23:36 Magtymguly adyň dillerde dessan | |
MAGTYMGULY ADYŇ DILLERDE DESSAN
Magtymguly Pyragy bu adamzat jemgyýetiniň iň bir görnükli wekilleriniň biri hasaplanýar. Magtymguly Pyragynyň eserleri Gündogar edebiýatynyň baýlaşmagyna öz goşandyny goşdy. Sebäbi XVIII asyryň görnükli wekili hökmünde özüni ýakyn gündogara hem-de uzak gündogara tanatmagy başarmagy bu hemme taraplaýyn kämillikden nyşan hasaplanýar. Gündogara özüniň eserleri bilen gün şöhlesini çaýmagy başarýan şahsyýetiň häzirki wagtda ýagny, Berkarar döwletiň täze eýýamyyň Galkynyşy döwründe hem uly hormat goýulýar, şahyryň eserlerini dolulugyna üns merkezinde tutulýar. Şahyryň döredijiligi özüniň aýratynlygy bilen beýleki şahyrlaryň eserlerinden düýpli tapawutlanýar. Magtymguly Pyragy her bir eserinde edep- terbiýäni, ahlak gözelligini, älemiň ajaýyplygyny, adamzadyň dürli-dürli döwürde “aga” hem-de “gara” garaýyşlary barada, dünýäni lerzana getirýän işler barada, ak bagta - ak daňa atarýan durmuş barada, birek-birege bolan mähir - muhebbet barada, ata-enä, dost-ýara, göbek gany daman ýeri hasalanýan ata- Watanyna bagyşlap, ägirtleriň iň ulusy hasaplanýan Döwletmämmet Azada bagyşlap ýazan eserleri öz döwrüniň sungata aşyk bolan ynsanlaryny hem-de häzirki döwrüň okyjylaryny özüne çekmegi ussatlyk bilen başarýar. Şunlukda, Pyragynyň eserleri altyn hazyna öwrülen gordan çykýan paýhasly çeşme hökmünde ähli adamzadyň kalbynda ornaşandyr. Magtymguly Pyragy diňe şahyr hökmünde däl-de, öňdengörüji ynsan hökmünde, syýahatçy hökmünde, elinden dür dökülýän zergärçi hökmünde ildeşleriniň, döwürdeşleriniň arasynda uly abraýa, hormata eýe bolýar. Sebäbi, şahyr adamkärçilik derejesiniň iň ýokary basgançagynda duran şahsyýetdir. Geljek ýyl, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy ýurdumyzda giň dabara bilen bellenilip geçiljekdir. Bu dabara gatnaşyjylar hökmünde biz talyp ýaşlar hem öz goşandymyz hökmünde Magtymguly Pyragynyň akyl ummanyna siňen goşgudyr, eserlerini ýat tutup, ömri we döredijiligini içgin öwrenip geljekki nesillere hem ýetirmek maksadynda doly özleşdirilmedir. Bize şeýle gerimde giň ýol açyp berýän hormatly Mähriban, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara, üstünliklere beslensin. Gülnur ÝUSUPOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |