23:34 Zyndanda ýanan şem -11: Arman | |
ARMAN
Powestler
Men köp oýlandym. Başym-gözüm garjaşyp gitdi. Asyrlar arzuwy, Göwün islegim. Tüme ýapy salan Oktýabrym sen! Bu setirleriň manysy hemmä degişli dälmikä? Ýa-da henizem kime tümlük, kime gündizlikmikä?! Bu soraglar meni janserek etdi. Eýsem, bir obany aladadan dyndaryp, ony duz bilen, kömür bilen üpjün etmek telekmikä? Iliň içersine girip, hökümirowanlyk etmek, zorluk bilen zadyny alyp, malyny sürmek jenaýat dälmikä? Ýok, bu ýerde bir düşnüksizlik bar. Bolýa, kakam şeýlemiş diýeli, meniň näme ýazygym bar. Beýle bolup bilmez. «Adalatyň ýok ýerinde durmuş ýok» diýip, Piri mugallym gursagymyza guýupdy. Birdenem Ýylgyn sülçiniň maňa buýurýan «ýumuşy» ýadyma düşüp zähräm ýaryldy. Onki süňňüm elenip, garaňky tamyň gara diwarlary üstüme gaýdyp meni basaýjak ýaly boldy. Yrgyp ýerimden turamda henizem iç işikde sülçi dur. – Tölegen, hany otur. Men saňa bir käse çaý bereýin. Şuny içseň asyl, jahana täzeden gelersiň. Teniňe düşen ýaralaryň yzasam aýrylar. Süňňüň ýeňläp, şähdiň açylar – diýip, çäýnekdir käsäni goýup özi çykyp gitdi. Dogurdan hem suwsan ekenim, çaýdan bir käse içdim welin, tagamyny birhili görüp ikinjisini küýsemedim. Çaýdan soň bir salym oturdym. Göwnüme bolmasa, beýnim birneme durlanan ýaly boldy. Serediň bolýan zatlara, asyl, ýadyňa-oýuňa düşmedik pikirlerem kelläme geldi durdy. Ine olaryň biri, sülçi meni şu zyndandan boşadar. Aýagymyň aşagyna at berýär, ýarag berýär. Şeýdip oba barman, çarwa öz gazaklarymyň arasyna siňip gidýärin. Ýylgyn sülçi meni ýitirýämiş. Bu pikir maňa ganat berdi. Çaýdan ýene-de bir käse içdim. Içi boşap ysgyndan düşen göwräme jan geldi. Gözlerim giňeldi. Indi maňa sülçiden mähriban adam ýok. – Ýylgyn aga, aý, Ýylgyn aga!.. Gapyny kakdym. Sülçi uzakda däl ekeni, ol haýal etmän içeri girdi. – Tölegen, ine munyň boldy. Çaýdan keýpiňi köklän bolsaň indi bir salym ýat, dynjyňy al. Uklap bilseň-ä oňa ýetesi zat barmy. Özüm turuzaryn – diýip, ýarym boşan çäýnegi göterip çykyp gitdi. Kameranyň gapysy ýapyldy. Men ýene-de ýeke galdym. Dünýä ne hezillik. Iki ýana at salyp, kä göge, kä ýere siňip bir salym rahat tapmaýan Garagum bugün asuda. Ulgam-ulgam depeleriň üstüni ot basypdyr. Asman ýüzi tämiz. Emma, bu ajaýyp görnüş uzaga çekmedi. Üýtgedi. Gözýetimiň o çetinde gopan harasat tüweleýe öwrülip, depesini ýyldyzlara diredi. Indi töweregiň gözelligi guýa gaçan ýaly ýitip gitdi. Howsala düşdüm. Garaşylmadyk ýerden depämden inen harasatdan sypyp bilmän iki-ýana urunyp ýörkäm, apu-tupanyň içinde bir yşyjyk peýda boldy. Ol yşyk şem ýaly şöhle saçman kül içinde galan uçguna çalym edýärdi. Yşyk körügsem bolsa meni özüne çekdi. El uzadyp ondan haraý isläp ýerimden galdym welin, şo bada goşarymdan ilen goşa gysaç meni huşa getirdi. Elheder alyp, tisginip gitdim. Zemin çaýkanyp, asman çökäýen ýaly, hemme zat bulam-bujar boldy: – Ýör!.. Bu ses gulaklarymdan ötüp, beýnimde iňňe bolup sünjüldi. Gözlerimi giňden açyp, özümi dürsesem, gapdalymda Ýylgyn sülçi dur. Iki bolup daşary çykdyk. Aýsyz gijäniň tümlügi ýere düşüpdir. Ne it üýrýär, ne eşek aňňyrýar. NKWD-äniň howlusyndaky özboluşly durmuşdan bihabar şäher ukuda. Ol ýerde, bu ýerde çala-ýanýan öçügsi asma çyralar diýäýmeseň, gögüň ýüzüne gara keçe atylan ýaly, golaý ýanymyzda seteran oturan howlularam garalyp, sudur bolup dur. Ysy beýnime ornap giden dar kapasda uzak ýatanym üçinmi, ýa-da gijäniň tämiz howasynamy, garaz, bilemok, burnumyň deşikleri gönelip, gursagym giňedi. Sülçi meni kör iden ýaly, ullakan demir derwezäniň öňünde duran atlynyň ýanyna götirip, egnimden syrtmak salyp, ýüpüň beýleki ujyny atla tutdurdy. Bir bada hiç zada düşünmedim. «Bular meni tä oba barýança iki atyň arasyna alyp gitjek bolsalar nähili bolar. Onda hälki kelleme gelen etsem-petsemim soňra bir hili hyýal bolup galmazmy?» Bu pikir meni bada aljyratdy. Ýa-da sülçä beren sözümden dänip, pelek gerdişine kaýyl bolup yzgar ýerzeminde ýatybersemmikäm? Bu deýýusyň gahary gelse öldürmekden gaýtmajagyna bilip durun. Bagtymy bir synap göreýin. Derweze şo bada açyldy. Meniň öňümde oturan daýaw pyýada, ýabysynyň böwsüne desbindi. At howlukman derwezeden çykyp, kerpiç düşelen köçe bilen «patdyl-putdyl» gündogarlygyna tarap ýola düşdi. Şäheriň içi imi-sala. Uzyn günüň hysyrdysyndan soň her kim dynç alýar. Uly-kiçi, dünýäniň aladasyny unudyp süýji-süýji düýş görýär. Men bolsa boýnum ýüpli Arap atlysynyň eline düşen ýesir ýaly idilip gidip barýan. Milisiýa eşikli bu garakçylar ozalam bular ýaly işleri başdan geçiren bolarly. Howlukmak, uzak ýoldan gelýän ýolagçylar dymyşyp barýardylar. Ulaglaram juwazçynyň baýtaly ýaly gijäniň şöwrüne halys öwrenişipdirler. Munuň şeýledigini bada aňdym. Egnime atylan syrtmak ne gowşaýar, ne dartylýardy. «Ýeňiş» kolhozyna men öňden belet, onuň meýdany Gökje obasyndan tä, jeňňiriň köpürsine çenli uzap ýatyr. Gaýrasy arna, ilersi han ýol. Şu giden meýdanda daýhanlar gowaça ekip, mal bakýarlar. Biziňem çatmamyz şu ýerde. Ýöne, oba welin özboluşly. Häli-şindi ýykgyn bolup, suw heläkçiliginden gorkulýardy, bilemok, howlularyň hersi depede. Käbir öýler-ä bir öý beýlekisinden sesýetimdenem açyk. Atlylar Garakäriziň deňine ýetip durdular. Meniň bilen artlaşykly oturan düşdi. Beýlekisi-de şeýtdi. Ol atynyň jylawyny beýlekisine berip maňa-da «düş» diýen yşarat edip boýnumdaky ýüpüň ujundan çekip-çekip goýberdi. Eýeriň ýaýyndan ýapyşyp atdan syrykdym. – Ýör! . Onuň sesi şeýle bir ýuwaş çykdy, zordan eşitdim. – Nirä?.. – Ýuwaş, köpeý ogly. Demiň içiňde bolsun, gaýdyp sesiň çyksa şekirdewügiňi üzük hasap et – diýip, milisionerleriň biri tas äňime beripdi. Garakärizden kolhoz edarasy uzak däldi. Sesýetimden bärde. Ata sakgalyň ýabyna düşüp gizlin ýöredik. Köne ýap bizi edil howlynyň gapdalyndan eltdi. Kolhoz edarasy ýörite salynan jaý bolman, bir mülkdardan galan miras, Howly o diýen uly däl. Kyblasynda derweze, gündogar ýüzünde hem gapy. Gapydan giren ýeriň uzyn däliz. Däliziň iç işigi mülk eýesiniň seýishanasyna eltýär. Seýishana-da ýygnak bolaýmasa gaýry wagt boş. Içi arassa. Beýleki otaglar sklad, ambar. Hasapçynyň oturýan ýeri. Başlygyň jaýy, soňra kassa. Öwez aga kassa girsek bolsa, başlygyň kabinetiniň üstünden geçmese bolanok. Onuň näme üçin beýledigine men haýran. Henizem meni idip barýan deşli pyýada dyzyna çöküp, ellerini ýere diredi. Demini çalaja alyp diňşirgendi. Uzak bir ýerden, ähtimal Uşagan obasyndan bolsa-da biçem däl, arabanyň tigiriniň jygyldysy gelýärdi. «Ýeňiş» kolhozy welin ukuda. Biz bukdaklap howlynyň dört tarapyny, synladyk-da dälize girdik. Ýoldaşym şu ýerde meni özünden öňürti içeri saldy-da, boýnumdan syrytmagy çözdi. Goltugyndan sapança çykardy, onuň nilini dulugyma diräp «öwrül» diýip ümledi. Yzyndanam elime pyçak berip ýeňsämden itip goýberdi. Nätmeli? Yzyma dolansam ýolum ýapyk, gapynyň öňünde sapançanyň niliniň agzy edil göwsümden çenelgi. Öňe ýöresem Öwez aga. «Nätanyş köpege kesek atandan, öwrenişen şagalyň bilen guda bol» diýipdirler. Bu-da şeýle welin. Men elim pyçakly gapysyny kaksam, Öwez kassir maňa näme diýer. «Ýagşylyk duzçynyň ogly Tölegen gazak, sen bu aýsyz gijäniň içinde nämedip ýörsüň» diýmezmi. Tanasa-tanapdyr-da. Beýle uly baýlyk saklaýan adam, heý, saňa gapy açarmy. Näme açman, bu oba kakamyň, Konos aganyň ýagşylykdan özge eden işi ýok ahyryn. Menem şo gazaklaryň biri, oba belli. Ýatan çöpi galdyryp, ýa iliň itine kesek atan oglan däl. Bu oý-pikirler göz-açyp ýumasy salym içinde başa geldi. Iň bolmanda onuň başyna düşjek beladan bir ony habardar edeýin. – Dük, dük, Dük... Içeriden bir şakyrdy eşdildi. Emma ses beren bolmady. – Dük, dük, dük. Öwez aga! – Kim bi. – Men. – Sen kim? – Tölegen. – Tölegen. Sen bu wagtlar näme işläp ýörsüň. – Gapyňy aç agam, agam. Seniň bilen gürrüňim bar. – Şo gürrüňi erte goýaýanymyzda bolmazmy, inim. Öwez aga meniň bolşuma geň galdy. Wajyp habar bolmasa, ýa-da bir gyssagly iş çykmasa, meniň biwagt gapy kakmajagymy aňdy. – Tölegen, ýanyňda kim bar. – Ýeke özüm, Öwez aga. Gapynyň temmisi süýşen ýaly boldy. Işik bilen diwar arasyndan çalaja yş peýda bolup, ýüzüm birneme ýagtyldy. – Gir! Öwez aga ökjämi gyrdyryp gapyny derrew ýapdy. Injikdenem ýogyn pürsden edilen temmi ýerine süýşdi. Şeýdip gapy berk ýapyldy. – Öwez aga, hany gulagyňy bäri tut! Ol öçügsi ýanýan tutuk çyranyň ýagtysyna ýüzüme siňe-siňe seredip maňa golaý geldi. Sebäbi Tölegen gazagyň hiç wagt hiç kime hyýanat etmejegini ýeke bir Öwez däl, asyl bu obada hemme bilýärdi. – Tölegen, kakaňy tussag edenleri çynmy? – Hawa. – Eý towbeý. Bu nähili dünýä. «Dostum haýsy, duşman haýsy bilmedim» diýýäne döndi. Ol nähili halka duşman bolup bilýärkä? Sen näme görünmediň «Milisiýanyň alyp giden düýesiniň yzyndan gidipdir» diýip eşitdim. Soň seni obada gören bolmandyr. – Menem ýygnadylar. – Näme üçin? – Halk duşmanynyň ogly. – Oho... onsoň..? – Onsaň ynha görşüň. – Gaçdyňmy? – Ýok. – Boşatdylarmy? – Hawa, ýöne bir şert bilen. – O nähili şert? Men bir bada dymdym. Biwagt näme üçin bu ýere gelendigimi Öwez aga aýtmaga dilim barman ýaýdandym. – Bää, bu dünýäniň düzeljek wagty bir barmyka. Bigünä adamlary beýdip horlap. Bu aýylganç towky diňe bir seniň kakaň Ýagşylyk duzçynyň depesinden inmän, ol köp-köp adamlary heläkleýär. Soňy gowulyk bilen gutarsyn-da hernä – diýip, Öwez uly-uly demini aldy. – Agam NKWD-äniň Ýylgyn diýen bir sülçüsi bar eken. Ýenjip-ýenjip ödümi ýardy. Özem el-aýagymy daňyp urýar. Ahyry amana geldim. Ol kakamam özümem türmeden boşatmaga söz berdi. Ýöne bir şerti bar onuň. – Inim, aýt «ýamandan boýuňy satyn al diýýärdiler» Biz bitjek kömek bolsa aýamaly, çekinme. – Çekinmesem, men seni öldürmeli. – Ä. – Şeýdip kolhozyň kassasyny talap, puluny hem haltasy bilen oňa eltip bermeli. Öwez menden beýle sözlere garaşmadyk bolsa gerek, Onuň giň maňlaýy ýygrylyp, gaşlary çytyldy. Birdenem ýüzi ak tam bolup, reňki üýtgedi, Bürgüt penjeleri bilen elindäki hyrlynyň gundagyny tas döwüpdi. Ol zöwwe ýerinden turup hüjüme taýýar boldy. – Öwez aga, siz pikir ediň, heý, meň bu işi başarynmy. Onsoňam, beýdere siz näme ýamanlyk etdiňiz. Gazaklara ýer berdiňiz, iş berdiňiz, çatma dikip berdiňiz. Dary söküne zar wagtymyz bugdaý nan berdiňiz. Kakamam, Konosbaý aga-da, menem sizden, bu obadan minnetdar. Bigünä biriniň ganyna galyp ikinji bir ynsany ölümden halas etmek din-imana sygjak zatmy? Ine-de ýaragym käke1! – diýip ujy baldyryma ýetip duran jöwher pyçagy goltugymdan çykaryp Öweziň öňünde goýdum. Ol süňk desseli, sapyujy gaňyrçakly pyçagy görüp aňk boldy. Bir salymdan başyny galdyryp maňa sereden-de gijäniň tümlügini böwsüp äpişgeden diwara düşen ýalkym ikimizem tijedi. – Tölegen, bu näme? Stoluň üstünde ýatan pyçagymy derrew guşagyma gysdyryp äpişgä bardym. – Ýanýa. Ýangyn kä peselip, käte hem güýjäp äleme öwüşgin berýärdi. – Waý dogan, öýüm ýykyldy. Öwez dälirän ýaly otagyň içinde iki-ýana ylgady. Kä äpişgä, birem gapa baryp döwşeýärdi. Ahyry elindäki içi okly hyrlyny maňa tutdyryp, gapydan çykdy. Men indi bar zada düşündim. Ýangyn ýönelige ýa-da säwlik bilen dörän hadysa däldi. Kassa talanjak wagty, bilip bolmaz, gykylyk ýa-da atyşyk ýüze çykaýmagy mümkin. Şeýle bolaýanda oba içindäki ot, ýa-da oýanaýjak adamlarynyň ünsüni bir ýana sowmak üçin guralan iş. Bi Garakärizde galan ikinji atlynyň işi bolmaly. Gapynyň sagyna geçdim. Temmini ýarym açyp, hyrlyny ykjamladym. – Tölegen... Ses gapynyň o ýüzünden çalaja eşidildi. – Gapyny aç! Işan Döwiň sesi üýtgeşik eşidildi. Ol maňa buýruk berýän hemle urýardy. – Giriber – diýip, men oňa batly jogap berdim. Gapy ýuwaşjadan açyldy. Ilki Işan Döwüň goly, soňra ýagy gapydan göründi. – Aýyr temmini, köpeý ogly! Gapyny yzyna itip temmini ýene-de gowşatdym. Indi Işan Döwüň daýaw göwresi gapy bilen diwar arasyndan sytylyp içeri girip ugrady. – Aç diýýän saňa, doňuz, näme dursuň öwelip, bol basym. Bol! Gara göwre dyzap, gapyny itdigiçe haşşyldap demini alýardy. Men ykjamlandym. Hyrlynyň gundagyny bek gysyp, çekilgi mäşä elimi ýetirip, baş barmagymy ondan ildirdim. Işan Döw dyzap-dyzap göwresiniň ýarysyny gapydan geçirdi. Ine-de onuň gulakçynly kellesi. Gözümi ýumdum. – Güm... Işan Döwden ses çykmady. Onuň agyr göwresi ne daşary, ie içerik girdi. Ýykylmady. Ýarym açyk gapa dykyn boldy duruberdi. Men welin döşüme at depen ýaly entiräp, entiräp, tas ýykylypdym. Göwrämi zordan saklasam dyzlarymdan ysgyn gaçyp, başym aýlandy. Göwnüme bolmasa, iç aşym ýolunyp, aşak gaçaýan ýaly, ysgyn-mydarda» jyda düşdüm. Göreçlerimiň öňüni duman gaplap bir gapdala agyp gitdim... ...Ýangyna berilen Öweziň öýi ekeni. Gije, onda-da ýary gije süýji ukuda ýatan Sona daýza-da Hajaram bihabar. Ejesi bilen ýan-ýoldaşyny halas etjek bolup, oda özüni uran Öweziňem depesinden pürs gaçyp heläk bolýar. Ine şeýdip, dostlar, ilki Öwez agany, soňra-da meni jaýlaýarlar. * * * Gelin şol dymyp oturşyna ahyry özüni dürsedi. Çagasy ýadyna düşen ene ýaly birden ýerinden turdy. Ýüpe daňylyp taýýar duran oduny syrtmaklap arkasyna alyp ugraberdi. Menem ondan galmadym. Hajar ýylgynly oýdan geçen soň, oba däl-de, günüň dogýan ýerine tarap keseligine gidýän sokmak bilen ýöreberdi. Öňümizde uly bolmadyk belentlik bardy, Belentligiň o çetinde, ýadygärlik bolup sömelip oturan köne küňreden başga göze saldamly görünýän zat ýokdy. Sokmak ýokaryk galýardy. Hajar köteliň eteginde arkasyndan ýüküni düşürip, ýokaryk boş çykdy. Depäniň üsti giň. Ses ýetim meýdan. Eý hudaý, haýran galmaly. Alysdan haraba bolup görünýän küňre ýykylyp, ýumrulyp giden gadymy sardop1 bolsa nätjek. Dury suwly, durna göz guýy henizem çaýkanyp ýatyr. Guýynyň golaýynda, hol aňyrda, kimdir biriniň mawzoleýi bar. Mawzoleýiň töweregi gonamçylyk. Hajar, gabarasy gara öý ýaly, şahalary esli ýere ýetip duran toraňňa tarap ýöredi. Toraňňynyň aşagynda biri-birine ýanaşyk jaýlanan mazarlaryň biriniň ýanyna baryp diklendi. Ýaglygynyň ujy bilen agzyny ýapyp, sag goluny ýüreginiň üstünde goýup, çep elini gowşuryp eglip salam berdi. Türkmen gelinleriniň adaty şeýle. Olar, gaýyn ata bilen, gaýyn enä her gün ertirine şeýdip hormat goýýar. Hajar ikinji mazaryň başujunda dyza çökdi. Gumy baslygyp galan bu mazary bagryna basyp rahatlandy. Soňra elleriniň aýasyny giň açyp, emaý bilen mazary sypap-sypap gözýaş etdi. Ine, gardaş, türkmen zenanlary baş ýoldaşyna şeýle sarpa goýýar. Hajar üçünji mazaryň deňinde saklandy. Baş egdi. Bu mazar üç ýyl mundan ozal aýtmadyk sözlerini, açmadyk syrlaryny öz ýany bilen göterip giden gazak ýigidi Tölegendigini men sezsiz aňdym. – Ine, Gurban, muňa durmuş diýýärler. Durmuş bir aždarhadyr. Ol niçe-niçe gerçekleri ýakyp-ýandyrdy, kül etdi, Eger-de biz Diwan Peşmekleriň, Ýylgyn sülçileriň köküni üzüp, düýbüne palta urmasak olar entek köp-köp eneleriň göz- ýaşyna galar – diýip, adamsy Öwez, dosty Tölegen bilen hoşlaşan zenan ýuwaş ädimler bilen oduny goýup gaýdan ýerine tarap ýöneldi. | |
|
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |