21:58 Zyndanda ýanan şem -2: Ilkinji ädim | |
ILKINJI ÄDIM
Powestler
Her kimiň bir endigi bar. Kim ukyny, kim uzyn gijesine ýeke oturyp okamany halaýar. Iýmek-içmekden lezzet alýanlaram bar. Özüm-ä ir oýanýan. Gün dogmazynyň öň ýanyndaky säher howasyny halaýan. Wah, göwsüňi dolduryp, dolduryp dem alsaň welin, dünýäň giňeýär. Daşary çykamdan soň uzak durmarsyň. Ilki serçeler jürküldeşer. Onuň Yzysüre gargalar ses berer. Sokra çar tarap mukama dolar. Horazlar – «gyka-gyk-u». Itler «haw-da, how». Göleler – «moda-mo». Işikler-şarkyldar. Ýaplyklar-gürpüldär. Bu zatlaryň hemmesi meniň durmuşymyň aýrylmaz bir bölegi. Meniň şol ajaýyp dünýämiň örki ejem, diregi kakam dälmi näme? Eger-de ädikli wakadan ozal kimdir biri maňa şu goragy beren bolsa men oňa säginmän «hawa» diýerdim. Bu gün, welin beýle däl. Gözýetim aralykda salgym bolup meni uzak-uzak ummanlara alyp barýan şol dünýä çyra çüýşesi ýaly döwlüp, çym-pytrak boldy. Men şol çyranyň daşynda perwaz urýan kebelek. Daň atyp, gün bir eýýäm dogdy. Kakam işine gitdi. Ejem öý içerisi bilen gümra. Men welin düşekde. Aýaklarym agyrýardy. Aýratyn hem gar depelän ýalaňaç aýagym hupbat baryny görýärdi. Özüm bilen dek düýnüň özünde bolup geçen wakalary «ýene-de bir sapar göz öňüne getirip, olaryň baryny ýekän-ýekän seljerdim. Hemişe bile oýnap, bile-de okap ýören ýoldaşlarymdan, mähriban öýümden, ata-enemden aýrylyp, jahanda ýeke galaýan ýaly howsala düşüp çykalga gözledim. – Belki-de, belanyň körügi özümdedir–diýip, şunça içimi hümletsem-de bolmady. Nazaryň yrsarap, girriklik etmegiň, maňa azar berşini beýleki oglanlaram gördüler ahyr. Şonda-da men günäli. Näme üçin? Bu soraga jogap beren tapylmady. Ine şeýdip meniň durmuşymyň ýene-de bir güni geçdi. Kakam işden geldi. Ejem sessiz-üýnsiz oň öňüne çaý goýdy. Soňra nahar äberdi. Men welin ýatdan çykdym. «Bu nämäniň alamatyka? Ilki bilen-ä meni ýoldaşlam, deň-duş oglanlarym, azaşyp oba giren şagala dönderdiler. Muny bir tötänleýin bolan ýalňyşlyk diýeli. Arkadagym, diregim, görüm-göreldäm bolan kakamyň beýtmesi näme? Ynha, indi bolup ýatyşym. Aýagymy sowuk alan bolsa nätjek. Belki-de, men hiç kime gerek däldirin? Bu aýylganç pikir meni lerzana getirdi. Ädiksiz galan aýagymyň barmaklarynyň ujunda şeýda bolan çydamsyz awyny-da unutdym. Şol wagt gapymy açyldy. Öýümize biri girdi. Demirgazyk Türkmenistanyň howasy dag etegi ýa-da günorta bilen deň däl. Bir aý öňürti gyş düşüp şonda-da bahar giç gelýär. Tomsuna petiş , gyşyna sowuk. Şonuň üçin bu etraplarda pejiň aýratyn bir görnüşi bar. Bu peç kerpiçden salnyp, gapydan giräýen ýeriňde, adam boýy belentlikde, diwar ýaly, otagy ikä bölüp dur. Şeýle peçler bir gyzaýsa, çilläniň aňzagy gapydan şuwlabersin. Eden işi bolmaz içeriň ala-ýaz. ...Gapydan giren myhman bir bada görünmedi. Ol bäri ýöräbermän peje gabat bolup duruberdi, Meniň howsalam artdy. Eger-de bu gelen Nazaryň kakasy Otuz aga bolsa, gykylyk täzeden başlanjakdy. «Bu sapar meniň urulaýmagymam ähtimal» diýen pikir kelläme gelip göwräm bir ýere ýygnaldy. Ýorganymy başyma çekip aşak sümdüm. Myhman salam berip seslendi. Gelen adam Nazaryň kakasy däl ekeni. Küti ýapynjanyň aşagynda tas hopugypdym. Aýaklarymy ýazyp başymy çykardym. Ulularyň gürrüňlerini diňlemek hezil ahyryn. Ýegşem aga howlukman saglyk-amanlyk soraşdy. Soňra possunyny diwara kakylgy gazyklaryň birinden asyp, kakamyň görkezen ýerine geçip oturdy. – Şükür hudaýa. Juma, özüň sag-amanmysyň, gurgunmysyň. Şu pejiň gadyry ýog-ow. Bizem gurduraýmaly şuny. Şo geleňsizlik bilen galyp gelýär. Taňňyr peçe ot ýakýaňam welin bada gyzýaram, sowaýaram – diýdi. – Gurdur, gurdur. Bu pejiň lezzeti aýratyndyr, Ýegşem aga – diýip, kakam jogap berdi. – Agşam aýazy düşdi, at üstünde üşedim – diýip, ýaşuly çäkmeniň ýan kisesine elini sokup, onuň içinden ýüz syrylýan ýelýyrtan ýaglyk çykardy. Kakam myhmana çaý guýdy. – Al, iç, ynha derrew gyzynarsyň, häliden bäri deme duran, ýah çaý. Ýaşuly ýaglygyny burnuna tutup «hyň, hyň» edip bir-iki gezek burnuny pyşyldatdy-da çaýly käsäni eline aldy, – Ynha çemçe, Baryndan naharam iýeli. – Iý, iý özüň, bereket bersin. Gowusy, men bir käse çaý içeýin. Suwsabam durun şu wagt – diýdi. – Iýäýseň gowy görjek-dä. Hiç kimden ses çykanok. Kakam nahar iýýär, myhman çaý içýär. – Juma, seniň o dogmajygyň hany? – Bar. – Tüweleme, indi hyzmata ýaraýan bolsa gerek. – Kakam dymdy. Bir bada myhmana jogap bermedi, soňra elindäki kaşygyny çanagyň çetinde goýup, myhmanyň käsesine täzeden çaý guýdy. – Aý, boljak öz-ä. – Meniň ýagdaýymy özüň bilýäň. Allatagala maňa dogma bermedi. Gyz maşgala gyz bolaýýar. – Ýogsam-da, Ýegşem aga, bu ýyl dowarlaryň ýagdaýy nähili? – Ot-iým meselesi bir kadalymy? – diýip, Kakam menli meseleden myhmanyň ünsüni sowjak boldy. – Erbet däl, oňuşsa boljak. Aýak otam bar entek. Onsoňam oba arasy, oba bolýar. Ertir çykaryp meýdana kowsaň, süriniň azary ýok. Meni köseýän zat ýekellilik. Süri diýseň hojalyk, hojalyk diýseň süri galyp barýar. – Wah, derdimi gozgama. Ýegşem aga. Özümem kökenek bolupjyk geçäýýän – diýip, kakam myhmandan beter derdindi. – Zeýrenme inim, zeýrenme, sen entek ýaş ýigit, Görjegiň öňüňde. Gyzlarymyň ikisem ýetişdi. Olary sag-aman nesibeli ýerine gowşuryp dynaýsam, armanym ýok. – Çolukly meselede başlyk näme diýýär? – Başlygyňam bir bilýäni bardyr-da. Biz-ä şoňa diýme kemini goýýan däldiris – diýip, ýaşuly başlygymyz Diwan aga kesesinden nägilelik bildirdi. – Üç ýyldyr şol bir heňi «howlukma». Ol-a meniň goşumy dagatdy. Kime garaşýandygyny bilemok. Ber diýýän adamymam berenok. Gaýtam «öň ýetene, heý, baýlyk ynanyp bolarmy» diýip, kolhoz adamlaryna ynanybam duranok. – Indi, şu küren obadan bir çopana çoluk bolar ýaly adam ýog-ow – diýip, kakamam geňirgendi. – Kolhozyň-a berýän zady ýok. Her neneň işle, parhy ýok öndürilýän önümler, pagta, ýüň, garaköli, et-süýt nirä gidýärkä. Edil guýa zyňylan ýaly. Maşgalany eklemek muşakgat. Ekine-de el gerek, göz gerek. Gije-gündiz süriniň yzyndan aýrylyp bilemok. Ine, şeýdip öten ýyl jöwenimizi durşuna diýen ýaly serçä berdik. – Wah, zaýalapsyň-da – diýip, kakam Ýegşem aga duýgudaşlyk bildirdi. – Öz ýagdaýyň nähili? Iýerligiňi alyp bildiňmi? – diýip, myhman kakamyň wawwasyna ot basdy. – Tas, gallaç galypdym, eşidensiň-ä ony. Tohumlyk jöweni ura gömäýmenmi. – Oňarmansyň! – Ata-baba edilýän iş-dä şol. Beýle boljagyny kim bilipdir. Garaz, hemmesi özümden, üsti ýukarak galyp ýagyş geçiripdir. Bahar geldi, uryny açdym. Birneme ýellesin diýsem, ol-a heňläp gidipdir. Asyl ony malam iýmedi, Onsoň «tohum ber» diýip kime barjak. Eşekleriň birini satmaly boldy – diýip, kakamam öz gezeginde derdindi. – Heme tohumlyk dänäni ura gömerlermi? Halta salsaň, durmazmy ol bir burçda. Daryşganlygam-a dol içeriň – diýip, myhman zeýrendi. – Parhsyzlyk-da, asyl pikir bermändirin şo zatlara. Zady harlasaň hor bolarsyň, inim. Honha «käşir goparylman galdy» diýýäň. Kärendeçä beren bolsaňam käşirli bolardyň. Yrsgalyňy gargalara beripsiň. Iň bärkisi, ogluň bar ahyry. Çaga-da bolsa, günde iki bedre ýygmazmydy ol – diýip, Ýegşem aga aýlanyp-öwrülip gürrüňi ýene-de menli meselä syrykdyrdy. – Ogul bolaýşyny, «Ejem ogla» bi, öý üçin jinnim ýaly iş edeniňden oýnanyny gowy görýär – diýip, kakam meni bir sözde püçege çykardy oturyberdi. – Be, ýoknasyz-ow. – Asyl, ýakasy gaýyşlymy diýsene, Menem bir messepsiz. «Pylany çagasyny hor saklaýa» diýmesinler, öýdüp, özüm çokaýly gezip ýörkäm buga satyp, muňa bir gowy ädik alyp berdim. – Ussagazakdan aldyňmy? – diýip, myhman anyklap sorady. – Ol ädigiň bahasyna Ussagazagyň tikýän çig çerim ädiginiň üçüsini berjekler. – Onda hakyt teletin ädik-dä? – diýip, Ýegşem aga kakamy öjükdirdi. Yzyndanam: – Oňarypsyň, Ussagazagyň tiken aýakgabyna pul bersek berýäsem welin, gyşyň geçmesi muşakgat. Çokaý bolsun, ädik, parhy ýok, başlygyna saman dyka-dyka gyşy zordan geçirýäň. Seň alan ädigiň bolup bilse çyn ädik – diýip, kakamyň eden işini ýaşuly çopan oňlady. – Oňarmasyna-ha oňardym welin... – Bugany näçä berdiň? – diýip, myhman ýene-de kakamyň sözüni böldi., – Ýüze. – Gowy beripsiň. Ädik näçä düşdi? – Altmyşa. – Pah, pah, seret muňa, bir göläniň bahasy. Beýdibermelem däl ekeniň. Çaga çokaý bilenem oňardy-la. Entek ol, bu wagt zat gadyryny bilmez – diýip, Ýegşem çopan kakamy has hem gorjady. – Myhmany halamadym. Ýeri, iliň näme edýäni bilen seňiň ne işiň diýsene. – Dogry diýýäň, Ýegşem aga, ädigi hepdä ýetmän zaýalady. – Üstesine bir taýyny suwa gaçyryp özem hanha ýatyr. – Şol ädigiňmi? – diýip, myhman hut öz aýagy ýalaňaç galaýan ýaly geňirgendi. – Şol uly loburdan bökýär-dä. – Seň ogluňmy? – Hawa. – Şol Homaý ýapdanmy? – Hawa. – Wä-ä, heýwere-daý seniň onyň loburdan bir böküp bolarmy? Özem suwdan püre-pür. Içine gaçandyr-ow diýip, myhman otukdy. – Içine-hä gaçmandyr däninim, ýöne bir aýagy gyra düşüp, taýypdyr, şeýdibem buza oýulýar-da. – Ädik häzirem suwdamy? Wä-ä-ä... – Ýok, tapdyk, ýöne iş berdi bize. Ilki bilen bir giden meýdanyň buzyny, döwüp, soňra kim ýabakly, kim çarşakly geçdik daşyna, garaz, bütin oba iş boldy, suw süzüp heläk bolduk, zähmediň ýerine düşen bolsa bolupdyr, Juma. Diýsek diýer otyrda. Çokaýam bir zat däl. Her aýagyňa üç gezden dolak gerekmi? Gerek. Oltaňlyk keçe diýermiň, ýüňden örülen çokaý bagy diýermiň o-da aňsat däl – diýip, myhman kakamy birneme köşeşdirdi. – Şo zatlary hut özi gazanyp tapmaly bolsady, ine, onda aýak basjak ýeriniň niredigini seljerip ätlärdi – diýip, kakam has hem derdindi. – Hany, ogluňa alan ädigiňi göreýin – diýip, myhman ädikli meseläni ýene-de hetjikledi. – Men ýorganymy başyma çekdim. Kakamyň myhmana indiki diýjek sözlerini eşidesim gelmedi. Ýöne Näme üçindir kakam myhmana ädik görkezmäge howlukmady-da, gaýtam, ojakda häliden bäri lakyrdap duran kündügi eline alyp, täzeden çaý demledi. Men küti ýorganyň teýinde uzak ýatyp bilmedim. Ýuwaşlyk bilen ýene-de burnumy çykaryp, arkan ýatyşymdan bir gapdala öwrülip, eňegimi galdyrybraga-da ýatyberdim. Ýene-de myhman maňa doly görünýärdi... Ol buýralary seçelenip duran Hywa telpegini başyndan aýryp, derjigen takyr kellesini howlukman, ykjam syrdy-da, ýaglygyny ýüzüniň ortasynda geriş bolup duran burnuna tutup ardyndy. Soňra, ataş bilen ot ölçerip oturan kakama nazaryny aýlady. – Juma, men turaýyn. – Otur-da entek, çaýymyzy täzeledik. Bir-iki käse iç, ýa-da howlukmaçmy? – Howlukmajam däl, howlukmanam duramok. Meniň senlik bir işim bar – diýdi. – Bizlik işiňiz bolsa, aýdyp oturyň, Ýegşem aga – diýdi, kakam. – Neme, bi... o şu dogmaňy maňa bir hepdelik bermezmikäň – diýip, geldim. – Äh – diýip, kakam ataşgiriniň otly agzyny alakçyna diräp başyny galdyrdy. – Uly bilen deň hatarda hakyny bereýin – diýip, myhman sözüniň üstüni ýetirip dymdy. Kakamyň ataşgiri jüpdek ýaly herekete girdi. Ol tüsse bolup, pyssyldaşýan ýarym közli kesindileri ojagyň törüne atyşdyrdy. – Bu oglana näme etdirmekçi bolýaň? – diýip, kakam myhmanyň ýüzüne çiňňerildi. – Sürä kömekçi gerek. – Başarmy, onsoň... okuwam-a bar munuň, ony nätjek – diýdi, kakam. – Onysy hiç. Ony özüm oňaryn. – Soňundan gep geläýmese. – Ýa, eý-ý, özüm oňaryn diýdim-ä saňa. – Maral, aý, Maral! – diýip, kakam oturan ýerinden ejemi çagyrdy. Aýagymyň ýürege düşýän awysyny hem unudyp, tirse- gime galdym. Ejem gapyda peýda boldy. – Maral, hany bir salym otyr. – Ejem iç otagdan çykan ýerinde, diwara arkasyny berip oturdy. – Ýegşem aga, seň ogluňy diläp gelipdir. Çoluk edinäýsem diýýä, neneň görýäň – diýdi. Ejem derrew maňa tarap öwrüldi. – Eje, men razy. – Berekella, berekella, inim, Hem-ä iş bitirsiň, hem-de kakaňa ýük bolmakdan dynarsyň – diýip, myhman menden razy boldy. Ejem welin, sesini çykarmady, gelşi ýaly hem turup, ýene-de öz otagyna girip gitdi. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |