18:18 Agajyñ agysy | |
AGAJYÑ AGYSY
Biz bir agaç, Ýöne aglamyzok biz - Aglaşyp agaçlar çekenok ahy. Depämize gonan guşlar güz-de-güz, Ol goham guşlaryñ turuzýan gohy. Çapylanda gaýa gaýdan mysaly, Ýykylsak-da akýan däldir ajy ýaş. Edil borjumyzy bitirýän ýaly, Tagzym edip aýagñyza ýykylýas. Al-asmanda bulutlara baş goşup, Biz nähili buýsanç bilen durupdyk. Daşdan gaty ýeriñ gatlaryn deşip, Ägirt çuñluklara biz kök urupdyk. Penjesini ýazan ýapraklarmyzdan, Maññaldan göterlen howura meñzäp, Giñ, mawy asmana burugsap bizden Arassa kislorod çogupdy dynzap. Penalapdy bizi teneçir, ary... Serpipdik biz syrgyn, tupan-siltäni. Hemme zatdan beter sarsdyryp seri, Kökümize urup durlar paltany. Biz erkin gögerdik, erkinem ösdük, Emma biygtyýar ölýäs ölende. Adamzada hyzmat edip belki-de, Ýykylsagam, galýandyrys belende. Lýudmila ŞIPAHINA. Rusçadan terjime eden: Sapar ÖRÄÝEW. | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |