21:52 Zyndanda ýanan şem / powest | |
ZYNDANDA ÝANAN ŞEM
Powestler
Kyssaçy Halbaý Haýydowyň «Zyndanda ýanan şem» powesti awtobiografik häsiýetli bolup, onda adam ykbalyndaky garaşylmadyk kyn pursatlar yzarlanýar. Eserde öňki SSSR döwründäki stalinizmiň birgiden nesiliň depesinden gürzi bolup inip, ýaňy-ýakyna çenli dowam edendigini (hatda bu gürziniñ häli-häzirlerem depämizde aýlanmaga dowam edýändigini) powesti okan uly-kiçi aňsa gerek. Bu eserde nusga alarlyk ündewler bar. DURMUŞA MEŇZEŞ ADAM ýa-da awtor hakda kelam agyz söz Men ony 10 ýyl bäri tanaýaryn. 1983-nji ýylyň mart aýynyň ahyrlarynda, nesibe çekip, «Magaryf» neşirýatyna işe bardym. Baranymdan ünsümi çeken adamlaryň birisi, häzirki gürrüňini berjek bolýan ýaşulym, eliňizdäki kitabyň awtory, zandy zehinli Halbaý Haýydow boldy. Tanyşlygymyz birek-biregi syýalamakdan başlandy! Onuň boluşlary bir bada maňa geň göründi. (Ony gowy tanamasaň, oňa düşünmeseň, ol häzirem, geň adam) Ilki onda geň galan zadym – hiç haçan dellegiň elini görmese-de, ýeňsesine düşüp ýatan, mydama daralgy, ýuwulgy, tämiz, ap-ak saçy, şeýle hem tämiz geýnişi boldy, meni geň galdyran zatlaryň ýene biri – onuň rus dilinde suwara gürleýşidi... Ululy-kiçili üýşmeleňlerde, ýygnaklarda ol öz bir görseň-ä çaga ýaly, bir görseňem dana ýaly hereketleri, sözleri bilen hemmäniň ünsüni çekýärdi: bir görseň-ä ol aşa sypaýydy, bir görseňem, barypýatan gödekdi, şol bir wagtyň özünde ýuwaş hem betdi. Bir seretseň, ol hemmeden baýdy, bir seretseňem, hemmeden garypdy. «Ynha, gör, jübimde kör köpügim ýok» diýip, jübülerini çöwrüp, ýüzüňe bakyp dur. Birdenem: «Ýörüň, bileje oturyp, çörek iýeliň bäş gram şerap içeliň, barybir bu zatlar geçegçidir» diýip, öz sulhy alýanlaryny yzyna tirkäp, iň gymmatbahaly naharhanada oturandyr... Bu zatlardan men onuň nähili bolanda-da, ýüreginiň kireňsizdigini, hiç kime zyýansyzdygyny, eliniň jomartdygyny bilip galdym. «Täze işe baran ýerinde kimler bilen tanyşdyň?» diýip soranlarynda: «Halbaý Haýyt diýen biri bilen tanyşdym» diýdim. Şonda ýakasyny tutanam, içine tüýkürenem, «hüm-m!» diýip, oýlananam gördüm. Şeýden adamlaryň ony görse, ýylgyryp, oňa ýakynlaşyp, ondan mydama nämedir bir zady aljak bolýandyklaryny-da synladym. Asyl, onuň özi geň Adam! Gaýtalap aýdýan, ony ýakyndan tanaýanlar – ondan (pul, zat ýa-da şoňa meňzeş) diňe ALJAK bolup jan edýärler. Emma oňa: «Halbaý, sen şuny al!» diýip, nämedir bir zat berjek bolýan adama gabat gelmedim. Ýöne oňa gudraty güýçli Allatagala beripdir, eçilipdir. Şol eçilen zatlaryň içinde ÖZBOLUŞLY ZEHIN hem bar! Şonuň üçinem ol bir topar eser döredipdir, kitap ýazypdyr. Ýöne «Men şeýdýändirin!» diýip, hantamalyk eýläp edaralaryň gapysyny kakyp ýörmändir. Diňe işläpdir, şeýdibem ederini bilipdir. Men onuň dört kitabyny («Menziller», «Ukudaky ýolbars», «Üç güzer», «Zyndanda ýanan şem») redaktirledim. Şeýle bolanlygyna-da begenýärin. Çünki, Halbaý Haýydowyň prozasyndan ýönekeýden gelen halk dilimiziň neneňsi çeperdigne göz ýetirdim... Ol käbir awtorlar, ýaly ynjyk däl, ýazan zadyna eldegrilmesizdir öýdenok. Gaýtam, özünden ezberlerden öwrenip bilse, bolany! Gol ýazmasyna bellik aýtsaň, oňa-da ynansa – düzedýär, ýogsam, geçmişden, şu günden, garaz, dünýäniň dört künjeginden tymsal getirip, özüniňkini subut edýär, saňa bolsa, ylalaşmakdan başga ýol galmaýar. Bu onuň zehininden nyşan. Onuň ýanyna islän wagtyň baryp, islän zadyň hakynda gürleşip bolýar. Şonda ýaş tapawudyňy ýadyňdan çykarýarsyň, edil, öz bile ösüp-oýnap ulalan deň-duşuň bilen duşuşyp oturan ýaly. Bu onuň pespälliginden nyşan. Bir gezek Halbaý Haýydyň ykbaly bilen gyzyklandym, höwes eder ýaly däl ekeni: Hudaý her kimiň üstünden sowsun! Halbaý Haýyt eneli-ataly bolsa-da, enesiniňem däl, mamasynyň elinde terbiýelenýär. 7-nji klasy tamamlanda Halbaý bu hemaýatkärinden hem dynýar. Şondan soň ykbaly ony Ahal topragyndan çykarýar. Aşgabada aýagy degenden, oňa bir nätanyş ýagşy kişi hossarlyk edýär. Bozagan Durdyýew diýilýän ol intelligent adam: «Halbaý jan, gam iýme, biziň öýümiz – siziň öýüňizdir» diýip, ony yzyna tirkäp öýlerine äkidýär... Soň oňa başga bir ýagşy kişi, bäherdenli aktiw mugallym – Aşyr Ataýew howandar çykýar, ony Aşgabadyň 20-nji mekdebinde okadýar. Soňra şol döwürde atly-abraýly, bir ýyllyk komsomol mekdebiňde-de okaýar. Ine, şeýdip, häzirki Boldumsaz etrapynyň Homaý diýen ýeriniň Mereke obasyndan paýu-pyýada diýen ýaly Aşgabada gelip düşen Halbaý il hataryna goşulýar gidiberýär. Onuň durmuşa, döredijilige düşünip, «iş» diýip aýak basan ýerleri – radiodyr telewideniýe, kinostudiýa, neşirýatlar. Bu gün 60 ýaşy egnine alan, dogumyndan don geýip ýören Halbaý Haýydowyň eliňizdäki kitaby hem şol, görgüli, göreşli, gyzykly ykbalynyň bir bölegi. Entek ýitgitlik tüýünden çykmadyk Halbaý aganyň özüni gürletseň, ol özüne kömek eden kişileriň ählisinden minnetdar, öteňleriň ruhunyň öňünde, dirileriň saçagynyň başynda razylyk sözleriňi dilinden düşürmeýär. Eliňizdäki kitapda-da bu aýyl-saýyl görünýär. Bu kitap Halbaý aganyň ýagşy adamlara alkyşy bolsa, ýamanlary öz päline tabşyrmagy. Men bu eseriň edebi derejesi hem many-mazmuny barada takal okamaýyn, goý, bu zatlara okyjynyň özi baha bersin. Ýöne men eserden soň, Halbaý Haýydowyň gözüme hasam yssy görnendigini aýdaýyn. «Eliňden gelse, bu Adama ýagşylyk etmeli» diýen pikiriň kalbymda orun alandygyny hem agzaýyn... Bir gezek ol agyr keselledi, ýek görülýän derde duşandyr öýtdüler. Hälem, onuň hudaý diýen ýeri bar ekeni: demir erki, Çary Baýry ýaly tebipleriň däri-dermany, eliniň, göwnüniň sahylygy – ony halas etdi... Ol nähoşlan günleri ep-esli keselhanada ýatansoň, görünmedi. Şonda men onuň aramyzda ýetmeýändigini, ony göresimiň gelip, ony küýseýändigimi, onuň gerekdigini... duýdum. Birdenem ol hakdaky goşgy setirleri öz-özi kagyza geçip başlady. Pursatdan peýdalanyp, şol goşgyny şu ýerde dolulygyna göçürýärin, şeýdibem, täsin, geň, gowy Adam – Halbaý Haýyt hakdaky gysgajyk sözümi soňlaýaryn. Gowy hakda şol söz diýmeli bolsa Sizi şeýle söze bilýärin hakly. Özüňi bileli, ykbalyň, ýogsa, Size beýle daramazdy taýakly. Gürrüňde düýnüňe gidýärsiň gamly, Käteler çyn ýaly, käte oýunjak. Şonuň üçin, ýetişensiň dogumly, Hereket edýärsiň göýäki möjek. Tüweleme, ýagyş ýaly yrsgalyň, Durmuş näçe gysganç, boldugyça kyn. Göwnüň ýaly açyk bolansoň eliň, Dost-ýarlaryň mydam sizden tamakin. Şonda-da gör, käte üstünden güljek, Size gülmeli däl, guwanmalydyr. Başarsa, köp kişi Siz ýaly boljak, Ýöne Halbaý bolup dogulmalydyr. Gowy taraplarňy bolsady ölçäp, Ynsanperwerligiň gelerdi agyr. (Sizçe ýokdugymyza gezmerin ynjap, Sizçe ýek bolamsoň, ýazýaryn şygyr.) Eger-de şu döwrüň adamlaryndan, Görogly özüne saýlasa nöker, – «Kyrk ýigit» bolmalyň konkursyndan Geçersiňiz, hökman adyňyz çykar. Bu hoş habar gider ganatyn ýaýyp, Zulman kempir bolsa, tutar-da ýaka, – «Goraweri Halbaý Haýytdan» diýip, Toba gelip, berse gerek sadaka... Hes düşnüksiz, hem düşnükli – gyzykly, Boluşlarňyz – gaty meňzeş durmuşa. Ynanýaryn – Siziň bilen ymykly (Bolmawersin!) gidip bolar söweşe... Gurbanýaz DAŞGYNOW, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi. * * * Ýanýoldaşym, saňa bagyşlaýaryn! B I R I N J I B Ö L Ü M ▶ TOGALAK DEPE Çagalyk. Bu bir ýatdan çykmajak ajaýyplykdyr. Eýsem ol ýüzlerçe ykbal özeni, başlangyjy, ilkinji ädimi... Çagalyk eýsem, kyrk ugy özünde saklap, ony gerdeniňde göterýän mizemez bir tärimdir. Bu binanyň çagaragy – mertebe, gapysy – maksat, bosagasy – ömür menziliniň başlangyjydyr. Menziller heňňam ýaly uzakdyr. Emma dogduk depäňden her neneň daşlaşdygyňça, ol seniň kalbyňda bek ornap, seniň hyýalyňda müsür bolup, aşyk oýnan ýerleriň, suwa düşen güzerleriň, çekene bakan düzleriň göreçleriniň içinde surat bolup müdimi galýar eken. Uly-kiçi, dogan-gardaş dost-ýar. Gaýgy-hasratlaryňy deň bölüşen deň-duşlaryň bar zatdan eý görnüp, özüni küýseder durar ekeni. Çagalyk güzerinden geçip gaýdanyma niçe-niçe ýyllar ötdi. Saçymdan ak girip gojalan bolsam-da äpet-äpet güjümler, durna gözli howuzlar, gür baglar, nogul erikler, gyrmyzy ýaňak almalar, hoşa-hoşa üzümler, balhy tutlar, injirdir enarlaryň tagamy heniz-heniz dodagymda. Togalak depe Çärdere1 sährasynyň göbegi ýaly, uzaklardan görnüp otyr. Gelene güler ýüz berse, gideni hormat bilen ýola salýar. Bu depe biz üçinem tapdyrgysyz. Mallaryňy örä kow-da, üstüne çyk. Bu ýerden bütin sähra el aýasynda, ileriň Işangala, gaýraň teňňir oba. Garasaý, nirede nämäň bar, görnüp dur. Obadaş oglanlardan kimdir birini göresiň gelseme, howlukma. Günde ýeke sapar Togalak depäniň üstüne çykyp, dogduk mekanyna syn et. Akar ýabam, güzeran ýolam bu depeden sowa däl. Bu depe maňa hemra, bu depe maňa ýoldaş. Günde onuň üstüne ýüz çykyş, ýüz düşsem-de, her sapar. özümi Arş üstünde duýýan. Şeýle halatlarda, dawalaşyp aşyk oýnaýan oglanlaryň gohy, sähra gözelliginiň görküne aşyk bolup asmanda pelpelleýän guşlaryň sesi, eşekleriň aňňyrşy, itleriň wow-wowy, göleleriň molaýşy, guzularyň mäleýşi düýbünden başga bir owaza öwrülip dünýäm düýbüňden üýtgeýär. ...Ynha, «Togalak Depäniň» eteginde hatar-hatar ak öýler, oba asuda. Jagyl-jugul, iki ýana at salyp galgaşýan çagalaryň birem ýok. Öýleriň birinden nahar ysy burugsasa, beýlekisinde çaý gaýnaýar. Ýöne welin, depäniň üsti-de boş däl. Nobatçylyk gezegi sakgaly ýaňy taban, hortaň, uzyn ýigide ýetipdir. Ol depäniň üstünde bir ýerde takat tapman algyr laçyn mysaly uzaklary ýiti-ýiti synlaýar. Onuňam öz sebäbi bar. Dogup-döräp, erkana ýaşamagy endik eden türkmen ilini özüne bakna etmek üçin, at oýnadyp, il üstünde gan dökmedik patyşa bu etrapda ýok. Siňe-siňe seretseň bu toprakda Izdigertden başlap Çingiz hana, Nedir şadan başlap Buhara emirine çenli özüniň gaply penjesiniň yzyny galdyrmadyk hökümdar bolupmy? Isfendiýar Bahadur han-a ýap-ýaňyja geçipdir... – Gurban, aý Gurban – diýip, biri böwrümden dürtdi welin, bar pikirim dargady. Gözümi ýalpa açyp seretsem, gysga boýly, tokgaja, egni ezýaka köýnekli, başy çomolok tahýaly, bili gerdi1 guşakly ýoldaşym Alty üstüme abanyp dur. – Tur haw, mallar dargady. Seniň düýäň-ä hiç ýerde ýok. Ýerimden tarsa turup depäniň kertine baryp seretsem, sokur düýäm etekde çöküp otyr. – Senem-aý walla, Alty, öz-özüňden howsala düşüp, goh turuzuberýäň, Mallar şu sähradan çykyp nirä gitsin. Honha, gezip ýörler. Sen hemişe şeýdýäň. Bar pikirimi böldüň, – diýip, şol bir oturýan ýerimde uzyp ýatyp gulagymy depäniň göwsüne tutdum. – Näme-aýt ýeriň o ýüzi bilen gepleşýämiň-aý sen? – diýip, dostum meni ýaňsa aldy. – Ýeriň o ýüzi bilen däl, hut özi bilen gepleşýän. Diňläsiň gelse, gel, meniň ýaly ýüzin düşüp ýat. Demiňi dürsäp, diň sal. Ine, onsaň meniň diýýän zatlaryma düşünersiň. Gulagyň nämeler eşidilip, göz öňüňe nämeler gelýär. Bu bir özbaşyna kino, how! Hanha, sereň, üsti ýükli barýan hatar-hatar arabalar olar ýükden ýaňa ýegşerilişip, köçerleri jygyldaşýar. Üsti gumdan doly arabalary zordan süýräp, ýokary, depä ýarmaşyp barýan öküzler paş-paş edýär. Içi gumly sebedi depelerinde göterip gelýän adamlara-ha garynjadan kän. Alty garamyk gözlerini gyrpman maňa seredýärdi. Käte demini içine salyp, durşuna gulak bolup, töweregine diň salýardy. Ol edil şu wagt biziň üstümizde, gögüň eteginde, pel-pelläp saz edýän ýalňyz torgaýyň sesinden başga zat eşitmän, çiňerilip-çiňerilip gaýta-gaýta geň galmak bilen maňa bakýardy. Ol iň soňy: – Sen bu zatlary özüň oýlap tapýaňmy, ýa-da biri gürrüň berýärmi? – diýip, çyny bilen sorady. – Mekdebe gelýärkäk öňümizde ýol gurujylaryň nähili işleýişlerini günde görýäň-ä. Ýagyrnysy şorlap dur-a olaryň. Galdyrýanlary sähelçe gaçy. Eger-de şol adamlar şu ýerden ýene-de bir togalak depe gurmaly bolsa nähili bolardy. Hany, şu zatlary sen göz öňüne bir getirip gör – diýemde, dostumyň çenden aşa ullakan gulaklary kiçelip, çalaja egrelip duran burny gönelýän ýaly boldy. Bu wagt Altynyň näme barada oýlanyp, nämeler hakda-da pikir edýändigini-hä biljek däl. Özüm welin gözümi täzeden ýumup, Boldumsazyň aňyrsyndaky Gökçägäniň üstünden geçip, Homaýa tarap eňip gelýän duşman atlylaryny. Göz öňüne getiresim geldi. Eger-de meň şo hyýallarym çyn bolaýsa, meň ne- derdim? Ilki bilen ýerimden towsup turardym, soňra derrew depäniň üstünde ot ýakardym ine, şeýdip Ene topragyň üstüne abanýan howpy bütin äleme jar edip, duşmana bek gaýtawul bermäge ululara kömek. ederdim. Birdenem Alty «Hikir-hikir» gülüberdi. – Näme how! – diýip, başymy galdyrdym. Dostum agzyny bir ýere ýygnap bilmän gürledi. – Juwazçynyň ogly Tüýli göz öňüme geldi. – Ony häzir göz öňüne getirmek gerek däl. Ine basym seň geçiň olaň ekinine düşer welin, onsaň Tüýliň özünem görersiň – diýdim, Dostumyň bada gülkisi ýatdy. Ol asyl ot gysymlana dönüp laňňa ýerinden galdy, töweregine ýaltaklady. Ýa senem-aýt, Gurban gorkuzmasana walla, mallar hanha gezip ýör. Özlerem uzakda däl–diýip, jogap berdi. – Altym, dost, bar! «Zyýanyň ýarysyndan gaýtmagam bir peýda» diýipdirler. Juwazçynyň oglunyň sesi başyny iýsin, ylga, gaýtar yzyna mallary. Dostum meniň bu haýyşyma garşy çykmady. Bada depeden aşak iýndi. Men ýeke galdym. Dogrudan hem bu depe gör näçe asyrlaryň şaýady. Depäniň ses ýetim golaýynda başga bir ýadygärlik bar. Şu etrapda onuň ýörgünli ady Işangala. Galanyň töweregi çar dere. Äpet-äpet serwiler. Gabarasy garalyp, uzaklardan görünýän garamanlar. Depesi daga deň ak dereklerin arasyndan görünüş, gyzgylt öwüşginli sary diwarlar. Boýnuna gültaraş urulan küňreler, güjüm daragtyndan ýasalan derwezeler asyr arka atsa-da, şol bilen durkuny pozman «Müň bir gijäni» ýadyňa salyp dur. Howlynyň içi öýjük-öýjük, Hüjreleriň hersi özbaşdak bir hana, penjiresi, tüsse çykýan tüýnügi syrma serpikli. Çyrapaýasy henizem şütükli dur. Atlyňa – seýishana, malyňa – ýatak. Sowuk suwly guýy. Juwazly, harazly, garaz, tamdyra çenli içinde. «Bilmen näçe ýaşy bardyr» diýseň diýersiň welin, bu galanyň içi henizem boş däl. Onuň günbatar derweze- siniň eýesi Sähet juwazçy. Gündogaryňda Meret çopan. Demirgazyk derwezeden giren ýerindäki otaglaryň birinde hem dünýä inipdirin. Bagyşlaň, Özümiň haçan bäbek bolup, haçan dil açyp, haýsy wagt hem ilkinji ädim ädişim hakda size hiç zat aýdyp biljek däl, ýöne welin, ähli zat ädikden başlandy. Ony men henizem ýatdan çykaryp bilemok. ...Şo ýylyň güýzi gysga boldy. Ilki bada. demirgazykdan ýel öwsüp, bir agşamda ýer sowady. Zeminiň ýüzüne zer çaýylyp, baglaryň reňki soldy. Şam-u, säherler şelpe kakyp, gujagynda telim-telim syr gizlemän leýlisaçlaram pür-pudakdan aýrylyp, sebet örübermeli çybyga öwrüldi. Ekinler ýygnalyp meýdan boşady. Guşlar uçdy, gumrular sähra göçdi. Durnalar göge çykyp, dagdan aşdy. Gün günorta çekilip, gijeler uzaldy. Gyş geldi... Ir oýandym. Ilkagşamdan taýýar duran içi kitaply bukjamy egnimden asyp daşary çykdym. Säher asuda. Bir ýerden öwsüp, hepdeläp ugruny üýtgetmän gelýän şemalam ýatypdyr, Ýöne, oňa derek göze görünmeýän ertir aýazy welin, ýaňaklarymy ýalap, içim-bagryma siňip barýar. Gögüň ýüzi tämiz. Ýyldyzlara el uzatsaň eliň ýetäýjek, küle gaçan mekge ýaly patraşyp dur. Bir ýerde dursam welin, üşejegime gözüm ýetip, eýläk-beýläk gezim edýärdim; – Mýauu, tyss... mýauuuw. Gowy ýapylyp jebisleşmedik, derwezäniň gabsa arasyn-dan atylyp çykan pişikler ýerden dömen ýaly ala-goh turzup, ok bolup atylyp, tümlige siňip gitdiler. Garaşman durkam aýagymyň aşagyndan gopan bu hasyrdy meni tisgindirdi. Äpet howlynyň içinde aýlanyp-dolanara ýer gyt ýaly, oňuşman, herekleşip barýan bu iki haýwana geň galyp, pikir ýüwürdüp durkam adym tutuldy. Ses tümlükden eşidilse-de, ony tanadym. – Baý, garaşdyrýaň-ow. Alty! Daşaryk çykanyma bir eýýäm boldy – diýip, dostuma igendim. – Bä, ýalan sözläňde çyna berimsiz edip aýdýaň-aýt. Hany, kim, kime garaşdyka. Şony bir anyklaly. Äpişgäňde yşyk ýok. Gapymyzda kän durdum. Ahyry, halys bolup, seni «turuzaýyn» diýip, gelşim-dä. – Meniň şol bir wagtda turýanymy bilýäň ahyry. Geläýmeli ekeniň. Indiden soň yşyk ýok, asla-da bolmaz. Äpişgä seredip durma, geliber! – Tutyňyz barmy? – Tutymyz-ha ýok welin, kakam çyramyzy ýakdyranok. – Çüýşesini döwdüňmi? – Ýok. – Onda näme beýle? Ozal-ha ýakýadyň. – Indi ýanaýmaz şol çyra. «Traktorçylara ýalbaryp, nebit dilemekden irdim» diýip, zeýrenip otyr. Onsoň nädip ýakjak ony. – Mugallymlaryň öýe berýän ýumuşlaryny nätmeli? – Gündiz etmeli. – Mallaryňyzy nätjek? – Oňa-da ýetişmeli. – Görýän welin, Gurban seniňkem meniňkiden ýeňil däl-ow. – Irden ojagyň külüni aýyrýan, ot ýakýan. Bu gün çaýam içip bilmedim. – Menem şeýle-dä. – Irräk turarlar. – Ýene-de şony diýýäň-aýt. Alty! Atymlyk çaýymyzy kakam ýassygynyň teýinde. saklaýar. – Ot ýakma, çaý içme, çyra ýakma. Nähili kaka-aý ol – diýip, dostum Meniň diýýän sözlerime ynam etmedi. Dostumyň soragyna jogap berip bilmedim. Dymdym. Sebäbi biziň öýmüzde meniň üçin başga-da gadagan zatlar kändi. Olaryň haýsy biri hakda aýtjak. – Aý, näme şeýle-dä – diýmek bilen oňaýdym. Biz şu sözlerden soňra dymşyp ep-esli ýöredik. Ýöne welin, gijäniň şol bir duruşy, daň entek mizänok. – Gurban, mende otluçöp bar. Gel, şu ýerde ot ýakynyp, gyzynaly – diýip, Alty häliden bäri hyýalyma gelen bu pikiri bildi duruberdi. Biz ýoldan bir gapdala sowlup çöp ýygnadyk. Oduň başynda kän kyssalar aýdyp, warsaky otardyk. Ahyry dostum pişe tapyndy. – Gurban, seniň şu ädigiň tapdyrgysyz zat. Beýle ädik mugallymlarda-da ýok. Dostumyň bu sözleri maňa täsir. etdi. Çüýi bürünç, gonjy mişi, ökjesi nally, oltaňy keçe, bu ädigiň içinde aýaklarym birneme uzap, göwräm bir gez ösäýen ýaly, ýerimden turdum. Emma, bu ädigiň maňa beren soňky hupbatlary hakda siz soramaň, men aýtmaýyn. ...Ilki bilen top oýnadyk. Hany, ylgap bilsem. Çokaýa öwrenen aýak, täze ädikde bir bada duşakla döndüm. Ahyry muny ýoldaşlarym aňdy. – Gurban, bolşuň nähili? – diýip, Nazar gygyrdy. Nazar girdenejik oglan, onuň inedördül göwresiniň bir çetine soň seplenen ýaly betgelşik görünýän kiçijik kellesiniň ýarysyny tutup duran äpet burny. çym-gyzyl boldy. Oňa üns bermän, başardygymdan topa tarap ylgadym. Sapandan sypan ýaly atylyp yzymdan ýeten Nazar aýagymdan çilip goýberdi. Torç edilip, depelenen garyň üstüne agyp gitdim. – Näme-aý sen – diýip, herreldim, togalanyp giden telpegimiň yzyndan ýetip, ony alyp, tüýlerine ýokuşan gar tozgalaryny silkişdirip başyma geýdim. – Çyk, oýundan! – diýip, Nazar üstüme täzeden süründi. Muňa girre gaharym geldi. – Sen näme – aýt, ýöne, jabyjynyp dursuň?! – Utulyp barýas, how! – diýip, Nazar agzyndan köpük saçdy. – Utylamyzda näme. – Çyk, oýundan! – Çykman. – Çykarsyň, Gurban! – diýip, Nazar gözlerini çüýjerdip alkymyma dykylyp geldi. Iki eli bilen ýakamdan tutdy-da, bar güýjüne daýanyp döşümden itip goýberdi. Nazaryň bu bolşuny halamadym. Asla, onuň çynydyram öýtmedim. Garaşylmadyk ýerden zora sataşan göwräm, bir bada özüni saklap bilmedi. ýykyldym. Nazara-da geregi şol eken. Ol Maňa turmaga maý bermäň mündi üstüme. Garnymda heşelle kakdy. Men diňe şondan soň bu zatlaryň oýun däl-de, çyndygyny aňdym. Sümügini horkuldadyp, garnyma gütdükläp oturan Nazardan saldym aýagy. Gursagyna degen ädigimiň tumşugy ony bir gapdala serpdi. Bir bada ol sesini çykarmady. iki eli bilen garnyny gujaklap, diriň-diriň böküp, pyrlanyp-pyrlanyp, garyň üstünde uzyn ýazyldy. Reňki göm-gök boldy; birden aýagyny öküz basan ýaly, çirkin sesi bilen gygyrdy. Oýun ýatdy. Oglanlar çabalanyp ýatan Nazaryň daşyna üýşdüler. Aljyradym. Ýoldaşlarymdan utanjyma gara der boldym, Nazar henizem gar üstünde iki ýana urunýardy. Goh ýatyşdy. Men, häzir üýtgeşik bir zadyň ýüze çykjakdygyny aňdym. Çuslandym. Maý saýlap bir çete çykdym welin, hemmäniň ýüzi maňa tarap öwrüldi. – Ah sen nejis! – diýip, Täşli üstüme süründi. Bu wagt onuň ýüzünde rehim şepagatdan nyşan ýokdy. Rejäniň geň däldigini aňdym. Ökje ogurlap, özümi dürsedim. Oglanlaram ahmal däldi. Olar derrew daşyma gala bolup, hüjüme geçdiler. Ilki maňa ýumruk uran Täşli boldy. Jogap berdim. Emma Täşlä diýip salan ýumrugym Pirä degip onuň burnuny gara gan etdi. Soňraky bolan zatlary men aýtmaýyn, siz diňlemäň. Kim elimden, kim aýagymdan çekip meni ýykdylar. Kim depip ýör, kim süýräp, garaz üstüm depeşek. Menem näme, diri adam. Teniňe awy düşse, heý-de oňa çydap bolarmy. El ýetenimi kakyp, aýak ýetenimi depip, güýjümiň ýetdiginden goranýardym. Oglanlar halys ýadady. Üstümiň taýak döwgüsi ýuwaşan badyna ýerimden turdum. Ýeke öýliniň iti ýaly, köpçülikden saýlanyp, dişini gyjap duran Täşliniň döşüne kelläm bilen süsüp, ony ýykdym-da, ýazzyny berdim. Top oýnaýan ýerimiz biziň öýümizden birneme sowarakdy. Aralykda Hekimler, soňra-da, Täşliniň atasy Hoja agadan galan köne haýat, iň esasy-da içi suwly udy akar bardy. Gyş suwy bir eýýäm gelip, ýabyň hanasy püre-pürdi. Guş bolup, ganat bekläýmeseň, bu loburdan bökerin tamaňy üz. Şoňa gözüm ýetigem bolsa, maňa başga alaç ýokdy. Ýolumy gönüledim. Oglanlar welin, yzyma düşmediler. Gaýtam, ikä bölünip, bir topary o köprä, galanlary bolsa beýleki köprä bölünip iki ýana eňýärdiler. Garşydaşlarymyň pikirine düşündim. Olar «ýüp syrygyp toýnakdan geçer» edýärdiler, Men welin, bar zady aňdym, emma pikirimden dänmedim. Ýolumy üýtgetmän, ýaba tarap eňip gelýän. Göwräm şeýle bir ýeňil, şeýle bir ýeňil, heý goýaý. Mundan ozal aýagyma agram salýan batman ädigimem ýelege dönüp, dabanym kä ýere degse, käte-de degmän uçup barýardym. Ynha-da ýap. Ylgawymy ýazdyrman raýyşa çykdym. Hanasy dolup, eňterilip ýatan sarymtyl bulanyk suwuň ýüzi çalaja çylpyklap, doňupdyr. Ol entek adam götärden ejizdi. Köpri bolsa meniň üçin ýapyk, Oglanlar ýumruklaryna tüýkürişip, bir eýýäm köpriniň üstünde maňa garaşyp durdular. Her neneň sap atsam-da, ýeke-täk geçelgäniň köprüdigini olar gowy bilýärdi. Ýöne birdenkä edil ýeňsämde güsürdeýän gar sesini eşitdim. Yzyma seretsem nazar maňa ýetip gelýär. Ol gözlerini petredip üstüme topuldy. Nazar elindäki top taýagy ýokary göterip, badyna menden saldy. Eger degäýse beýniňi dargadaýjak howpuň aşagyndan zordan sowuldym. Çenän ýerinden urup bilmän ahmyrly galan oglan maňa täzeden topuldy. Men bar güýjümi toplap ýapdan bökdüm. Nazaryň taýagy howada galdy. Göwräm ýelege dönüp, akaryň üstünden uçanam bolsam bolmady. Bir aýagym kenara, beýlekisi gar teýinde çylparyp, çala gatan buz oýulup, göwrämiň ýarysy suwa gitdi. Ýapyşara, tutara ýer barmy, doň kenar meni saklamady. Dyrnaklarym gaňrylyp, ganjarýança gazap, zordan suwdan saýlandym. Öýe barýançam üstüm-başym demire döndi. Kürsäp içeri girsem kakam çaý içip otyr. Ol elindäki daş käsesini alakçynyň1 üstünde goýup, aşyna siňek gaçan ýaly ýygryldy. Bu wagt onuň hyrsyz ýüzüniň reňki üýtgäp ak esgä döndi. Gaşlary çytylyp giň maňlaýynda heniz görülmedik ýygyrtlar peýda boldy. Dodaklarynyň reňki göm-gök bolup, inçejik, uzyn murtlarynyň ujy çalaja titreýärdi. Repide ýaly tes-tegelek, ýasy ýüzünde geriş bolup duran, süýnmek burnunyň deşikleri giňeldi. Ullakan ala gözleri ýiteldi. Owasy giňäp, kakam duruşy bilen göz boldy. Şu görnüşde menden nazaryny sowman ol gygyrdy. – Maral! Kakamyň sesi atanlykda gapana düşen dag şiriniň nagarasy ýaly içerini dolduryp, ýaňlanyp gitdi. – Hä, näme boldy? Ejemiň sesi içki otagdan eşidildi. – Maral diýýän meň saňa! – Ot aldymy, bu odalmyş öýi. Elim hamyrda – diýip, ejem oturan ýerinden jogap berdi. Meň şol durşumy üýtgetmän durun. Kakam ejemiň otagyndan çykaryna garaşman, ýerinden turdy: – Güýlünip daňylaýdymy sen? Çyk bäri diýýän meň saňa! Otagyň ýyly howasynamy, ýa-da kakamyň azmly sesinemi bilemok, saň-gaty bolup, heýkele dönen göwräme sarsgyn aralaşdy. Onýança içerden çykan ejemiň gözi maňa düşdi. – Hi-wiý, bagtym ýatdy, bagty ýatan, saňa näme boldy. Balam!.. Ejem meni göterip diýen ýaly ojak başyna getirdi. Dyzymy zordan epip otyrdym. – Wah bagtym garadyr meň, bagty gara. It uwlan sowuk bolmasa buz gatarmy. Indi, şoňa-da seň aklyň ýetmedimi? Kellesiz. Ýa-da biri ýeňsäňden itip suwa ýykdymy? Kim muny beýden? Hany aýt! Wah, hälem durşuň bilen suwa gidäýmänsiň. Ejemiň bolşuny halamadym. Dogry-da, walla, ýarty göwräňi suwa batyryp gelseň kim seni oňlar. Göwnüme bolmasa, ejem öz ejem däl-de, hut öweý enä meňzäp dur. Asyl kakamam şeýle, ýa-da belanyň körügi özümmikäm? Bu pikirler erkimi elden alyp, obadaş oglanlara bolan gaharymy unutmaga mejbur etdi. – Hany ädik!? Kakamyň bu soragy tenime gamçy bolup degdi. Gözlerimi tegeläp aşak baksam ädigim ýok. Aýagym ýektaý. Eýsem, bu bolup geçen wakalaryň düýp sebäbi şu ädik dälmi? Gowusy, men muny geýmedik bolsam urşam bolmazdy, buza-da ýuwulmazdym. – Hany ädik diýýän men saňa!? – diýip, kakam täzeden azm urdy. Häli ýapdan bökemde aýagymyň ädiklidigini aýdamda ol ör-gökden geldi. Bir aýagym suwa düşüp buz teýine gidendigini aýdamda ol ot gysymlan ýaly boldy. – Wah, seniň bir... Tur ýeriňden, ýör! Kakamyň gujurly gollary meňi ojak başyndan galdyrdy. – Juma!.. Ejem awuny penjelän bürgüt ýaly, henizem meni sypdyrman duran kakamyň goşaryndan ýapyşdy. – Çekil! Ejem tisginip gitdi. Kakam oňa alow bolup darady. Ejem bir ýerde saklanyp bilmän, ataly-ogul ikimiziň daşymyzdan pyrlanýardy. – Sen dälmi, muny şu derejä ýetiren. Kakam meni südenekläp gapydan çykardy. – Juma aýagy ýalaňaç. Çagany öldürme netiň bolmasa, geýindir aýagyna bir zat. Onsuzam gany doňupdyr muň. Reňkine seret gök dalak – diýip, ejem kakamyň öňüne gabat boldy. Emma, kakamyň uzyn gollary ejemi bir gapdala zyňyp goýberdi, Men başymy dik tutup, bir aýagym ädikli, beýlekisi ýalaňaç, güsürt-gütürt gar basyp buzly ýaba tarap ugradym... | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |