de dymdy. Onuň giň maňlaýynda ýygyrt peýda bolup gaşlary çytyldy. Köselenç selçeň murtlary göneläýen ýaly boldy. Pökgerip duran gabaklary giňäp, «inçejik gözleri tegelendi. Ol şu görnüşde birsalym sarsman oturdy. Soňra bir netijä gelen bolsa gerek. Ol myhmanyň ýüzüne seretdi. – Asla, zähmet çekmän çörek iýmäni kim halaýar. Iýen aşyňy halallamasaň, heý, ol iniňe siňermi. Halky närazy edip, mal toplap bolmaz. Il gargasa baýnarmyň sen. Men size ýarym batman duz bereýin, siz maňa siseýri bugdaý berseňiz razy – diýdi. Ine, şeýdip kakam ikimiz onbäş düýä ýük urup, Garabogaz bilen Porsy aralygyna gatnap ugradyk. Biziň duzymyz diňe bir «Ýeňiş» kolhozy däl, eýsem bütin Homaýa ýetdi. Çowdurlar bizi diýseň sylady. Konosbaý kömürçi bilen bize, obalara deň aralykda bir meýdana çatma dikibem berdiler. Bir ýola düýelerimiziň biri aýagyny döwdi duruberdi. Ineri öldürmäge dözmedik. Maýyp janawary obada goýup kakamyň ýeke özi, gyra yzyna dolandy. Men maýyp düýe bilen kolhozda galdym. Wah, janawaryň ejir çekişini söz bilen beýan ederçe däl. Ullakan, sary gözlerine ýaş aýlap, tüýs adam ýaly, boýur-boýur bozlaýar. Bolşuny göreňde ýüregim elenip barýar. Tursa ýatyp bilenok, çökse-de galyp. Ne çöp bilen işi bar, ne suw bilen. Janawar horlandy. Domalan ýaly güberilip duran örküji myssaryp ýatyr. Düýäme gynanmak gynanýan, nädeýin, edip biljek çäräm ýok. Ýöne gassaplaryň beren ejiri ählisine taý. Maslyk gören çaýkel ýaly üstümden aýrylman heläk etdiler. Wah, Sähet küýkiniň beren hupbatyny aýdar-diýer ýaly däl, Ahyry üstüne it küşgürip dyndym. Aradan aý geçdi, kakam gelmedi. Gyş sowuldy, gök ördi. Inerem özüni dürsäp garysyna galdy. Özi çöküp, özi turýan boldy. Işdäsi açylyp öri küýsedi. Kakam gelmedi. Diňe bir kakamam däl Konosbaý kömürçem ýitirim boldy. Nirä gidip, kimden habar sorarymy bilmän otyrkam Öwez aga geldi. – Tölegen, inim, gurgunmyň, sag aman oturanmysyň. Oba bararlar, göwün açyp gürrüň-sürrüň ederler. Beýdip özüňi horlama. Kakaň bir oglan-uşak däl. Bardyr, çykar bir ýerden – diýdi. – Öwez aga, sag boluň. Kakamyň nirededigini, oňa näme bolanyny birneme çak edýän. Düýn «men tokaý hojalygyndan» diýip, biri geldi. Ýanynda-da milisge bar. Konos agany sorandylar. Soňra töwerek daşy torç edip, tä, Hyşşalyga deňiç dörjeläp çykdylar, hiç zat tapmadylar. Paltasy daşa degen tarhanlar ahyry meni gyssadylar. Kömür soradylar. Gyşdan galan ojary görüp «tokaýçy men» diýýäni beleň aldy. Konos baý kömürçiniň däl-de, Ýagşylyk duzçynyň ogludygymy zordan düşündirip sypdym. Milisge welin, bir çuwal duzumyzy atynyň syrtyna bökderip alyp gitdi. Şu zatlardan çen tutamda Konos aga kömürli meseläni goýbolsun eden bolsa gerek, Öwez aga – diýemde-de ol: – Eger şeýle bolsa, Konosbaý kömürçi ilki bilen Haýdar ussany habarly etmezmidi. O-da «Kömürimiz gutaryp barýa. Konosbaýyň şo gidişi» – diýip ýör. – Öwez aga, şu ýerde düşnüksiz bir zad-a bar. Bolsa-da milisgäniň bolşuny halamadym. Bu gowulygyň alamaty däl. Tas ýatdan çykan eken. Olar maýyp düýämizem alyp gitdiler. Munyňyz bolanok. Ineriň aýagy synyk. Oňa ýük ursaňyz synygy söküler. Onsoň bu janawary müçeläýmeseň başga zada ýararmy – diýip ýalbardym, bolmady. Gaýtam howutsyz inere ojar teýäp, janawaryň üstüne basyp bilen sazagyny ýüklediler. Düýe gerek bolsa «Erte NKWD-ä bar» diýdiler. Onda şoňa gitjegimem, gitmejegimem bilemok. Düýe janawar şähere ýetdimi-ýetmedimi bilemok. Synygy gatymadyk haýwan, gör, nirede ýykyldy. Meniň bu diýen zatlarym Öwez agany oýlandyrdy. Ol soragly nazaryny menden sowup aşak bakdy. – Öwez aga, belki siz kakam hakda bir zat bilýänsiňiz. Ýa eger şeýle bolsa, menden gizlemäň. Indi iki aýdan geçip barýar, habar ýok. Eger başyna bir iş düşmedik bolsa, heýem ol meni bu ýerde sadylla edip goýarmydy. Ýa-da ýolda-yzda galtaman-saltaman gabat geläýdimikä? Garaşmakdan halys boldum. Guma tarap ýola düşübersemem diýýän. – Tölegen, inim, men-ä muny galtamanyň, basmaçynyň işi dälmikä diýýän. «Hökümediň duzyny ogurlaýarsyňyz» diýip, ýygnaýdylarmyka diýýän. Gazaklaryň eklenji düýesi. Çarwalar mallaryndan dynan bolmaly. Kim bilýär ulusyňyz dargandyr. Sen ilki bilen bar diýlen ýere bar, düýäňe eýe çyk, soňam görübiris – diýdi. Ýaşuly adam bir zat diýse oňa heý «ähä» diýip bolarmy. Milisiýa bardym. Aýagy gara ädikli, şol ýerde biten gamyşyň başy ýaly pezzik murtly. Alyn dişleri zeňläp giden demire meňzäp duran nobatçy maňa ýüzlendi. – Ataňyzyň ady? – Ýagşylyk. – Öz adyň. – Tölegen. – Duz satýan gazagyň oglumy sen. – Ýagşylyk duzçynyň ogly. Nobatçy ýerinden turman, depesinde, petikden asylgy duran bürünç jaňyň gara diline dakylgy kendir çyzygyň ujundan tutup, ony silkip-silkip goýberdi. Jaň geň-enaýy ses edip ýaňlanyp gitdi. – Düýämi alyp gidäýsem diýip geldim, ýaşuly. – O nähili düýe? Milisiýanyň howlusynda-ha düýe ýok. Nobatçy milisioner sözüni soňlamanka, uzyn, garaňky däliziň bir ýerinde ses edip, gapy açylyp, şo bada-da ýapyldy. Gapynyň gulaga ýakymsyz jygyldysynyň ýerini aýak sesi eýeledi. Ökjesine demir nal kakylan ädigiň tarpyldysy dälizi doldurup gelşine meniň ýeňsäme gelip daýandy. Nobatçy milisioneriň oturan deşiginden ýüzümi sowup, başymy galdyramda ýaňaklary owurdyna çöküp giden ýüzünden rehim-şepagatdan nyşan galmadyk, uzyn adamy görüp tisginip gitdim. – Familiýa? – Ýo... ýok. Ýaşuly men Kemilýa däl. T... töl... legen. – Familiýa diýýän men saňa. – Äh. – Ataňyň adyny soraýan. – W... w... wiý, ş... ş... eý... lemi? m... men Tölegen. Ýagşylyk duz satanyň ogly. M... meň düýämi alyp gaýtdylar. – Hany, gel bäri. Ol meni jygyldysy öňden tanyş gapydan içeri saldy. Iýeşenesiz adam bu kabinetiň eýesi bolarly, ol hökümrowanlyk bilen gara stoluň o ýüzüne geçip oturdy-da, öňden elinje göterip ýören uzyn açary bilen ýandegşir duran demir sandygy şakyrdadyp açdy. Sandykdan bir top kagyz çykaryp ony meň öňümde goýdy. – Kakaň suratyny tanarmyň – diýip, maňa ýüzlendi. Kakamly söz meni özüme getirdi. Gara stola golaý bardym. Peşenesiz adam, kitap ýaly biri-birine çatylan kagyzlaryň sahabyna ýelmelgi bukjadan bir şekil çykaryp, ony maňa uzatdy, Şapbat ýaly ýylmanak kagyzda tegelek ýüzli, geçi sakal, ýasy burun gözleri gussadan doly bir adam, dodaklaryny pökgerdip, maňa seredip durdy. – Bu meniň kakam. – Kakaň bolsa otyr. Ol häzir türmede. Petik depämden çökäýen ýaly boldy. Beýnim sarsyp, tenimden şaglap der indi. Türme diýilýän zady görmesemde, şo ýeriniň gowy däldigini eşdipdim. – Ýaşuly, kakamy näme üçin türmä saldyňyz? – Kakaň halk duşmany. Üstesine-de ogry. Ol döwlet emlägini öz hususy haýry üçin ulanan adam... Peşenesiz adam maňa başga-da kän zatlar diýdi. Ýöne meniň gulaklarym gapylyp, onuň şaňňy sesini eşitmedim. Ahyry ol sözüne dyngy berdi. Men kakamyň beýle nejis adamdygyny ilkinji sapar eşidip oňa haýran galdym. Ýerimden turup: – Ýalan, ýalan – diýip gygyranymy özümem duýman galdym. Edil şol wagt depämden bir ýumruk indi welin, tas başymy mynjyradypdy. Aýagymyň aşagynda ýer sarsyp gitdi. Göwrämi saklap bilmän, bir gapdala ýykyldym. Emma böwrüme degen ädikli aýak meni ýerde uzak ýatyrmady. Gapdalymda ýykylyp ýatan oturgyjy depäme galdyramda o peşenesiz nejis zordan öňümden sowulyp ýetişdi. Şo pursat gapydan giren üç sany milisioner jemlenip, güýç bilen elimi gaňyryp, arkama daňdylar. Men şo zeý ysy gelip duran darajyk otagda aç ýatdym. Ertesi meni düýnki kabinete ýene getirdiler. – Indi kakaň nähili adamdygyna göz ýetirdiňmi? Kakaňy basym atýas. – Näme? – Kakaň halk duşmany, atýas diýýän. Kemerim gowşady. Gursagym ýarylyp, ýüregim ýere gaçaýan ýaly boldy. Henizem çözülmedik, çişip, ýüp düwünleri içine siňip giden ellerim ýagyrnyma ýapyşyp, göwräm gara daş boldy. Dyza çökdim. – Başyňa gözüňe döneýin, jan agam. Meniň kakam kime duşman bolup biler. Bize bir döwüm çörek berjek bolup, gije-gündiz kökenek. Duz satmak bir baýlykdyr öýtmäň. Bäş kilo duza bir kilo dary berýärler. Sizi aldapdyrlar agam. Kakamy boşadyň türmeden. Kakamyň mendenem başga bäş çagasy bar. Olaryň iň ulusy men, maşgalamyzy gyrma netiňizde bolmasa, rehim ediň!.. Içine gurşun dykylan ýaly ýagyr kellämi zordan galdyrdym. Peşenesiz adam ahy-nalamy eşitmedi. Asyl, ol meni bardyram öýütmän, ýetişdiginden nämedir bir zatlary ýazýardy. Ol käte, gymyldaman bir nokada seredip, kagyz ýüzüne geçiren zatlaryňy sessiz okaýan ýaly, gaşlary çytylyp, dodaklary müňküldäp-müňküldäp gidýärdi. Sülçi ruçkasynyň peroly ujyny ak döwediň üstünde goýdy-da, maňa bakdy. Ol meniň gan guýma gözlerimi, hasratdan ýaňa ýaý berip, egrelip duran göwrämi görüp, kiçijik çüýşä gözlerini güldürip lezzet aldy. – Tölegen. Sülçiniň sesi gulaklarymda ok bolup ýaryldy. Tisginip gitdim. – Maňa Ýylgyn-sülçi – diýýärler. Sen kakaňy ölümden ejeňi, jigileriňi sürgünden halas etjek bolsaň «sülçiniň berjek soraglaryna dogry, hem-de hakykady aýtmak bilen jogap berjek» diýip, şu kagyza goluňy çek – diýdi. Gol çekdim. Sorag başlandy. Sorag: – Kakaňda tylla barmy, bar bolsa ol nirede? Haýsy ýerde gizleýär. Jogap: – Kakamda hiç hili baýlyk ýok. Bar baýlygymyz dört-bäş arwana bilen iki gär geçi. Sülçi bogazynda süňk galan ýaly düwündi. Pökgerip duran owasy garaldy. Gözleriniň reňki üýtgäp, guduzlan ganjyk mysaly durkuny saklap bilmän oýnaklady. – Tölegen, eger-de sen kakaňyň ýygnan pullaryny nirede gizleýänini, haýsy ýerde gömüp goýýanyny aýtmasaň, özüň-ä bir türmede çüýrärsiň, üstesine-de kakaňam atdyrsyň... Türme diýilýän zadyň nämedigini sen düýnden bäri aňan bolsaň gerek – diýip, sülçi ýerinden turup meniň bilen boýuny deňejek ýaly süýkene-süýkeýe daşymdan eýläk-beýläk aýlandy. Şo güni sülçiniň soragy gutarmady. Günuzyn dowam etdi. Agşam meni ýene-de şol garaňky türmä dykdylar. Bolup geçýän zatlara haýran galýan. Kakam ikimiziň edýän işimiziň telek ýeri nämedekä? Duşman saýylar ýaly biziň ile näme ýamanlygymyz boldyka? Ýylgyn sülçüniňem agzy bar. O-da il hatary çörek iýýändir-ä. Bir halta duzuňa bir okara galla berlip durka, baý bolarmyň. Agşamlyk edinsek, ertirlik gaýgy bolup durka, sülçiniň bu düw-düwi artykmaç. Baýlygymyz bar bolsa, ol bize-de gerek. Onsoňam, ýok zady nireden tapjak. Şeýdip, gözlerim çirim etmän daňa çykdym. Emma gapymy açan tapylmady. Nanam bermediler, suwam. Açlykdan ýaňa sütünim süýnüp, kesek gemirmäge taýýar wagtym, sülçüniň özi kamera geldi. Ýanynda-da ýoldaşy bar. Elhepus «Pis-pisi, suw pesi» diýýänleri çyn. Eger-de bir ýerde «Ezraýyl» diýilýän bar bolsa, onda hut şu ikisiniň biri bolsa gerek. Bir burçda diwary söýget edip oturyşymy pozmadym. – Tur ýeriňden, naçalnik gelende sen şeýdip oturmalymy? – diýip, sülçiniň ýoldaşy herreldi. Bu wagt onuň maňlaýy tüňňerip, dodaklary çöwrülip gitdi. Atyňky ýaly iri dişlerini biri-birine gaýrap bogazymdan tutdy welin, tas boýnum ýolnupdy. Ajala net eden Ezraýylyň, meni öldürmän sypdyrjagyna gözüm ýetip, iki-ýana urundym. Göz-görtele öläýmek bir aňsat iş däl. Soňky demde özümi dürsäp, temegimi çeýnäp barýan Ezraýyl netlini depdim welin, ol çüýrän sütün ýaly güpürdäp gaýtdy. Menem bagy ýolnan çekize halta mysaly ýere süýndim. Bir haýukdan gözümi açsam, sülçi henizem iç işikde otyr. Öňünde bir çäýnek çaý. Çanak doly gowrulan balyk. – Iýjekmi? – Ol deýýus, şekirdewügimi ezdi, tas öldüripdi. Beýle-de bir zat bolarmy. Meniň günäm näme. – Bolşuň şu bolsa, howlukma, ölersiňem. Seň ölümiň biz üçin ite deň. It öldi sen, parhy ýok. Eltip zyňarys. Kolhoz sürülerinden haram ölen goýunlaryň maslygynyň taşlanýan çukury uly. Seň ýaly itlere şam bolan başga-da kän. Senem şolaryň biri. Iň gowusy, gulak as! Şeýtseň, özüň-ä-özüň kakaňy-da halas edersiň – diýdi. – Jan dogan, düşündiriň. Siziň gözleýän baýlygyňyz näme? Ol kimden galan hum? Siz ýalňyşýan bolaýmaň. Onsoňam, ulular bar edýän işlerini çagalaryna aýdýandyr öýdýärmisiňiz. Munyňyz nädogry. Üstesine-de, siziň beýdip horlamaňyz nämäniň alamaty. Hökümet ýokmy. Heý, sizden jogap soran tapylmazmy? Sülçi dişlerini syrtardyp jykyr-jykyr güldi. – Hökümet? Hökümet men seniň ykbalyň meniň elimde. Düşnüklimi, haýwan! Men seniň üçin hudaýam, Ezraýylam, şony bek belle! Men näme diýsem, bu ýerde şol bolýandyr. Garşyma gitseň, bolýan işleri ine, özüň görýäň. – Bolýa, hanam sen, soltanam. Ýöne siz bu ýerde näme günämiň bardygyny, meniň nädip halka duşman boluşymy düşündiriň onsoň, başarýan bolsaň, dardan as! Öz bolşumdan özüm utandym. Beýnimize bek guýlan kanun – ula-hormat, kiçä – sylag ýada düşüp dymdym. Emma ata-babalaryň bu kanunyndan boş galan sülçi sözüni dowam etdi. – Bolýa, seniň kimdigiňi, nähili jenaýat iş edendigiňi düşündiräýeris. Ilki bilen-ä sen halk duşmanynyň ogly. Bu bir. Üstesine-de – düýn, sorag edilýän wagtynda ikinji sapar jenaýat etdiňiz. NKWD-äniň ygtyýarly wekiliniň janyna kast etmäge synanyşdyňyz. Ine ýap-ýaňy-da nadziratel. Depe Işanowyň içine depip, onuň ödüni ýardyňyz. Ony keselhana alyp gitdiler. Şular ýeterlikmi ýa ýene-de sanaýynmy. Şu eden jenaýatlaryň üçin seni bir gezek däl, iki ýola atyp bolýar – diýdi. – Siz meňiň otuz ikimi kül etdiňiz. Sülçi «içiň ýansyn» diýýän ýaly çäýnegi ýokary göterip, «Şarr» etdirip käsesine çaý guýdy. Bir zady unutdym. «Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez» – diýýänleri çyn. Paltam daşa degip, açlykdan öläýmezlik üçin «it» çanagyna eňek basmakdan başga alaç galmady. Çaýam içdim, balygam iýdim, garasaý doýdum. – Näçe ýaşadyň Tölegen? – On dokuz. – Ine gördüňmi, ýaňy dünýäniň çetinden inipsiň. Durmuşyň lezzeti öňüňde. Saňa beýdip türmede çüýremek nämä gerek. – Wah, Ýylgyn aga, türmä höwes edýänem tapylýamy. Meni bu güne salan siziň özüňiz ahyry. Siz ilki kakamy boşadyň. Soňra meni iki epläň-de, nirede gowuz ýer bar bolsa şoňa-da dykyn ediň. Sülçä meniň bu sözlerim täsir etdimi nätdimi, bilemok, ol bir bada dymdy. Soňra: – Ine, munyň bolýar. Seniň şeýtjekdigiňi men öňem bilýädim, özüňi biderek horlatdyň-da. Bolýa seniň islegiňi berjaý edeýin. Kakaňy boşadaýyn. Bilip goý, bu iş aňsat däl, kyn. Kynam bolsa edeýin. Ýöne saňa bir şertim bar. Sülçi maňa kakamyň azatlygy bilen çalyşmak isleýän şertini aýtdy. Gulaklaryma ynanmadym. Ýüregim ýaryldy. Gahardan ýaňa dilimi dişläýen bolsam nätjek. Agzymdan gan geldi. Sülçi meniň jogabyma garaşman hoşnut halda çykyp gitdi. Kamerada ýeke galdym. Ýylgyn sülçiniň soňky diýen zatlary kalbymda ot sowrup, jigerime hanjar sokýardy. Nätmeli? Nätmeli? Bu soraga kim jogap tapar. Diwarlary zeňläp giden porsy kapasanyň içinde kim meniň dadyma ýeter, Hany hökümet, hany Stalin?! Kakamam şeýdip horlaýarlarmyka? Birden süňňümde gowşaklyk peýda boldy. Onki müçäm syzlap, böwrümde sanjy peýda boldy. Bular meni ýene-de bir gezek şeýdip ýençseler dalagym ýarylar. Onsoň... Bu aýylganç pikir depämden daş bolup indi. Nätmeli? Diňe ýeke-täk ýol bar, gaçmaly. Ölmelem bolsaň erkinlikde, sährada öl. Ýöne nädip, bu kapasadan çykyp bolar. Gapy açyldy. Sülçiniň täzeden kamera girmegi meniň bu soragyma jogap boldy. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |