13:30

Ak goşgular

Категория: Goşgular | Просмотров: 385 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadоw | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 mango  
651
Sapa kaka. "göwnümiňi" haladym.
goşgyň başlanyşyny eksperiment edip göreýikmi?

Göwnüm!
Eziz göwnüm!

"göwnümi" iki gezek gaýtalap göreýikmi?

Göwnüm, göwnüm!
Eziz göwnüm!

nätdi? ýatlatdymy birini?

şonuň üçirip "eziz göwnümi" ikinji setirden aýyryp göreýik,

Göwnüm!
Mähriban göwnüm!
Mähre zar göwnüm!
Köşeş!

boljak ýalymy? meň pikirimçä boljak.

0
2 mango  
651
"göwnümdäki" goşgyňda ulanan "Ezizim! Ejizim!.." tapyndyňy şeýle bir halapsyň welin onuň şöhlesi ikinji goşgyňda "meni ýere düşüriňde" hem şöhlelenipdir.

Zemin maňa gaty gowy düşünýär:
ejiz ýerimi,
eziz ýerimi bilýär ol...

ownuklardan ula geçer bolup goşgynyň ýagdaýyny aýtmaly bolsa.... näme diýjegimi bilmeýänligimden bilýänleri çagyrýan.
gelseler, diýseler, gyzykly bolardy.
ak goşgyň halyndan habardarlaryň (esasanam Ybraýym dädäň) pikirini okamak isleýän.
---
bahaň üç ýyzzyl.

1
3 ibrahimbadakhshan  
694
Mango meniñ pikirimi ÿazmagymy teklip edipdir, ÿazsamam bir hili, ÿazmsamam gelšiksiz. Bu iki sany gošga ÿetmezden öñ öz pikirimi Türkmen šygryÿetiniñ häzirki zamanda ösüš ÿagdaÿyny gysgaça aÿdyp geçeÿin. Tryhyñ dowamynda her bir halkyñ sungaty, šol sanda šygryÿeti özbolušly herketini saklap gelÿär. Bu ôzbolušlylyk dilde, medeniÿetde, … bolšy ÿaly edebiÿat we gosguda hem özüni görkezÿär. Goñšy milletleriñ šygyrlarynda meñzešlikler hem bolup biler, ÿöne Turkmen šygryÿeti Parslara ÿa-da Rus edbiÿaty Franslaryñ edebiÿatyna doly meñzeÿär diÿip bolmaz. Hatda Türkmen šygryÿeti Türkliñki bilen hem tapawuty kän. Elbetde taryhyñ belli tapgylarynda olar biri-birine täsir edip bilendir, ÿône hakyky sungat šol özbolušlylygyny saklap bilmeli. šygryÿet stilleri hem šeÿle, Ak gošgy, erkin gošgy, …, bu terminler bašgalardan karz alnan atlardyr, ÿöne biziñ gošgularymyz hem šol terminleri birinji gezek ulanan halklaryñka meñzemelimi ÿa-da šolaryñ guran kadalaryny ulanmalymy? meniñ-ä jogabym „ÿok” sözi. Türkmen šygyry özüçe hem bašgaça ösmegi bašarmaly.
Sapa Hommadow bu iki sany gošga Ak gošgular diÿip at beripdir. Ol ak gošgy diÿmekden Franslaryñ ak gošgy stilini göz öñüne tutan däldir öÿdüp çak edÿärin. sebäbi bu gošgular ol stilde däl. Ol diñe ak (gara, gyzyl, sary, … däl) diÿjek bolandyr. Setirleri bölüp-bölüp ÿzmak bilen klasik galyplardan çykdygyñ bolmaÿar. Oñarypjyk ÿazsañ Türkmen klasiklerde šol ÿakasy belli 7,8,11,… bogunly settler bolup durar. (mümkin birki setiri gysgarak bolsun!?) Onsoñam täzeçil šahyr bolsañ, diñe galyplary (setirleriñ deñagramlylygyny) döwmek däl-de, eÿsem šygyryñ mazmuny, dili. formasy, heñi, onuñ icinde ulanylan sözdüzümleri, suratlandyrylan teswirler, sahnalar hemmesi täze we šu döwüre laÿyk balmily. Sapa hommadowyñ bu gošgulary ÿañyrak bašlan šahyrlaryñ šygyrlaryna meñzeÿär, ÿogsa men onuñ adyny irräkden bäri ešidÿärin. mümkin ÿaš wagtynyñ gošgulary bolsun!?

0
4 mango  
651
Ibraýym däde. Minnetdar.
Pikirleriňiz biz okujy üçinem ýazýan-pozýanlar üçinem gyzykly.
Her kim birek-birege peýdaly bolsa dünýe gyzykly bolýar.
Ýene bir gezek minnetdar. Aýdyp duruň, ýazyp duruň.

0
5 myhman  
732
goşgulaň ikisem erbet däl eken.

agzaldam welin, birinji goşgyny okap, soň kommentleri okamsoň birinji duýgymy aýdaýyn. "göwnüniň" başy (başlaýşy) maňa-da başga biriniň "göwnüni" ýatlatdy.

soňundaky "a indi..." diýýäni goşgyň ortalaryndaky köp setiriň soňunda göz gypyp gidýän ýaly (meň göwnüme:)

Iň bolmanda, dünýä ýaly giňdiň-ä! (a indi...)

Altyndyň, (a indi...)

Kümüşdiň, (a indi...)

Gan tagamly der-diň özgeler üçin. (a indi...)
Dürdüň. (a indi...)
Zerdiň. (a indi...)
Kä dünýä barabar lezzetden ganyp,
Kä-de güzap gördüň özgeler üçin. (a indi...)
we
Saňa şu günki ýaly düşünmändim hiç haçan.
A indi...

göwnüme bolmagam ahmal.

"meni ýere düşüriňi..."ni öň galamdaşda-da okadym. şol wagtam erbet görmändim. şol wagt birinji okamda

Meni ýere düşüriň.
Gökdäkiler düşünenok
Ahwalyma...

diýýän ýerinde liriki gahrymany tabytda alyp barýalarmyka diýdim. göni şoň yzyndan

Ganyma
galaýmasyn päk asman...

diýensoň "hä, däl eken" diýdim.

ikinji goşgy bir duýgyny (bir pursatlyk ruhy ahwalyny) bildirmek üçin ýazylan bolmaly.
şoňçüýn, başda o ýerik (ýokaryk) nädip bardy? kim eltdi? kim düşürmeli?.. diýen ýaly soraglar bermeli däldir, belki.

mundan soňy degişmedir

galaýmasyn päk asman... - asman biriniň ganyna galyp päkligini ýitiräýmesin. oňa derek
agydan,
pygandan,
ahmyrdan,
ölen umytdan,
çalajan arzuwdan,
dertden gerk-gäbe bolan

zemin alsyn janymy...
barybir oň ýakasy gaýyşly.

soňam "maňa sen ýaly saplar gerek däl, gerek däl zat bolsa zyňylýar, gadyrdan. hana kitapçyda @myhman bar. göreni tankytlap ýör. ana şony goýnumda ýatyrjak. goý eşekýassyklar gözüni gemirseler gemirsinler. menem özüme siňdirbilen ýerimi siňdirerin. soň "hemme ýuwdanyňy gaýtar" diýlerem welin... ýaşan döwrüň gardyň dok ýaşamaly-da" diýipjik
Indi müdimilik zyňar asmana...

0
6 Hyýalkeş  
752
Menem şu goşgulary soñky döwür Sapa Hommadowyñ awtorlygynda okan köp goşgularymdan has gowy gördüm.Höwri köp bolsun!Awtordan hut şeýle goşgulara da garaşýas.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]