SUW SEŇRIKDEN GEÇDI
Sygyrlar topbaklanyp aşak indi. Bu ýer oba mallarynyň köne ýodasy bolsa-da, kolhozyň öz mallary üçin bu ýol täzelikdi. Çünki, olar örä çyksalaram, sagyma dolansalaram köne güzerden ho-ol, bir çetden, goşa köpriniň inelgesinden sowa geçýärdiler.
Pada soň, goşulan hojalyk mallary bir bada hiç zat aňmadylar. Öri meýdanyndan biwagt sürülip gaýdylýanyndan närazy ýaly hümerden saýlanman gelýärdiler. Çopan taýagyny egnagaç edinip, sürüniň yzy bilen gelýän padyman, sesini çykarman gabagynyň teýi bilen maňa gaýta-gaýta seredip, «belanyň körügi sen» diýen ýaly gaşlaryny çytýardy.
Pada çekene ýoluna düşüp oba girdi. Indi sürüniň içinde hereket üýtgedi. Sygyrlaryň kä biri suwly ýabyň inişine howlugýan ýaly maýdalyna barýan mallaryň öňüne düşdi. Ýortaklap, öýlerine sowulmaga howlukdy. Meniň tüwäm başyny ýokary galdyryp, paş-paş edip, ullakan gözlerini tegeläp uzyn-uzyn molaberdi. Ädim peýläp sessiz-üýnsiz öýleriniň deňinde ýataklaryna özüňi kürsäp urýanlaram bardy.
Padanyň öňüni alyp barýan baş sygyr birneme badyny gowşatdy. Ol her öýüň deňinde sowulyp galýan sygyrlardan hem beter, daşary-da ýa-da üçegiň üstünde, depe-depe basylyp goýlan gowuşdan1, şaly samanyndan, düwelegi
__________
1 Gür ekilip, ot üçin ýaş orulýan jöwen.
ýolunmadyk gawun pazylyndan gelýän hoştap ot yslary höwes bilen demine çekip lezzet alýardy. Baş sygyr tas meniň tüwäm bilen bize sowulypdy. Emma gapynyň öňünde eli taýakly duran adama gözi düşüp, hyýalyny üýtgetdi. Ýatak eýesi tüwe welin, özüniň beýle garşylanaryna garaşmandy. Ol maňlaýyna degen kesewiniň azaryna bir ýerde durup bilmän, şallak atyp howlynyň daşyndan pyrlanýardy. Aýagy şypbykly, başy ýalaňaç daýzamam onuň yzyndan. Tüwä ýataga girere maý bermän:
– Häýt, haýwan, häýt! – edip, öz ýatagyna höwesek janawary deňinden geçip, obany soňlap barýan pada goşjak bolup janygýardy.
– Entek mal ýataga salynardan ir diýýän, bolaýmasyn – diýip, dostum hiç zada düşünmedik ýaly pekgelik etdi. yzyndanam:
– Halk-a halk, raýondan gelen barlagçynyňam gözüni baglap, hojalyk mallarynyň kolhozyňky hasap edilip sürä goşulmagynyň sebäbinde, seň daýzaňam habarly bolaýmaly – diýip, Merdan soragyny täzeledi.
– Elbetde. Ýogsam, ol bir hepdeläp ýatagyndan juda düşen janawary içeri salman beýder durarmy. Ferma müdiri onuň agasy ahyryn.
– Haýwan haýwandyr, onuň üçin çar tarap hezil. Ýataga salmasaň, meýdanda gezer, ýöne sen entek howlukma öýe bir gir, oýuny soň görersiň – diýip, dostum meniň ýanymda mundan artyk durman, eşegini debisläp, öýlerine tarap gitdi. Men göreşde ýykylan pälwan ýaly Merdanyň yzyndan seredip galdym.
Dostum ýalňyşmady. Sadap daýzam meni görüp, göleden ünsüni sowdy. Gandaryna sataşan ýaly öňümden çykdy.
– Ah, seniň bir çöpdüýbi, ýalaksyz güjük ýaly sokulmajak ýeriň ýok. Sen şu bosagadan ätläniň bäri, bu içeri ýykyldy. Bu tünegiň ojagyna gan çaýkaldy. Garry enäni köräp duran çägä gömüp öldüriň Babanyň läşi Şagadamda galdy. Indi gezek maňa geldi. Wah, ýurt ýykan, ýurt ýykandan bolan, düş eşekden diýýän saňa, ýer çeken! Men seniň ganyňy bir içeýin...
Eşegi gazyga sowdum. Içi dolup, gahary depesinden çogýan daýzam jüýjesini pişikden goraýan kürk towuk ýaly özüni üstüme zyňdy. Eşekden düşmäge-de maý bermän, ezenegimden çekip ýere ýykdy. Berk ýykyldym. Çiginim jyzlap gitdi. Ýegenlik borjumy berjaý edip, çydadym, gaýtargy bermedim. Aýal maşgaladyr, abyr-zabyr ederem gahary ýatyşar öýtdüm. Bolmady. Gözleri ganguýma, jynsy üýtgäp, dälilik derejesine ýeten daýzam, gitdigiçe beleň alyp, tutan ýerini goparaýjak bolup, etimden osup-osup adýardy. «Uruş, ýöne ýaraşara ýer goý» ederden ötüp, demir-dyrnaklaryň awysy ýüregime düşýärdi. Iň erbedi-de, ol güýjüniň ýetdiginden demimi petikläp, bokurdagymy sypdyrman bogýardy. Ahyry sylaşyk çeninden geçdi, öläýmegem aňsatmy. Tutdum albastynyň goşaryndan. Demgeçirim birneme gowşap, gözüm ýerine düşdi. Turdum. Henizem ýedim ýaly ýapyşyp ýatan daýzamy itip goýberdim. Ol meşik mysaly birgapdala agyp gitdi, Biziň dawamyzdan peýdalanyp, ýataga giren tüwämi daňmak üçin howla girdim. Daýzam meni bu ýerde hem goýmady. Ol yzymdan ýetip ýagyrnymdan kesew urdy.
– Bes et, gelin! Sylagyň ýetendir. Kelläň göçdi, seniň, beýtme, il-gün näme diýer. Hetdiňde dur. Gözümi ýumup, amanadymy ýaradana tabşyrýançam şony unutýan, bu tünegiň eýesi men. Eýsem beýdip ýatagy boşadaýmak bormy. Onsoňam, bütin halaýyk uruş meýdanynda, duşman güllesiniň öňünde döş gerýärkä, seniň agaňy «Kolhoz sürüsine gurt bolup darasaň, yzyndanam ogurlygynyň üstüni ýapmak üçin gözboýagçylyk edip, obany çürkesin» diýip, frontdan alyp galmadyk biz. Şo tetelli bigaýratlaryň eýsem duşmandan näme parhy bar – diýip, mama pert-pert gürledi. Men oňa haýran galdym. Dogrymy aýtsam, gulaklarymada ynanmadym. Dilsiz-agyzsyz, mysapyr gaýyn eneden beýle batyrgaýlygy asla-da garaşmandym.
– Enesi, siz gulak ujyndan eşidilýän howaýy gürrüňleriňe ynanma, bolsa-da şu ýoknasyza. Işan obanam gyran-jyran eden şu. Başlyk Diwan agany topary bilen ýygnadan hem seniň şu agtygyň. Indi biziň üstümizden düşdi. Bu oba-da ne at, ne düýe galdy, özüň habarly. Öküzlere deňiç fronta ugradyldy. Üstesine-de gyşyň ýowuz gelendigini unutma. Idegi, kem janawarlar öýken keseli degip gyrylmadymy.
– Ölse ölýäni bardyram welin, bizä «Kolhozyň maly gyrylypdyr» diýip eşidenimiz ýadymyza düşenok. Gelin, sen bizi ogry şägirdi etjek bolma. Çoşşynyň onsuzam şägirdi, kän. Niçe-niçe ýigitler nirelerde depe bolup ýatyr. Siz bu ýerde ýag iýip, ýalaňaç ýatýaňyz. Bu binamyslyk. Üstesine-de, bizi günümize goýaňyzok. Gelin, bir zady unutma. Ýurdy alahekge soraýan däldir. Ähli zadyň hasaby bar. Onsoňam Gurban jan indi oglan-oglanjyk däl. Agy-garany saýgarýar. «Dile geldi, bile geldi» diýipdirler gelin, men saňa köpden bäri bir zady aýtjak bolup, aýdyp bilmän gezdim. Göwnüňe degäýmejek bolup köp-köp horlandym. Meniňem gözüm bar. Üstesine-de il-gün... Çep başy gymyldasa – älem görýär. Seniň bu bolşuň telek. Şu günden başlap, ol Selim diýilýän deňgesäni şu bosagada görmäýin. Seniň, aganyň kolhozdan ogurlan zadyny bazardan bazara gatnap pul edýän şol ahyr. «Selim geljek, çaý gaýnat, Selim geljek, nahar bişir diýmäňden irip, boýnuma ýüp atmaga razy. Saňa Selim gerek bolsa, göteril, bu içeriden. Oglumam bir ýerde bardyr. Adam temen, ýa-da iňňe däl. Diri bolsa, çykar bir ýerden. Maňlaýynda ýazgydy bar bolup, öýdýän örse, müjerret geçesi ýok. Taý tapylar. Sen gidäýende-de, bu içeri boşady diýip gynanman. Meni biynjalyk edýän ýekeje bir zat bar. O-da Hüňkar oglumdan galan ýeke ýadygär şu gyzjagaz.
Mamamyň bogazy doldy. Ol gyňajynyň ujyny gözüne tutuş içeri girdi. Menem durun, Sadap daýzam ýeli çykýan sanaç ýaly gowşady. Ol mydardan gaçan göwresine erk etmän, duran ýerinde özüni aşak goýberip çökdi. Bu wagt onuň ne gözünde, ne ýüzünde many bardy. Ol asyl, zenana-da meňzänokdy. Şeýdip daýzam uzak oturdy. Menem ne daşary çykdym, ne içeri girdim. Sömelip duruberdim. Suw bir eýýäm seňrikden geçipdi.
Powestler