23:20 Zyndanda ýanan şem -8: Nejislik | |
NEJISLIK
Powestler
Oba girdim. Emma, ýagdaý Toýly gamyşyň aýdyşy ýaly bolmady. Oba asuda «ir turan işinden dynar edip» her kim säher bilen işli-işine dargapdyr. Uzak gijäni irkilmän geçirýän itlerem ýataga gabalan ýaly ses berýäni ýok. Ýöne, her howlynyň üçeginden çykýan gara tüsseler, äpet-äpet güjümlerden, uzyn- uzyn dereklerden hem ýokary saýlanyp bulutlara goşulyp gidýärdi. Arman, bu ajaýyp görnüş uzak durmady. Günortadan köwsarlap gelen aram şemal, Diwan Peşmek ýaly bar zady bulaşdyrdy. Asman bilen zemini sepläp duran goňras, çal, sütünler döwüm-döwüm, tüýdüm-tüýdüm bolup töwerege ýaýrap gitdi. Öňümden bag çykdy. Bag ýoluň solunda bolup, sagymda Toýly gamyşyň aýdan köne depeleri üýşmek-üýşmek, baýyr bolup ýatyr. Toýly gamyşyň agzyny suwjardyp, taryp eden erik bagy-da üstüni gyzgan örtüp giden bu alaňlaryň arasynda busup otyr. Seretanyň sary günleri bişjek enzrut erikler göz ýeňüme gelip, agzym suwjardy. Maňa heniz nätanyş babam, obasynyň ýazyny ir-iýmişli, tomsuny, aladaly güýzüni gez öňüme getirjek bolup barşyma, ýol salgyňy bolan çatryga ýetenimi duýman galdym. Indi, şu ýerden babamlaryň howlusy, howlynyň güneýinde oturan iki gara öý görünmelidi. Öýlerem honha, ýöne, ol öýler deň däldi. Olar biri, ak eşikli, beýlekisi garalyp görünýärdi. Howlynyň derwezesi giň, iki gapdaly küňreli bolup jaýyň belent diwarlaryna haýbat berýärdi. Emma howla ýetiberemde badym gaýtdy. Hatar duran öýlerden kül atym aralykda, küçen bolup eplenip ýatan it meni gorkuzdy. Inim digläp, injiklerim sandyraberdi. Göze ilýän ýerde adam ýok. Ne öýlerden çykan boldy. Ne-de derweze açyldy. Orta ýolda sömelip durun, şeýdip näçe duranymy bilemok, ýeňsämden bir şybşyldy peýda boldy. «Gorkana goşa görner» diýýänleri, ras, «itleriň biri yzymdan gel-dow» diýip, hyrra öwrülsem it däl-de, bir göwre maňa ýetip gelýär. Janym rahat tapyp, begendim. Orta boýly, aýagy galoş köwüşli, reňki ýitip giden köýneginiň üstünden geýen güpbisiniň syny jarow-jarow, içiniň pagtasy çykyp dur. Başy ýaglyk bilen çümre daňylan, gyzdygy, gelindigi belli däl, bu zenan Deňime ýetende ädimini ýygjamlap, gapdalymdan geçiberdi. – Essalowmaleýkim! Zenan meniň dillenerime mätäç ýaly, egnine göterip barýan kätmeniniň uzyn sapyny direg edip, aýak çekdi. Bu wagt onuň ala gözleri, aýsyz gijeler dogan dan ýyldyzy ýaly balkyldap, gara gaşlaryň, aşagynda kölgelenip duran uzyn-kirpikleri aýyl-saýyl görkezdi. – Ýoluňyzdan bökdeýänim üçin meni bagyşlaň. Häliden bäri şu ýerde duryn. Haýdar agalara barmakçy. – Wiý, siz olara näbeletmi? Barmaly ýeriňize-hä gelipsiňiz. Ynha, şu howly Haýdar ussalar. Arkaýyn baryberiň. Olar bu wagt mäşewäniň başyndadyr. Gyz özüniň ýakymly owazy bilen diýseň şirin sözledi. Biziň sesimize başyny galdyran köpekleriň biri göwünli-göwünsiz «wow-wow» edip ses berse-de, göwresi ýernep galmady. – Hää, düşündim, düşündim. «Itlerden gorkup duran men» diýsene tanamaýan bolsa, eýmenerçe bar. Menem bu öýüň öz adamsy däl. Gowusy, ýör o ýüzden öwrülip baraýaly... Sen kim? – Gurban. – Garyndaşmyň öýe? – Agtyklary. Zenan ýüzüme çiňňerildi. Ol indi howlukman, meni boýdan-başa synlady. – Eşikleriňe seredeňde-hä sen şäher adamsy. Şäherde kimisi bar bularyň? – Bilemok. Meniň bu jogabym gyza düşnüksiz boldy. Hamana diýersiň, men ondan bir zady gizleýän ýaly göwnünde şübhe döräp, ýüzüme täzeden bakdy. Howlynyň o ýüzi handek – oý bolup, gyrasy agyl eken. Agylyň daşy küde-küde ýandak, ýörite gorag edilipdir. Goragyň içinde ýekeje öý otyr. Zenan gapyny itdi. – Akjagül ene! – Hä balam, Hajar bi senmi? – Men ene, men. Buşluk, agtygyňyz geldi. Nätanyş gapa gelen güjük ýaly ýaýdanyp durkam «gir» diýip, gyz elimden çalyp tutdy. Men garaşylmadyk bu herekede birhili boldum. O-da hiç, bütin göwrämde saňňyldy döredi. Ysgyn-mejaldan gaçdym duruberdim. Gulaklarym gapylyp, gözlerim zat görmedi. Ýerden çalaja saýlanyp duran bosagadan ätläp bilmän, büdredim welin, ýykyldym, öňümde germaw bolup duran Hajaryň gujagyna doldum duruberdim. – Aý, oglan! Bu nätdigiň boldy. Geldiň-de, kül üstünde oturyberdiň. Bu ses gora gömülen ýumurtga ýaly gulaklarymyň içinde partlama döretdi. Özümi dürsäp seretsem, içerde iki sany göwreden başga adam ýok. Hajar bireýýäm gidipdir. Garrylaryň biri törde, ak deriniň üstünde, egni bagana içmekli, namaz okaýan ýaly tükge düşüp ýatyr. Syrkawdygynam, ýa-da eňkamy gaçan garrydygynam bir bada aňmadym. Beýlekisi entek daýaw. Başyndaky haýbatly börüginiň eteginden çykyp duran çal saçlaryň çugdumy, onuň bugdaý reňk ýüzüne görk berip dur. Oral aýal suwy sowan kündügi henizem ody köräp duran ojaga tarap süýşürdi. – Balam, sag-aman geldiňmi? Ejeň dagy gurgunmy? Bäbejigi dagy ulalýamy? Tüweleme, tüweleme, ýigit ýetipsiň – diýip, şatlygyny gizläp bilmedi. Törde, düşekde ýatan kempir üstüne örtüp ýatan içmeginiň synyny sagrysyna tarap serpip goýberip, başyny galdyrdy. Kirpikleri düşüp, çöňňerip galan şully gözlerini çüýjerdip, maňa tarap çiňňerildi. – Akjagül, kim bi gelen? – Maralyň ogly Gurban. – Äh?! Kempiriň gulaklaram agyr eken. Ejemiň aýtmagyna görä bu garry babamyň ejesi ejemiň enesi, Akjagül mamamyň gaýyn enesi bolmaly. Mamam gaýyn enesiniň üstüne abanyp başyny egdi; – Enesi, çowlugyň Gurban, Maralyň dogmasy geldi. – Bolupdyr asyl. Oglana çaý ber, çörek ber... Maralyň ýüzi, bäbejigi dagy gurgunmydyr. – Gurgun, gurgun. Salam ýollapdyrlar – diýip, Mamam gaýyn enesiniň gulagyna ýeter ýaly edip gygyrdy. – Esen bolsun. Salam getirenem sag bolsun – diýip, kempir rahatlandy. Ýöne men welin, özüme ýer tapmadym. Henize bu güne, bosagasyndan ätlemedik öýüne sömelip, boş gelmegim birhili. Hany serpaý, hany sowgat. «Marala ne döw çaldy, çaganyň elini boş goýberipdir» diýmezmi. Bu, pikirler meni gysaja saldy. Enelerden utanmakdan ýaňa kä derleýärdim, birem sowaýardym. Emma, garrylar welin hiç zada üns bermän şatlanýardylar. Ikisi iki ýerden meni nirede oturdyp, nirede turuzjaklaryny bilmän kökenek bolýardylar. Sowgat-sarmygam, egnimdäki geýim-gejimem olaryň ünsüni menden sowup bilenokdy. Ahyry ara böwşeňlik düşüp, garry ene bilen içeride iki-çäk galdyk. – Oglum, men dokuz çaganyň enesi boldum. Arman, çagalarymyň ömri gysga eken. Dokuz çagadan diri galan babaň Haýdar. Bu zatlary aýtmalam däl welin, adamçylyk-da, aýdylaýýar. Beýle diýdigim ömrümden naladygym däl. Hudaýa şükür. Allanyň özi bererem, gerek bolsa alaram. Ykbaldan nalamak ejiz işidir. Ýöne ýalňyz perzendimem bolsa, Haýdar oňarmady. Seniň mamaň Akjagüli arzuw edip, uly dabara bilen gelin edindim. Görgüliniň bagty çüwmedi. Babaň üstüne güni getirip, öýüni böldi oturyberdi. Howlynyň o ýüzündäki öý. Şu ýerde kempiriň sözi bölündi. – Enesi, buşlyk sygyrymyz göle getirdi – diýip, Akjagül mamam içeri girdi. – Tüweleme, tüweleme, agtygymyzyň aýagy düşdi, Akjagül – diýip, garry şähdaçyklyk bilen tirsegine daýandy. Soňra: – Agtygşyz Gurban jan boş gelmedi. Öz injisi bilen geldi. Bar täze bolan göläniň boýnuna alaja dak – diýdi. Men böküp ýerimden turdum. Maňa inji berlen göläni göresim geldi. – Otur oglum. Ýataga girme. Bu wagt sygryň gözüne del adam görünmese gowy. Janawar, gölesini gysganyp biynjalyk bolar. Göle göresiň gelse entek görer ýörersiň – diýip, garry mamam meniň entek daşyma çykarmadyk pikirimi aňdy oturyberdi. – Gowusy, sen oglum daşary çyk. Horazlaryň birini halalla. Haýsyny tutmalydygyny mamaň görkezer – diýip, sözüni soňlady. Mamam teläriň sütünleriniň birinden kakylan çüýden asylgy, heniz seçekleri solmadyk haly torba elini sokup, onuň içinden bir gysym dary aldy. – Tüýte, tüýte... tüýtuuw, tüýte, Mamamyň bu sesine öňden belet towuklar uzak garaşdyrmadylar. Mamamyň daşyna üýşüp, onuň gözüni çokaýjak bolýardylar. Horazlar welin «gogok, gogogok jük, juk» edip öz dilinde nämedir bir zatlar diýýärdi. Mamam pursatdan peýdalanyp elindäki daryny ýere döküp goýberdi. Däne doly dökülýän ýaly ýere seçelendi. Towuklar däne topulyp dünýäni unutdylar. Mamam beren iýmini az görüp, iýmli torbany durşy bilen ele aldy. Ol torbadan ikinji sapar penjesini dolduryp däne sepende, çüňklerini ýere urman «duk-da duk» boluşyp ätiýajy elden bermän ýören horazlaram öňlerinde leýs bolup ýatyp dary dänelerini ýerli-ýerden çokmaga durdylar. Indi towuklaryň meniň bilenem, eýesi bilenem işleri ýokdy. Mamam içi iýmli torbany ýerinden asyp, oňa derek ujy demir gaňyrçakly taýak alyp ony owadan guýruklaryndan mahrum, döşüniň ýelegi düşüp petekesi gyzaryp duran, betgelşik horazyň uzyn aýaklarynyň birinden ildirdi. Dünýäni unudyp, arkaýyn däne çokýan towuklar bu hadysa ürküp, ala-goh boldular. Hamana diýersiň, üstlerine pişik bökäýen ýaly dyr-pytrak bolup dargadylar. – Bar, tut, ýogsam sypar – diýdi mamam. Gaňyrçakdan sypjak bolup, iki-ýana urnup, şerraý gygyrýan horazy garbap ýerden galdyrdym. – Me pyçak. Mamamyň ýüzüne çiňňerildim. Ol meniň bu bakyşym dagy hiç zat aňmadyk ýaly: – Ýitidir, ýörite ýasalan gezlik, mal öldürýäs. Howludan çyk, hol händegiň gyrasyna bar. Gany aýak basylýan ýere dammasyn – diýdi. Pyçagy elime alsam aldym welin, ony näderimi bilmedim. Tygy ýalpyldap duran gezlige, birem ykbaly keç horaza seredip duruberdim. – Bol oglum, basym. Meniň işim kän. Derrew ütägetmäni duzlaýyn. Häli agşama palow bişirin. Entek bürünjem ýok şaly döwmeli – diýdi. – Mama, men entek towuk öldürip göremok. – Zyýany ýok, öwrenersiň. Senden başga erkek ýok, bu öýde. Her kim işli. Kime baryp diýjek. Maňa parz däl, ýogsam özüm etjek-le bu işi. Etmez ýaly nämesi bar. Hany, gel bäri, nätmelidigini men saňa öwredeýin. Ilki bilen towugyň ýüzüni kybla tarap et. Soňra ganatlaryny arkan jüpläp, çep aýagynyň aşagyna bas. Soňra aýaklaryny sagyňa al. Kelläni sol eliň bilen bek tut. Horazyň demliginde baş barmagyň dursun. Ine, şeýdip kelläniň boýun bilen birigýän ýerinden pyçak sal. Janawar tä jany çykýança ne aýagyny, ne elini sypdyrma. Şu zatlary öwredip, bolsa-da mamam ýanymdan aýrylmady, gapdalymda duruberdi ýüregim bire baglap diýlen zatlary etdim welin, nämäniň näme bolanyny bilmän galdym. Horaz bir geňsi urundy-da kellesini elimde goýup, uçup händege düşdi. – Nädäýdiň, oglum bek tutgun diýdim-ä saňa. Hanha, janawary horladyň. Bök händege, ýet yzyndan. Başsyz horaz maňa tutdurmady. Ol awçy görüp ürken gaz ýaly, göwresine agram salyp çem gelen ugra tarap, aýagy ýere deger-degmez uçýardy. Horaz händekden çykyp bilmän esli aýlandy. Ahyry ol özüni dürsäýen ýaly ýoluny gönüledi welin, o-da bolmady. Başsyz göwre oýuň kertine degip arkan ýykyldy. Indi ol aýylganç hyrryldap demir dyrnaklary bilen ýer peşäp üstünde goňur tozan turuzýardy. Bu göz-gülban ýagdaý mamama diýseň täsir etdi. Indi ol maňa ne ýet diýdi, ne tut diýdi, Gyňajynyň boş ujyny ýüzüne örtüp, duran ýerinde aşak otyrdy. Henizem elimde duran pyçagy bir gapdala zyňyp goýberdim, soňky demde urnup ýatan horaza tarap ylgadym. Emma çal horazyň kekeçli başynyň meniň elimdedigi ýadyma düşende badym gaýtdy. Aýak çekdim. – Eý, taňrym, bu nähili nejislik!.. | |
|
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |