23:42 Ahalteke bedewi buýsanjymyz | |
AHALTEKE BEDEWI BUÝSANJYMYZ
Bedew. Ady rowaýatlarda romanlarda taryhda belli bolan ynsanyň ýürekdeş dosty saýylan gözelligi gyz gözelligine deňelen türkmen halkynyň milliligine toý-baýramyna özboluşlylyk çaýýan buýsançly bedewlerimiz bu günki gün dünýäde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe kitaplarynda wasp eden ahalteke bedewleriniň tarypy edebiýatymyzyň könelmeýän temasydyr. Bedew atlar diňe bir gözelligi hem näzikligi däl eýsem duýgurlygy syzgyrlygy bilen hem taryhda yz goýupdyr. Hezreti Alynyň Düldül atly bedewi türkmen dutarynyň sazyny üşük bilen diňleýän eken diýlip aýdylýar. Ýa-da Görogly begiň Gyraty hem onuň gazallaryndan sazlaryndan eýesiniň ruhy ahwalyny ýürek sedasyny duýupdyr. Hezreti Alynyň Düldüli Göroglynyň Gyraty perzentden zyýada görmegi hem türkmen halkyyň bedewlerimize bolan söýgüsiniň asyrlardan gözbaş alýandygyny subut edýär. Halk milli gymmatlyklaryny gözüniň görejine deňäp saklaýar we olaryň nesillerden nesillere ýetip goralmagynyň isleginde ýaşaýar. Ata-babalarymyzyň göz guwanjy hem buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiz hem Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halkymyzyň milli buýsanjy hökmünde apalanýar we her baýramda bedewleriň çapyşygy guralýar. Gülnur Ýusupowa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |