12:59 ''Akylly'' sagatlar | |
''AKYLLY'' SAGATLAR
Hytaýyñ ''Honor'' kompaniýasy Londonda dabara geçirdi, onda Jeki Saýdan, Jorj Griwzden, Wana Donglingden we Jowanni Ozzoladan başlap, birnäçe suratkeşler we dizaýnerler bilen hyzmatdaşlykdan döredilen ''Honor MagicWatch 2 Limited Edition'' diýen ''akylly'' sagady görkezildi. Bu bolsa her awtoryñ özüniñ sagady görkezildi. Bu bolsa her awtoryñ özüniñ dizaýn baradaky filosofiýasyny paýlaşandygyny we özboluşly keşbi döredendigini añladýar. Tehniki taraplary barada aýdylanda, ''Honor MagicWatch 2'' iki ölçegde hödürlenýilýär: 46 mm we 42 mm. Şeýle-de rezinden, deriden we metaldan başlap, saýlamak üçin üç sany dürli gaýyş hem bar. ''Akylly'' sagatlar siferblat we zarýadlamasyz 14 güne çenli işlemäge ukyply akkumulýatorly, 1,39 dýuýmly bitewi reñkli AMOLED sensor displeýine eýe boldy. Mundan başga-da, ol saglygyña we fiziki işjeñligiñe gözegçilik etmek üçin funksiýalaryñ birnäçesi bilen üpjün edildi. Taýýarlan: Muhammetnyýaz MUHYÝEW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby. 07.04.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |