20:38

1917-1934-nji ýyllardaky Türküstan milli garaşsyzlyk hereketi we Enwer Paşa

Täze kitap

■ 1917-1934-nji ýyllardaky Türküstan milli garaşsyzlyk hereketi we Enwer Paşa
         
1917-1924-nji ýyllarda Türküstanda dörän we 1934-nji ýyla çenli wagtal-wagtal dowam eden gozgalaňlaryň gahrymanlaryna ruslar tarapyndan “basmaçy”, basmaçylaryň özleri tarapyndan bolsa “gurbaşy” diýilip at berildi.  Esasanam Patyşa Russiýasyna garşy dörän milli azat edijilik hereketlere rus agalygy “basmaçylyk hereketi” gözi bilen seretdi. Wakalara ýakyndan şaýatlyk eden tatar Zeki Welidi Togan basmaçy hereketlerine halk göreşi hökmünde dogry göz bilen baha berýär. Stalin bolsa, “Orta Aziýa respublikalaryny Sowet Russiýasyndan bölüp aýyrmak we eksplutator synplaryň häkimiýetini gaýtadan gurmak maksady bilen baý-kulaklar tarapyndan alynyp barylan syýasy-garakçylyk hereketi” hökmünde baha beripdir. 
      
Gyzyl Goşunyň Türküstan frontynyň başlygy Frunze basmaçylaryň maksadynyň  “sowet häkimiýeti ýok bolsun, garaşsyz we bitewi musulman döwleti gurulsun” diýen mili şygar bolandygyny aýdýar. Türkmen basmaçylaryndan Mürze Pirnepes “biz  “basmaçy” sözüne Türkiýede öwrenişdik. Öz watanymyzda seýrek eşdilerdi. Diňe ruslar bizi şeýle atlandyrardylar. Biz özümize “gurbaşy” diýerdik. Soňra Enwer Paşa gelensoň, biz bir-birimize “müjahit” diýip ýüzlenip başladyk” diýip ýatlaýar. Iki jiltlik “1917-1934-nji ýyllarda Türküstan milli garaşsyzlyk hereketi we Enwer Paşa” atly kitap wakalara aktiw gatnaşan gurbaşylaryň (basmaçylaryň) sözlerinden ýazylypdyr. Olaryň ýatlamalaryndan peýdalanylypdyr. Bu maglumatlar Türküstanyň garaşsyzlyk ugrunda alyp baran göreşlerine Enwer Paşanyň baglanyşygy, onuň bu ýoldaky eden işleri we gahrymanlarça wepat bolmagy hut gözi bilen gören şaýatlaryň aýdanlaryna esaslanyp Size hödürlenýär. Hajy Samy bilen egindeşleriniň  Türküstanly watançy ýigitleriň milli buýsanjymyzy birleşdirip arzyly sepgitlere ýetmek üçin görkezen legendar göreşleri barada söhbet açylýar.

Okamak üçin seret:
      
“1917-1934-nji ýyllarda Türküstan milli garaşsyzlyk hereketi we Enwer Paşa” 1-2 jilt.
      
Awtory: Aly Bademji “Ötüken” neşirýaty.
     

Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 463 | Добавил: Нawеran | Теги: Aly Bademji | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebiýat täzelikleri bölümiň başga makalalary

Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]