14:31

Alaeddin Halajy

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 433 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Jumamyrat Gurbangeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
1
1 Hаwеrаn  
245
2018-iñ ýanwar aýynyñ ortalarynady öýdýän, Hindistanda hökümdarlyk süren türkmen soltany Alaeddin Halajy hakyndaky "Padmavati" taryhy çeper kinofilminiñ üstünde hindiler goh turzupdy. Kinofilmde Alaeddin Halajy bilen bir hindi melikesiniñ arasyndaky hyýaly söýgüden söz açylýar.
Hindistanyñ Ýokary sudy Gujerat, Rajastan, Madhýa Pradeş, Harýana ştatlarynyñ kinofilmiñ görkezilmegini gadagan edýän kararlary güýçsüz hasap etmek baradaky karary kabul edenden soñ Gujeratda nägilelik bildiren raýatlar ýola çykypdy. Radikal indus toparlar şonda awtobuslary oda berip, bit kinoteatry hem berbat edipdiler.
Bir hindi adwokaty kinofilmiñ bütin dünýäde gadagan edilmegi üçin jan edenem bolsa, onuñ bu talaby ret edildi. Kinofilmleri sertifikatlaşdyrmak baradaky ýörite edaranyñ (CBFC) 2017-nji ýylyñ dekabr aýynda beren beýannamasynda kinofilm boýunça hiç hili çäklendirme girizmändiklerini, diñe "Padmavati" sözüniñ yzyndaky "i" harpyny aýryp, "Padmavat" edilmegini teklip berendiklerini aýdyldy. Şol ýylyñ dekabr aýynyñ 1-inde görkezilmegi meýilleşdirilen kinofilm gelen nägilelikler sebäpli soña goýlupdy.
XVI asyrdan biziñ günlerimize gelip ýeten sufistik äheñki "Padmawat" goşgusy esasynda surata düşürilen "Padmawati" kinofilminde Deliniñ türkmen soltany Alaeddin Halajynyñ eline düşenden öz janyna kast edenini ýeg gören görmegeý we garadangaýtmaz Rajput melikesiniñ çeper kyssasy gürrüñ berilýär.
Filmiñ kyssasyny çeper sýužetler düzýänem bolsa, hindileriñ näme üçin gahar-gazaba müneni belli däl. smile Kinofilmde baş gahrymanparyñ arasynda romantiki gatnaşyklar bolup geçen ýaly görkezip, taryhy ýoýýar diýip tankyt astyna alnan Bolliwodyñ režissýory Sanjaý Lila Bhansali bu tankytlary inkär edýär.
Agzalan kinofilmden bölekleri türkmen-hindi gatnaşyklarynyñ taryhy boýunça aýratyn gyzyklanýan belli žurnalistimiz Baýramgeldi Çaryýew görkezipdi. Dogrusy meniñ özümem kinofilmde Alaeddin Halajyny ruhy taýdan näsag ýalyrak edip görkezilendigi üçin o diýen halamandym. Taryhy çeşmeler Alaeddiniñ nähili beýik soltan bolandygyny ap-aýdyñlygy bilen habar berýärler. Soltan Beýbars ýaly ol hem ilkinji bolup mongollaryñ temegine kakan we Hindistany birnäçe ýyllap mongol talañyndan goran soltandy.

1
2 Hаwеrаn  
245
Ýöne halamadym diýip awtobus otlap, kinoteatr ýakyp ýörmek gerek dälmikä diýýän tongue
herniçik-de bolsa, taryh söýüjilere bu kinony görmegi maslahat berýän.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]