PÄKLIK
– Oglum, seni döw çaldy. Diýýän sözlerimiz gulagyňyň bu ýüzünden girip, o ýüzünden çykýar. Ody az sal diýsem eşideňok. Odun ýygýan özüň bolsaňam, beýtme. Gazandaky aşy bulap ýetişemok. Kürtük düýbüne çöküp, kesmek bolup galdy.
Mamam meniň ot ýakyşymy halamady.
– Ot gowy ýansa, nahar basym bişer-dä – diýip, jogap berdim.
– Ajygýan bolsaň, Honha saçak, bir döwüm çörek al-da, iý – diýip, mamam meniň bolşumy halamady.
– Ýok, aç däl, mama, ýöne howlugýan. Hajarlara barjak.
Öz bolşuma özüm utandym. Onsoňam Hajar oglan däl, ýigit däl. Aýal maşgala bilen seň agşamlyk näme işiň bar diýiljegi ýada düşmese nätjek.
– Gijäniň içinde iliň öýünde näme işiň bar. Garnyňy doýurda ýat. Ertesi seni bazara goýberjek. Çaýymyz ýok, iki çüýşe sary ýagymyz bar. Şony satarsyň. Hajar diýýänçäň, eşegiňe ot ber, iýmine seret. Suwa ýak. Bazardan dolanyp gelýänçäň, janawar ajygar – diýdi.
Mamam garaşmadyk zadymy diýdi oturyberdi. Bir bada begendim. Begenmän näme, öň bazary telim sapar görenem bolsam, bu zeýilli däl. Özbaşdak ýeke gidip, ulularyň hatarynda bazar-bazarlan adam däl men.
Ýöne Hajar bilen duşuşma pikirim welin, erkime, goýmady ody ýene-de galdyrdym. Gazan çogup ugrady. Mamam zöwwe ýerinden turup çiginimden çekdi.
– Besdir aşagyndaky ot, başga odun atma – diýip, meni ojak başyndan aýyrdy. Maňa-da geregi şoldy. Içi hapadan dolan legeni göterip meýdana çykdym. Heniz aý dogmandyr. Içi hapaly legeni çukura döküp, Hajarlaryň öýüne eňdim. Düňderilen gazan ýaly gara gijede hiç zat görnenok. Ozaldan belet ýolum bilen ylgap barşyma gulagyma bir ýakymsyz ses eşidildi. Bir bada ol sesleriň nireden, öňümdenmi ýa yzymdan eşidilýändigini saýgaryp bilmedim. Diňşirgendim. Göwnüme bolmasa, ses Hajarlardan däl-de, başga ýerden eşidilýän ýaly boldy. Birdenem, Hajaryň köpden bäri syrkaw ýatan garry atasy ýadyma düşdi. Goja bir zat bolaýandyr öýtdüm. Eger-de şeýle bolsa, ol-a bolmandyr. Olaryň howlusyna girsem agy sesleri şu ýerde eken. Aýallaryň ýürek elendiriji sesine iniň digleýärdi. Daşarda, gapynyň öňünde diwara urnalyp ýasalan sypanyň üstünde başyny galdyrman Hajaryň dogan oglany Ýazow otyr. Beýleki, adamy tanamadym.
Aglaşýan aýallar birneme köşeşdi. Men bu öýüň, derdini paýlaşyp uzak oturdym. Säher bilen mamam Akjagül geläýmedik bolsa bazar ýatdan çykyp, Hajara hemaýat bolup, entegem oturardym. Bialaç öýe dolandym.
– Bar oglum, ýol şaýyň tutulgy. Düşegiňi ýygnagyn, ýassygyňyň aşagynda pul goýdum. Garry eneň nämeler almalydygyny saňa aýdar. Eglenme-de, ýola düş. Işiň biterem, derrew yzyňa dolan – diýip, meni ýola saldy.
Ine şeýdip Gün guşluga galanda şäheriň çetinden girdim.
Gatnawy kän bolan bu uly köçäniň iki ýüzi kileň jaý. Üçek bilen basdaş salnan haýatlaryň ýüzi derwezedir gapylardan doly. Olaryň käsi ýapyk bolsa, käbiri açyk, girýän-çykýanam köp. Gaýda-gaýmalaşyk adamlara gatyşyp, eşegimi maýdalyna sürüp, gelişime bir ýetginjek öňümden çykyp meni saklady.
– Nirä barýaň?
– Bazara.
– Bazarda näme etmekçisiň? – diýip, ol eşegimiň nogtasyndan tutup durşuna sorady.
– Saryýag satjak.
– Saryýag – diýip, oglanyň göreçleri giňedi. Iştäsi açylan ýaly boldy.
– Hany ýagyň?
– Ine – diýip, gaňňadan asylgy duran turbadan agzy agaç dykylyp, goşalanyp biri-birlerine daňylan çüýşeleri çykardym. Oglan çüýşeleri eline aldy.
– Näçeden?
– Bilemok. Iliň nyrhyndan. Bazara barsam bilerin.
– Sen muny bize sataý.
– Bolýa.
– Ejemden soraýyn. Ol ýagyň bahasyna belet. Sen şu ýerde garaş, ine puluňy çykaryp bererin – diýip, depesi buýnuzly gapa tarap ugraberdi.
– Çüýşelerini hem boşadyp getirgin – diýip, men eşegiň üstünden müşderi oglana gygyrdym. Ol ýüzüme-de seretmän, howla girip gitdi. Men köçede eşek üstünde galdym. Aradan salym geçdi. Oglan dolanmady. Garaşmakdan ýadap eşekden düşdüm, bolmady. Indi bazara gelýänlerem seýrekleşip birdir-ýarym yzyna dolanýanlaram görnüp ugrady. Oglan ýok. Durup-durup halys boldum. Eşek görgüli-hä mençe-de ýok ekeni. Janawer ýatyberdi. Elimdäki tanapy gaňňa gysdyryp, meniň bilen ýag söwdasyny eden oglanyň giren gapysyny itdim, açylmady. Ýenede bir salym durup, utana-utana tarkyldadyp ugradym. Habar soran bolmady. Ahyry paltam daşa degdi. Sabyr käsäm dolansoň elime daş alyp agaç gapyny bek tarkyldatdym welin, işik bat bilen açyldy. Gapynyň iç ýüzünde peýda bolan daýaw göwre ýyldyrym çaltlygynda ýakamdan ebşitledi. Aýagymy ýere degirmän, özüne çekin içerik saldy. Garaşman durkam, ýüze çykan bu waka aljyradym. Nämäniň nämedigini aňşyrman dilim tutuldy. Bosagadan geçip, aýagym ýere ýetip-ýetmänkä gulagymyň düýbine degen şarpyk meni ýelek kimin ýere ýazdy. Rejäniň geň däldigini aňyp ýerimden turan badyma, epeý pyýada ýakamdan täzeden tutdy-da, meni pişik zyňan ýaly edip, açyk gapydan köçä zyňyp goýberdi. Näderimi bilmedim. Namysa çydaman dökülýän göz ýaşymy ilden gizläp eşegimi iýdip bazar jaý tarapa ugradym. Ulagymy saraýa daňyp jygyllyga girdim. Iki ýana hallan urup oba adamlaryny gözleýärdim. Belkäm, olar kömek eder. Ýag ogrusynyň öýüni görkezsem, hakymy alyp bererler diýen umyt bilen gezip ýörkäm hälki oglana gabat geläýdim.
– Häýt, oglan!
Ol meni görüp ökje göterdi. Menem sypdyrmadym. Jygyllygyň içinde näme ylgap bolýarmy. Menden ara açyp-açman pil satýanyň harydyna büdräp ol ýykyldy. Mündim gerşine.
– Hany meň çüýşelem?
– Öýde.
– Hany puly?
Oglan jogap bermedi. Içimiň ýangynynamy, ýa-da şu oglan zerarly çeken horlugymamy, bilemok ony ýenjip ugradym. Daşymyz hümerden doldy. Bazarçylar biziň näme üçin gyzyl ýumruk bolşup ütlüşýändigimizden habarsyz bolsalar-da, ýerli-ýerden ara düşüp biziň herimizi bir ýana aýyrdylar. Bir görsem, hälki oglan ýok. Ony gözläp täzeden iki ýana ylgap çykdym, gürüm-jürüm. Bolsa-da, kezzabyň haýyny aldym. Bir görsem horjunym ýok. Hälki oglan bilen ütlüşýärkäm horjunymy bir gapdala oklanymy bilýän, ylgap gelsem şol pil satýan adam henizem otyr. Ol meni görüp:
– Geleweri jigim, meni bökdediň. Harydymy bir eýýäm satyp gutardym. Seniň horjunyňy saklap işimden galdym, çaýyňam içindedir diýip, derrew goşuny göterip turup gitdi.
– Näme diýdiň, ýaşuly! O nähili çaý – diýip, gygyrsam-da, ol eşitmän hümere siňip gitdi. Birden hälki oglan ýadyma düşdi. Onuň ýakasyndan tutup süýreýärkäm aýagymyň aşagyna çaý dökülmesi bardy-la. Diýmek bu çaýlar ýag ogrusynyňky. Pil satýan ýaşulam oňa düşünmän, çaýy meniň horjunyma salaýan bolarly. Indi nätmeli? Öýümizde bu çaýyň bahasyny soraýsalar näderin. «Ýagyňy näçeden satdyň, hany ýag çüýşe» diýseler näme diýerin? Ýag ogrusyna haýpym geldi. Şu wagt onuňam ýagdaýynyň meniňkiden enaýy däldigine gynandym. Dogry-da walla, menden ýag soralanda ondan çaý soralmaz öýdýärmiň. Ol oglan çaýyny taşlap nirä gitsin. Meniň bilen gabat gelişmäge heder edip, şu töwerekde köwejekläp ýörendir – diýip, töweregime telim ýola ýaltakladym. Emma, bu pikir kelläme gelen badyna göwräm agraldy. Horjunymyň bir gözünde ýatan iki çetwert çaý gunta döndi. Çaý eýesi öz harydyny şeýle taşlap gitmedi ahyryn. Ol menden basyldy. «Ogry syrty gowşak» diýýänleri çyn. Ýogsam, ol beýdip niçe pullara satjak bolup ýören harydyny taşlap gaçarmy. Birdenem o nätanyş oglanyň erbet häsiýetiniň bardygy täzeden gaharymy getirdi. Belkäm bu iki çetwert çaýam meň ýaly biriniňkidir. Ol deýýus ogurlandyr ýa-da aldap alandyr. Horjunymyň içinde çaý däl-de ot bar ýaly. Egnimi silkip horjuny ýerde goýdum. Edil şol bada gökden indimi, ýerden çykdymy bilemok, bir milisioner öňümde dur. Ogurlap aldyň näme, basyp aldyň, parhy ýok, ikisem bir. Özüňki däl, iliň zady. Ogurlyk. Milisioner birem horjuna birem maňa seretdi-de duruberdi. Horjunymy taşlap tas gaçypdym. Birdenem elinjejik elden gidiren iki çüýşe sary ýagym ýadyma düşüp pikirim üýtgedi. Aýaklarymyň sandyramasy galdy. Derrew özümi dürsäp horjunymy ýerden galdyryp ony milisionere uzatdym.
– Ine, agam.
Milisioner asyl hiç zatdan habarsyz bolsa nätjek. Ol meniň bu boluşyma geň galyp, gözlerini tegeledi. Hamana diýersiň, ukudan açylýan ýaly ýüzüme çiňňerildi.
– Näme?
– Horjunda.
– Näme horjunda? – diýip, ol geň galyp sorady.
– Çaý.
– Çaý?
– Hawa.
– Horjunda bolsa gowy edipsiň, Ony näme maňa diýýäň.
– Eýsem kime diýeýin, eýesi gaçyp gitdi.
– Näme etdi?
– Gaçdy diýýän:
– Kim gaçdy? Nire gaçdy? – diýip, milisioner çuslandy.
– Çaýyň eýesi.
– Haýsy çaýyň eýesi?
– Horjundaky çaýyň, agam.
Milisioner özüne uzadýan horjunymy aljagam bolmady. Gaýtam mähir bilen egnime elini goýup:
– Ýigit, men hiç zada düşünmedim. Hany anyklaly. Howlukmadajyk jogap ber. Bu horjun kimiňki?
– Meniňki.
– Onda näme ony maňa berýäň.
– Içinde çaý bar.
– Bolanda näme.
– Gepem şo çaýda-da agam, çaý meniňki däl.
– Seniňki däl bolsa eýesine ber.
– Berip bilemok.
– O näme üçin.
– Sebäbi diýseň, çaý eýesi gaçyp gitdi.
Milisioner boýyny dikledi. Gaýyş kemerine barmaklaryny ildirip bykynyny tutdy. Ullakan gara gözlerini giňden açyp meni başdanaýak synlady.
– Dur ýigit, ýene-de düşünmedim. Hany çaý.
– Ine – diýip, içime düwün bolup duran iki bölek çaýy milisionere uzatdym. Yzyndanam özüm bilen bolup geçen wakalary oňa ýekän-ýekän gürrüň berdim. Milisioner horjundyr çaýly meselä ýaňy düşünip galdy. Ol meniň bu bolşuma gülüp-gülüp hezil etdi.
– Ine, gördüňmi, gany düz adam hemişe päkdir. Ýör inim! – diýip, ol meni ogry oglanyň öýüne tarap alyp gaýtdy.
Powestler