22:56 Zyndanda ýanan şem -7: Iñ soñky duşman | |
IŇ SOŇKY DUŞMAN
Powestler
Sülçi diýýäne haýran galdym. Baý onuň irginsizligini. Berýän soraglaryny diýsene, ýadyňa-oýuňa düşjek zat däl. Özem ýazyp bilen kagyzyny ýazdy. Näme ýazýanyny it bilsin. Çäşem golak ikimiz halys bolduk. Oň welin, jany demirdenmi, daşdan, belli däl, ne dynç aldy, ne çaý içdi. Ahyry, ýazan kagyzlarynyň hemmesini bir ýere jemläp päpke ýasady. Ony ykjamlap demir sandykda gulplady. Soňra gapynyň iç ýüzünde, doňdurylan bürünç esger ýaly dik duran milisionere eňek atyp, bir zady yşarat etdi welin, şo bada milisionerleriň biri Çäşem aganyň alkymyna dykylyp geldi. – Ýaşuly, ýeriňizden turuň – diýip, buýruk berdi. Çäşem golak agraslyk bilen kürsüden galdy. Bu wagt, ýaşulynyň ýüzünde gahar-gazap, kütelişen göreçlerinde ahmyr bardy. Milisioner bukdum oýnaýan ýaly, ýaşulynyň gol tugyny, jübi kiselerini sermenip, nämedir bir zat agtarýardy. Emma ol, her neneň bihaýalyk etse-de, Çäşem aganyň jübüsünde del zat tapmady. Sülçiniň muňa lapy keç boldy. Sülçi ýaş başyna ýetmiş ýaşan garry ýaly garalyp içine çöküp giden owasynyň düýbünde kül içinde sönüp barýan köz ýaly gözlerini bir nokada jemläp: – äkit – diýdi. Menem ýerimden turdum. Emma sülçi uzyn ellerini sozup egnimden basdy. – Otur! – Ýoldaşymdan galmaýyn-da, agam. – Wah, menem seň ýoldaşyňyň ýeke gidenine gynanýan. Alaç ýok. Sen entek ýaş. Üstüňden ýene bir iki gyş ötsün. Onsoň men seni taparyn, ine onsaň ýoldaşynyň yzyndan ýetersiň. Sen oglan, meniň şu diýen sözlerimi ýatdan çykarma – diýdi. Sülçüniň bu aýlawly sözleriniň manysyna şo bada düşünmedim. Emma Çäşem aganyň mensiz oba gaýtmajagyna gözüm ýetensoň, arkaýyn oturyberdim. Ýöne sülçi meni uzak saklamady. Açyk gapynyň daş ýüzünde duran milisioneriň eline sygyryň dili ýaly bir kagyzy berdi-de, meňi oňa tabşyrdy. Aýagy gara ädikli, egni uzyn şinelli, bili gaýyş kemerli, gapdaly sapançaly, başy harby gulakjynly bu adam, goşarymdan tutup, kör iden ýaly meni daşaryk alyp çykdy. Soň howlynyň gündogar ýüzünden öwrülip ilerligine gidýän darajyk köçä düşüp gitdik. – Ýaşuly, meni nirä alyp barýarsyňyz? – Ynha, baraňsoň bilersiň – diýip, milisioner ýüzüme-de seretmän jogap berdi. Men ädimimi haýallap saklandym. – Näme, how? – Ýoldaşym bolmaly ahyry. – Ýör, ýoldaşym inim, barmaly jaýyna gowuşdy. Indi sen ony görmersiň – diýdi. – Çäşem aganyň oba mensiz gidesi ýok – diýsem diýdim welin, sözlerime özüm ynam etmedim. Süňňüm nämedir bir aýylgançlygy syzýan ýaly, kalbymda gopgun peýda boldy. Milisioner meni daşy haýatly, etek ýüzi hatar-hatar derekli. Derwezesi bek ýapyk, kaşaň jaýa getirip tabşyrdy-da; yzyna dolandy. Kiçijik murtly, sakgalsyz, buýra-buýra saçlary telpege çalym edip duran nurana ýüzli adam bilen bir otagda galdym. Ol bir salym dymyp oturşyna meni başdan aýak synlady. Soňra, ýerinden turup ýuwaşlyk bilen ýanyma gelip egnime elini goýdy. Günuzyn aždarhanyň gazygyna daňlyp, süňňüm sarsyp durka, özüm üçin beýle beýle artykmaç mähire garaşmandym. Nätanyşyň atalyk mähri meni pagyş-para eretdi. Owamyň içinde meşik ýarylan ýaly gözlerimden çeşme çogdy. Nätanyş maňa päsgel bermedi. Aglap-aglap içim boşansoň dillendim. – Ýetim oglan hor bolar, Depesinde ýol bolar. Ýetim gezen köçeler, Giň bolsa-da, dar bolar! diýip, guraksy elleri bilen henizem ýaňaklarymdan düwmelenip duran gözýaşlarymy syryp uly-uly demini aldy. – Ejeň-kakaň barmy? – Hawa. Nätanyşyň gür gaşlary çytylyp gitdi. – Ejeň bilen kakaň bile ýaşaýarlarmy? – Hawa – diýip, başymy galdyrman jogap berdim. – Garagolluk edýänsiň sen, öýüňizden gaçdyňmy? – Ýok. – Onda seniň näme ýazygyň bar? Kabinetiň eýesi meniň berýän jogaplarymdan göwni suw içmän dymdy. Ümezläp duran gabaklarymy owkalaşdyryp, gubarlap duran göreçlerimiň öňüni açyp nätanyşyň ýüzüne täzeden seretdim. Ol meniň pikirimi aňdy. – Oglum, meniň saňa nähili kömegimiň degjegini-hä bilemok. Ýöne, näme gaýgy-hasratyň bar bolsa, çekinme-de aýdyber. Şu ýaşda namys hasraty gursagyňda berçin alyp çöküp galsa, ol saňa soň-soňlaram hezil bermez, ýük bolar. Nätanyşyň bu sözleri kalbymda umyt döredip, bahar howasy ýaly hoş ýarady. Kabinetiň içinde oturara kürsi kän hem bolsa, oturman dik duran ýerimden kolhoz malynyň dargadylyşy hakda, mekdepde çeken karikaturalarym barada aýdyp, Çäşem golagyň adyny tutamda nätanyş ýerinden laňňa turdy. – Wah, asyl sen Işangalaly ekeniň-ow? – diýip, diwar eteginde hatar goýulan kürsüleriň birine geçip, gabat garşymda oturdy. – O nähili beýle bolýar. Çäşem golagy bütin il tanaýar. Şol sülçiniň kakasyna Töre çokaý diýýärler. Töre çokaý bir pukara adam bolan. Öz gününi özi görüp bilmän, obadan iki küde ýandagy ogurlap masgara bolýar. Töre göçýär. Soňra rewolýusýa başlanýar. Töre dolanyp oba gelmän, galtamanlara goşulyp guma siňýär. Bu-da uzak bolman galtamanlaram dagaýar. Töre ele düşýär. Hökümet öňünde güwä geçip, Töre çokaýy zyndandan boşadan Çäşem golak ahyryn – diýip, kabinet eýesi ör-gökden geldi. Bu zatlaryň hemmesi Diwan Peşmekden çykýar. Ýöne näbileýin, bu ýagdaý uzak gidermikä – diýip, ýaşuly meni yzyna tirkäp uzyn däliz bilen ýüzünde Gyzyl haç belgisi çekilen gapynyň öňüne getirdi. Gapyny açdy. Ýüzüme haplap uran derman ysyna gaňşyrowugym gijäp gitdi. Tas asgyrypdym. – Şu çagany kabul ediň – diýip, ol doktora ýüzlendi. – Bolýa, ýoldaş direktor – diýip ak ýektaýly aýal jogap berdi. Maňa beýle mährem, bu nurana adamyň çagalar öýüniň direktorydygyny şu ýerde aňyp galdym. – Kel, munda – diýip, dogtor daýza maňa düşnükli dilde ýüzlendi – ähtimal tatar bolsa gerek. – Papakyňdy şykar. Takyr kellämi ýalaňaçlap, gulakçynymy elime alyp duruberdim. – Güpbiňi-de çykar, balagyňam. Güpbimi-de çykaryp, dogtaryň soňky sözüne düşünmän «näme diýýäňiz» diýen äheňde oňa bakdym. Ak ýüzli, nar ýaňak, gara gaş, inçe bil, bu aýalyň ýüzünde alada alamatyndan başga zat aňman özümiň nalajedeýinligime, dil bilmezligime utandym. Birden ukol ýadyma düşüp özümi dürsedim. «Ukolyň agyrysy Diwan Peşmegiň gamçysynyň awysyna bolmajagy belli ahyryn» diýip, ýene-de içimi hümletsem-de soranymy duýman galdym. – Sançjakmy? – Ýuk, balam. Seni äýbet kürerge keräk – diýip, lukman ýeňňem ýeňsäme geçip, biz köýnegimi ýokaryk düýrledi. Ýagyrnymy, gursagymy emaý bilen sypady. Goltuklarymyň teýini gördi. Garasaý tiken tapjak ýaly endam-janymy görüp çykdy. Sagrymda tagma bolup galan gamçy yzlary barada hiç zat soraman papagymy başyma özi geýdirip, ýerine stolunyň başyna geçdi, – Atiýiň ady? – Äh? – Kimdiň balasy sen diýip suraýman. – Tagan ogly Juma ýaçeýkäniň. – Öz isimiň kem? – Äh? – Adyňdy suraýman – diýdi doktor. – Hä... ä Gurban, Gurban Juma ogly. – Okysyňma? – Hawa. – Haýsy klasda? – Bäşinjide. – Tüwülgan jylyndy biläsinbä? – Ýigrimi ýedinji ýyl. Doktor meniň diýen zatlarymyň baryny bir tagta kagyza ýazyp boldy-da, kabinetinden çykyp gitdi. Men ýeke galdym. Emma, ýekelik uzaga çekmedi. Doktor aýal iki bolup dolanyp geldi-de, maňa ýüzlendi. – Gurban siz häzyr hammamga barasyň. Ýuwunup keýinesiň, jatatygan jeriňdi hem körsetedilär. Hammamy nirede gördüm. Tomusdan tomusa ýeke gezek ýuwunýan adam hezil etdim. Bir söz bilen aýdamda «gökdäki dilegim ýerden gowuşdy». Üç wagt nahar, ak ýapynja, ýumşak ýassyk, iň esasy hem alada ýok, bu zatlary men düýşümde-de görmändim. Barymyz bir jem okuwa gidýäs. Üýşübem nahar iýýäs. Oglanlar howlynyň içini-daşyny syryp süpürse, gyzlar pol ýuwýarlar. Naharhanada nobatçylyk edip, aşpezlere kömek berýärler. Asyl biziň boş ýagtymyz ýok. Ýöne, gijeler welin, daňa çykmam kyn. Ejem, jigim, kakam dagy göz öňümden gidenok. Öýden gaýdanyma eýýäm bir hepde boldy. Obadan hiç hili habar ýok. Çäşem golakdanam derek ýok. Meniň bu ýerdedigimi olar bilenoklarmyka? Ýa-da kakam menden habar almaga Diwan Peşmekden gorkýarmyka? Gorkmazça-da däl ahyryn. Ol şo gije «diliňe bek bolmasaň gözüňi Sibirden açaryn» diýipdi ahyr. Ine şeýdip, ýene-de bir hepde geçdi. Şäher durmuşy bilenem, täze mugallymlar bilenem öwrenişdim. Sapar Muhat ogly, Iwan Mişenko, Sweta Hakyýewa ýaly gowy ýoldaşlar bilen sataşyp, olara aýrylmaz hemra boldum. Ullakan arakesmede üç bolup klasda otyrdyk. Pikirimiz diwar gazetine goşgy ýazmak, onuňam öz sebäbi bar. O-da meniň ýatkeşligim. Ýüregim gysyp, oba ýadyma düşüberende hiňlenip eşitdirip, eşitdirmän goşgy okardym. Monjukatdylary, ýomaklary ýatdan aýdyp, gazallar okardym. Ýoldaşlarym agyzlaryny açyp diňlärdiler. Meni şahyr öýdüp hormat goýýardylar. Gapymyzda bir oglan peýda boldy. Ol içeri giren badyna klasa atyr ysy ýaýrap gitdi. Gara kastýum, ak köýnek ýakasy galstukly bu oglany tanamadyk adam biziň başlygymyz Diwan Peşmegiň ogly, işek etinden gowurma küýsän Ynkylap däl-de, mugallymdyr öýtjek. Ol okuwça mahsus däl hereketler bilen mugallymyň oturýan stolunyň ýanyna gelip daýandy. Ynkylap tekepbirlik bilen meniň ýüzüme nazaryny dikip, gapdalymda oturan ýoldaşym Sweta ýüzlendi. – Sweta, sen täze dostuňyň kimdigini bilýäňmi? – Hawa bilýäň. Gurban Jumaýew, has Takygyny aýtsam Gurban şahyr. Işangalaly Juma ýaçeýkanyň ogly. Başarjaň oglan, käbir okuwçylar ýaly gury dil däl-de, durşy bilen talant, sen Gurbanyň çekýän suratlaryny bir görsediň... Ynkylabyň ýukajyk gulaklary oýnap gitdi. Tes-tegelek ýüzi süýnüp, tas, dodagy çöwürlipdi. – Ynha, men saňa goşgy hem-okap bereýin – diýip, Sweta söz gezegi deňinden ötäýjek ýaly jidirdedi. Bagt beren sensiň, Eý, beýik serdar! Watanym, ilim – Saňa minnetdar! Goşgy Ynkylabyň gulagynyň ýele ýanyndan geçdi. Ol nazaryny menden aýyrman; – Bu tetellide goşgy bolmaz. Gör, ol haýsy kitapdan ýat tutan goşgusyny «meňki» diýip sizi aldap ýör – diýip, başlygyň ogly şerraý gürledi. – O nähili aldaýarmyş. Gören-eşiden zatlaryňy boluşy ýaly surat edip kagyz ýüzüne senem geçir bakaly, göreli, nähili bolarka. Başarmarsyň. Gurban hut biziň gözümiziň öňünde surat çekip otyra – diýip, goňşy partada, oturan oglan Sapar Ynkylabyň şaltagyna garşy çykdy. – Hany Gurban, şu Ynkylabyň öz suratyny bir çek. Goý, ol seniň kimdigiňi görsün – diýip, Sweta öňünde ýatan surat depderini maňa tarap süýşürdi. – Ynkylap ozalam bir ýola öz suratyny maňa çekdiripdi. Ýöne arman, men ony başlygyň ogluna ýadygärlik berip bilmedim. Ýöne, men bu arzuwymy iru-giç berjaý ederin diýen umydym bar – diýemde Ynkylabyň gonjuna gor guýulan ýaly boldy. – Bütin bir obany aldap ýörýän deýýusyň ýanynda siz dagy näme. Ynha, okaň – diýip, ol jübsinden dört eplem bolan gazet çykaryp biziň öňümize oklap goýberdi. Gazeti garbap aldym. Onuň epinlerini ýazyşdyryp görýänçäm jaň kakyldy, sapak başlandy. – Şu gezekki sapagymyzyň temasyny göwrümi uly. Öýe berlen ýumuşy siziň ähliňiziň ýerine ýetirendigiňize ynanýan, şonuň üçin öýe berlen işi barlamaga wagt sarp etmän, täze sapaga girişmeli – diýip, mugallym Sähet Nury öz ýany bilen göterip gelen ullakan kartasyny tagtadan asdy. Mugallym Baltika deňziniň üsti bilen gelip Russiýa çozan Şwed goşunlaryny Newa derýasynyň kenarynda derbi-dagyn eden ýigrimi ýaşly serkerde Aleksandryň, öz adynyň yzyna Newskiý lakamyny alşy barada jikme-jik gürrüň berýärdi. Rus knýazynyň deňi-taýy bolmadyk bu edermenligiň bizi haýran galdyrsa-da, meniň pikirim başga ýerdedi. Ynkylabyň bize goýup giden bu gazetinde özüm hakda näme-nämeleriň ýazylandygyny bilesim gelýärdi. Meniň ýagdaýymdan bihabar mugallym bütinleý Aleksandr Newskiniň gaýduwsyzlygyna berlipdi. Ol elindäki inçejik, uzyn tal çybyk bilen kartadan bir zatlary görkezIp şeýle bir düşündirýärdi, şeýle bir janygyp gepleýärdi, özüni hut Aleksandr Newskiniň ýanynda däldirin öýtmeýärdi... Assyrynlyk bilen gazeti okap ugradym. «Gowaça ekişi dowam edýär», bu ýerde men hakda gürrüň bolmaga esas ýok. «Partiýa ýaçeýkalary hereketde», «Mallaryň baş sany artýar», Gazetiň beýle ýüzüni öwrüp başymy galdyrdym. – «Hile-de bir batyrlykdyr ýerinde. Ony başarmaga ýigit gerekdir» – diýip, mugallym, Aleksandr Newskiniň edermenligi hakdaky kyssany basybalyjylary hilegärlik bilen, onuň Çüý kölüniň üsti buzly suwuna gark edişi baradaky waka bilen gutardy. Men gazetiň «Iň sokki duşman» ady bilen çap eden habarynyň ikinji abzasyndan Çäşem golagyň adyny tapyp, bar zady unutdym. Bu ýerde ýazylan aýylganç maglumatlar meniň göwrämi lerzana getirdi. Be-e, serediň bolýan zatlary ýogsam-da, Çäşem golak gürüm-jürüm bolaýdy diýýänle. Meniň bilen hoşlaşmadam. Halk duşmany bolanda şeýle bolýan eken-ow. Onuň ile-güne bildirmän hereket edäýşini diýsene. Gözümi açyp görenim. Dostum, atama taý mährem adamyň birden iki ýüzli bolup çykmagy gaharymy getirdi. Ýüregim sarsyp git-di... Belkäm, bu zatlar kimdir biriniň toslamasydyr? Hyýalyma gelen bu pikire öz-özüm tisgindim. Gazetem heý, ýalan sözlärmi? Gözlerimiň öňi dumanlap dursa-da, gazeti okamamy dowam etdim. «Gara ýürek Çäşem golak, öz netini amala aşyrmakda ýeke hereket etmän goňşysy Juma ýaçeýkanyň entek kämillik ýaşyna ýetmedik ogly Gurbany hem öz tarapyna çekip, çaganyň kömegi bilen oba içinde ýykgynçylykly hereket edýär. Gurban Çäşem golagyň öwretmegi bilen öz okaýan mekdebinde kolhoz ýolbaşçylaryny ogurlukda aýyplap, il içinde masgara etmek maksady bilen ýörite diwar gazetini çykarýar. Ferma müdiriniň ogly Peltegiň üstüne it küşgürip, kolhoz başlygynyň ogly Ynkylaby goça süsdürip horlaýar». – Ýalan!.. Ýalan!.. Ýalan! Ýumrugymy düwüp ýerimden turanymy, özümem duýman galdym. Okuwçylaryň barysy birden maňa tarap öwrüldiler. Mugallymam ýanyma geldi. Mynjyradyp, iýäýjek bolup duran gazetimi eline alyp, duran ýerinde makalany sessiz, bir demde okady. Aralykda jaň kakyldy. Mugallym gözlerini tegeläp, ýüzüme serede-serede, sesini çykarman gazet bilen çykyp gitdi. – Bu näme boldygy? Heý, gazetem bir şeýdermi? Habar berilen maglumatlary barlaman, anygyna-şänigine ýetmän, ony çap edibermek bormy. Men hakdaky ýazylan zatlaryň hemmesi tersine, ýalan. Diýmek Çäşem golaga-da töhmet atylýar. Ýogsam-da, ol näme üçin Ýegşem çopanlara ýaragly geldikä? Ýa-da Wellek ussalardan gelýärkä tötänleýin sowulaýdymyka? «Hyrlymyň çakmagy gowşapdyr» diýänini-hä bilýän. Eger şeýle bolsa gidere ýer ýok. Asyl, Ýegşem çopanlar ýol üsti. – Ine şeýdip, dürli oý pikirler serimi gaplap, okuwyň nädip gutaranyny Hem bilmän galdym. Agyr ýüküň aşagynda galan ýaly, agraslyk bilen göwrämi göterip gapa ýetemde, öňümde Ynkylap dur, ýanynda-da bir topar oglan. Iwan meniň elimden çekip saklady. Şo bada Sweta, Sapar, beýleki dört-bäş klasdaş oglanlar bilen öňe çykdy. – Ynkylap, gapydan aýryl – diýip, dostum Iwan Mişeýko başlygyň ogluna ýüzlendi. – Ty çego Iwan. Hoçeş zaşişat wraga narodow – diýip, şerraýlyk bilen Mişonkonyň küküreginden itip goýberdi. Bu garaşylmadyk hereket Iwany aljyratdy. Emma, ol bada özüni dürsäp, bihaýalyk bilen klasymyzyň gapysyňy germäp duran Ynkylaby kellesi bilen süsdi welin, başlygyň özüne ynamly ogly gapynyň ýapyk bölegi bilen bir gapdala agyp gitdi. Turdy bir gopgun, boldy bir goh, meýiň klasdaşlarym Ynkylabyň dostlaryna ary kimin daradylar. Ynkylap özünden ökdäniň bardygyna garaşmadyk bolarly. Ol, guýrugy gapjalaň pişik ýaly gözlerini petredip, agyr gapynyň üstünden zordan turdy. Ynkylap üstüme täzeden süründi. Emma, Swetanyň agyr papkasy garagolyň badyny aldy. – Gurban, sen bu ýerde durma, gaç. Ýogsam ýumruklaşma ula gider – diýip, Sweta hemaýat berip, egnimden itip goýberdi. Meniň üçin turan bu gopguna öňem çäre tapman durkam, täze dostlarymyň biri bolan bu dogumly gyzyň maňa berýän bu maslahaty maňzyma batmady. Ýoldaşynyň ar-namysy, üçin Iwan başlygyň ogly ýaly betpygyllar bilen göreşe girişen dostlarymy taşlap nädip gideýin? Olar maňa: biz-ä seniň üçin ýaka ýyrtyşyp, ýumruga girişýäs, senem beýdýäň diýmezmi? Dire-daralykda peýda bolan bu pikirlere başym garjaşdy, – Gurban! Tanyş sese gaňrylyp seretsem, Ynkylap Swetany ýenjip dur. Tenime gyzgyn, ýaýrady. Depämden bir ýaşyl tüsse göçüp gitdi. Ýüregim tas agzymdan çykypdy. Diwar eteginde süýnüp ýatan gyzyň üstüne egilip, oýuň nogta saçlaryny jüpläp goşaryna orap duran Ynkylabyň syrtyndan depdim. Oglan göwresini göterip bilmän çökdi. Depginiň badyna maňlaýy diwara degip gözlerine gan aýlanypdy. Sweta ýerinden turdy. – Gurban, bu giden oglanlaryň gyrlyşmagyny islemeseň, git şu ýerden. Men mugallymlary çagyraýyn – diýip, dogumly gyz hümerden saýlandy. Ýaňy garalyp ugran tümlige siňip, näçe ylganymy bilemok. Dilim agzyma sygman, mejalym gaçyberende öňümden bir ýap çykdy. Güzere sowlup suw içdim. «Yzymdan kowgy barmyka» diýip, köpriniň üstüne çykyp üns bilen ýola seretdim. Uzak bir ýerden eşidilýän arabanyň jygyldysy diýmeseň ümsümlik. Nätmeli? Bu soraga bir bada jogap tapmadym. Ýoldan bir ýana sowlup, serimi gaplap alan pajygaly pikirlere el berip, dünýämi unutdym. Men bir ýer urup, ýerde galan adam däl. Ile meňzeş öýüm bar. Atam-enem bar... Birdenem, gara ýüz, tüňňi burun, göwsüniň çöpüri ýakasyndan çykyp, duran Diwan Peşmek ýadyma düşdi. Ol bu wagt meniň oba gelerime garaşýandyr. Zalym ganymy döküp, goturyna derman etjeg-ä. Ýöne, ejem bilen kakama näme bolduka. Başyma düşen bu beladan olar habarly ahyryn. Ondan bäri üç hepde ötdi. Ne gelen bar, ne giden. Ýa-da başlyk – oglundan-ha dyndym. Indi şularam maňa hezil bermez – diýip, kakamy-da ejem bilen Çäşem golaga ýoldaş edäýdimikä? A hökümet nirede? Bu soraga öz-özüm bir hili boldum. Hökümet-dä şol adam. Eger-de şeýle bolsa, onda bu halka rewolýusiýa nämä gerek bolduka? ýok, ýok. Beýle däl. Bu bir ýalňyşlykdyr. Ýa-da başga bir sebäbi bardyr. Diwan Peşmek, Ýylgyn sülçi ýaly adamlar edenini eder ýörermi? – Ühe-ühem. Salawmaleýkim! Tisginip gitdim. Tas özümi suwly ýaba urupdym. Gapdalymda peýda bolan pyýadanyň nazarynda şübheli hereketiniň ýokdugyny aňyp zordan rahatlandym. – Ýagşy ýigit dynç alýaňmy. Gijigip ýola çykypsyň öz-ä – diýip, suwçy iki gulak pilini aşagyna kürsi edinip, gapdalymda oturdy. Men onuň soragyna jogap bermegiň deregine: – Mereke obasy uzakmy? – diýip, soradym. – Asyl sen bu töwerekli-de dälmi? – diýip, ol geňirgendi. – Mereke-hä uzak däl. Gündizlik bolaýan bolsady, onda-ha «honha» diýip, görkezerdim. Görünip otyr. Merekede seniň kimiň bar? – Mamamlar? – Mamaňlara kimler diýýärler. – Babam ussa Haýdar. – Hä-ä. Şeý diýsene. – Haýdar ussanyň howlusy obanyň ileri başynda. Ýöne ol bu wagt kiçi aýaly bilen täze howlusynda ýaşaýar. Sen onuň gyz agtygyndan bolan bolmaly. Ýetişen ýeke ogly bar, oňa-da Bazar diýýärler. Ol bu wagt obada ýok. Harby gullugyna gitdi. Babaň-a günde eşejigini dükürdedip, şu ýoldan gala tarap geçýär. MTS – diýip, bir edara bar, şonda demirçi ussa. Ozal babaňlara baryp görensiň ahyryn? – Ýok. Suwçy meniň bu jogabymy geň gördi. – Be... O nähili beýle bolýar. – Aý, şeýle-dä. – Onda näme diýsene, han ogul, mamaňlara gündiz git. Gije nätanyş obada işiň ýok. Gapy kakyp, ýol sorap, it örüzip ýörme. Ýör, maňa ýoldaş bol, häli, hupdan suwy bir gulaga düzüp otyrys, çaý içeris, säher-säher ýatyp, ukyňy al. Gündiz aňsat. Salgysyny alar-da gidibirsiň – diýip, suwçy adam ýerinden turdy. – Ýogsam-da ýigit, saňa kim diýýärler. – Gurban. – Obaňyz nirede? – Işangalaly. – Işangala, wah, Işangala honha dälmi. Biziň kolhozymyz siz bilen serhetdeş. Aralykda bir şor ýatyr – diýip, suwçy ýigit çuslandy. Şäherden çykan badyma ýol üçe bölündi. Sowalga saýgarmaga maý boldumy? Indi maňa hemme zat aýan, hiç ýere sowulman göni gaýdyp, galany etekläp oturan Gökçe obasynyň ekin meýdanyna aralaşypdyryn. Bolup bilse, bu ýabam Igdir ýap bolmaly. – Şu ýabyň suwy siz oba barýar-a – diýip, meniň bu pikirimi suwçy-da tassyklady. – Obamyzyň adyna Gökje, tirämizem Gökçowlak. Adymyz Toýly gamyşam diýýärler. Menem birneme ussaçyr. Ýöne, seň babaň ýaly demir-kömür bilen iş salyşman, allanyň beren bijennet maly gamyşdan sebet ýasaýan, boýra, çypda dokaýan, garasaý, elim sypynsa» bikär däl. Şonuň üçin il arasynda maňa Toýly Gamyşam diýýärler. Toýly gamyş ýaby syryp uzak ýöremedi. Alaň bolup ýatan ýandakly depeden geçdik-de, suw düzülen atyzlara aralaşdyk. – Gurban eşigiňem-ä ýuka. Howa-da çigrek, şu meýdanda akbaş kän, me-de saňa çakmak, ot ýak. Men suwuň aýagyna aýlanyp gaýdaýyn. Sen üşeme, çaý goý, ine-de taňka – diýip, Toýly garalyp, arka bolup, suwdan çykyp duran çiliň üsti bilem ýöräp gitdi. Ýapynyň ýüzünde leýis bolup ýatan akbaşlardan desse-desse ýygyp, olary bir ýerik üýşürdim-de otladym. Pezzik çöp alow bolup, syryk boýy ýokary galyp lowlady. Ýene-de depä çykdym. Köräp tümlügi ýagtyldýan alow, kä galyp kä peselip bir geňsi görünýärdi. Ýene-de bir petde çöp ýygnaýançam Toýly gamyşam dolanyp geldi. – Gurban, men bir zada düşünmedim. Sen «öýümiz Işangalada» diýýäň. Özüňem gala tarapdan gelýäň. Bu giden aýlaw etmek nämä gerek. Homaç mekdebiň üsti bilen göni ýol bar ahyryn – diýip, ýüzüme soragly bakdy. Alow gamaşýan gözlerime elimi dal-dalap seretsem Toýly gamyşyň repide ýaly tegelek ýüzünde pezzerip duran gara gaşlary, çytylypdyr. – Aý, bi, neme, men... Galadan çykdym-da. Meniň bu jogabym Toýly gamyşy kanagatlandyrmady. Onuň ýap-ýaňyja ýazylyp duran maňlaýynda ýygyrt peýda boldy. Ol ýygyrtlar kä güýjäp, käte-de peselip ýanýan oduň şöhlesine bir geňsi çil-çil bolup görünýärdi. Daýhan her neneň gurply hem bolsa gögele çagasyny beýdip, iňňeden çykma geýindirip, ýeke özüni biwagt ýola ugratmajagyny bilip kiçijik gözlerini tegeläp haýran galýardy. Kakaňam daýhanmy. Ýogsam-da, sen kimiň ogly? Kakaň adyny aýtsaň, tanaýmagym biçem däl. – Jumanyň ogly. – Juma ýaçeýkanyňmy? – Hawa. – Tüweleme, tüweleme, iýmän-içmän, seni-hä geýindiripdir ýigit. Elbetde güýji ýetýändir-dä. Ýogsam seň aýagyňdaky ädigiň bahasy bir göle. Ýüzüm gyzyp gitdi. Aşagymdan suw giden ýaly ýerimden turdum. Akbaşly depeden ýene-de odun ýygdym. Dolanyp gelsem Toýly tüňçäni öňüne çekip çaý demläpdir. Suwçy myhman sylagyny etdi, ilki maňa çaý uzatdy. Bilinden çöşlän mata guşagyny orta ýazyp, zagara hödürledi. – Inim, ýadaw görünýäň. Çaý iç, bir döwüm çörek iý. Men seni häliden bäri diňleýän welin berýän gürrüňlerinden, göwnüm suw içenok. Sen Işangalalam däl, Merekede hem işiň ýok. Menden saňa ýamanlyk ýetmez. Içiňde syr saklama-da aýdyber. – Seniň şübhäň ýerlikli Toýly aga, dünýä inelim bäri mamamlara gelip görmedigimem çyn. Ejem Maral ilki berlen äri bilen oňuşman, aýrylyşyp Juma ýaçeýka durmuşa çykypdyr. – Hä, düşnükli. Indi boldy. Ejeň soňky düşen ýeri bilen mamaňlar toparyň gatnaşygy ýok. – Hawa. – Düşnükli, düşnükli. A sen galada näme işleýäň. Hä-ä hol ýatylyp okalýan ýerde okaýansyň sen oglan. Indi boldy. Toýly gamyş müň-de bir sorag berip, asyl meni erkime goýmady. Bialaç ýagdaýy bolşy ýaly gürrüň berdim. Ol meniň gussaly kyssamy sözümi bölmän diňledi. – Aý inim, aý inim oňarypsyň, «Ýamaňdan boýuňy satyn al» diýipdirler. Ýogsam, ol azgynlar seni heläk ederdi. Çäşem golagy menem bilýän. Ol adamy tanamadyk barmy. Hökümet üçin janyny gurban etjek adam. Pygambere bergisiz kişini garalap bilen mahluklardan gorkaýmaly. Biz-ä haýran, olar ýaly orromsylara kim wezipe ynanýarka?! Hamana diýersiň, biziň pynhan gürrüňimiziň üstüne hut Diwan Peşmegiň özi geläýen ýaly, Toýly «tüf, tüf» edip ýakasyna tüýkürdi. Orta üýşürilen çöpler ýanyp boldy. Alow peseldi. Ol kesew edinen gowaça çöpi bilen pezzik közi çöpläp, bir ýere üýşürip ýolýança geplemedi. Soňra tüňçäniň düýbünde galan soňky çaýyny käsesine guýdy-da: – Inim, bolýan işlere düşýän däldirin. Ilki bada şu görünýän ýerleriň baryny bize paýlap berdiler. Ekdik, hasyl Garyny aldyk, malymyzy döwletiň özi bizden satyn aldy. Üssine-de gerek ýaragymyzy tapyp berip kömek etdi. Elimiz- aýagymyz giňäp, eýeli ite döndük. Her maşgala, uly, kiçi ýok, barymyz özümize berlen iki tanap ýeriň içinden çykmadyk. Depdik, sürdik tekizledik, dökün berdik. Garaz, ýer bilen turup, ýer bilenem ýatdyk. Soňra, – «siz, köne dünýäni gaýtaryp getirmek isleýäňiz» – diýip, bizi ýerden çykardylar. Ýerimizi ýurdumyzy, mal-u-mülkümizi orta urup kolhoz etdiler. Bi ozalkysy bolmady. Köp adamyň eli işden sowap, özüni çöpe-çöre urdy. Durmuşa ynam gaçyp, obadan goşuny alyp gaçan köp boldy. Kim ýurtdan çykdy, kim şähere siňdi. Ýer bilen bagry badaşan biz ýaly adamlar nirä gitsin. Bir garny dok, bir garny aç, gezip ýörler. Gije-gündiz atyzdan çykman işläber, parhy ýok. «Suw getirenem bir, küýze döwenem». Ine geçen ýyl uly dabara bilen girdeji paýladylar. Bir halta un berdiler, bäş metr mata. Çaýa gezek gelende çaý kisäniň agzyny açaýmanmy. – Heý, munuň näme, bu ýerde seň ataňdan galan mal barmy? Goşawujy tut – diýip, sakladçy meni maşak1 etdi. Ynha-da bir daýhanyň ýolboýy çeken zähmedine berlen baha. Onsaň oba dargamazmy? Baý dargar-a. Entek gözüň näme görüpdir. Şu gidişine gitse, eli pilli daýhan görmersiň. Ýekeje bir gowy zady nirä gitseň gidiber, ýol açyk. Öňüňden çykyp habar sorajak adam ýok... Odumyz söndi. Suwçynyň gürrüňini bölmejek bolup otyryn. Toýly gamyş, aýlar dowamynda gursagyna çöküp, içinde berçin alan kinelerine eýe tapan ýaly dünýäsini unudyp gürleýärdi. – Başlyk diýibem birini getirdiler welin, bu oýmakda tanalýan adam däl. Öküz bilen tüwäni saýgarmasa, sen ondan näme islejek. Geçen ýyl Oraz diýip, bir pukara oglany ýygnatdy. – Näme üçin, Toýly aga? – Pusul diýip, bir tohum geldi. – Pusul – Posal bolaýmasyn? – Hawa şol. Orsiýetiň ekini özä. Çakjagunduzyň tohumy ýaly ala-mula, Ýöne oňa garaňda böwrek porum. – Fosol, ol noýbanyň bir görnüşi-dä – diýip, suwçynyň sözüni böldüm. – Hawa, hawa edil özi. Tüweleme tüweleme, sen okuwlyja oglan-ow. Ine, şol ekin «ek» diýip, Oraza ýer bölüp berdi. Oraz: «bu ekin sowuk ýeriň ekini başlyk, gögermesine gögär welin, pazyly ýanar. Ýer zaýalap nätjek. Geregiň kösükli ekin bolsa künji ek, iň bolmanda mäş bar, öz noýbamyz bar – diýdi. Başlygyň muňa girre gahary geldi. – Başlyk menmi ýa sen – diýip, Orazyň üstüne herreldi. Oraz pukarada bolsa mert ýigit. – Başlyk, sen welin, başlygam bolsaň daýhana gulak asmaly bolarsyň. Juda şu ekini ekesiň gelse ekeli. Ýöne köp däl, ýekeje kölçe. Eger-de biziň jöwzamyza döz gelip, ekin bolsa, gelejek ýyl näçe diýseň ekäýeris – diýip, düşündirdi. Başlyk: – Maňa-da ýokardan buýruk berýärler how. Oraz, şol ekin gögerse-de, gögermese-de ekersiň – diýip, üstüne at sürdi. Oraz depesinden iýip gelýän gamçyny özüne ýetirmän howadan garbap alyp dyzyna urdu-da, gürçe döwdi. Ine, ýigidiň bar günäsi şo boldy. Şondan bäri ne hat bar, ne habar, ýigidiň nirdedigem belli däl. Yzy dökülip, ýetim galdy.. – Fasol bitdimi? – Ýa inim, bu jöwzaly sährada Pusul bitermi? «Her ýurduň awyny öz tazysy bilen awlamak gerek». Gögermesine gögerdi welin, tomsa ýetip gurady... Ýene birimiz bäş kilo pamyk üçin gitdi. Pagta planyny dolup bilmän başlyk bilen oba şura hars urýar. Atyzlar boşady, gury çöp, ýekeje-de körek ýok, öýme- öý paýlanyp berildi. Uzyn gije ýatman körek çakmagam aňsat pişe däl. Şeýle bolsa-da, halk heý hasyly zaýalarmy. Şonda-da bize ynanman, «hojalyklar pagta gizlän bolaýmasyn, ýogsam plan dolmaly» diýip, başlyk ýany miliseli ili ýatyryp, soňra howly-howly aýlanyp, öý döküp ugrady. Ine şonda, Gajar aga diýip biriniň içersinden bir güpbä «işlik boljak pagta çykýar. Gajar mugallymy görüşimiz şo boldy. Mekdep boşap, bir aýlap çagalar eýesiz gezdi. Aý inim, inim. «horaz hemme ýerde bir gygyrýandyr» Babaňlara barsaňam bar welin, gaty bir arkaýyn bolma «Tilkiniň müňde bir hilesi bar, şolaryň iň gowusy görünmezlikdir». Ýöne seniň bu eşigiň görene göz bolup dur-a – diýdi, suwçy. – Nädeýin, başga geýere zadym ýok. Ozalky eşiklerim çagalar öýünde galdy. Ilki baharyň çigregi gitdigiçe goýalyp, soňabaka dumana öwrüldi. Toýly içmegini ýektaý alyp, çokaýyny gora tutup oturşyna bir gapdala gyşardy. Meniň eşigim possunla seredeňde ýukarakdy. Düşegim akbaş bolsa-da aşagymdan yzgar geçenokdy. Sagrym welin, sowap ugrady. Ymyzganyp oturan Toýly aga päsgel bermän ýerimden turdum. Gijäniň çygly howasyna ýumşap, ýygmaga oňaýly bolan akbaşlary pil bilen çapmaň, baldygyndan tutup, köki bilen soguryp çugdamladym. Gujak-gujak edip ojak başyna daşadym. Ody täzeden ýakamda Toýly suwçy hezil edip uklan eken. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |