11:30

"Alym öldi - älem öldi" diýsene...

"ALYM ÖLDI - ÄLEM ÖLDI" DIÝSENE...

Ynsanlar pasyl ýaly. Her kes öz möwsüminde panydan bakyýa topar-topar bolup geçip barýar...
Ynha, bu gün ýaşuly mirasgär, halypa ýazyjy, saýtymyzyñ hormatly agzasy Aşyr Salyh ogly şol bakyýa hemişelik göçüp gidenleriñ hataryna goşuldy.
Muhterem Aşyr hajy agamyza Alladan rehmet dileýäris. Yzyndakylaryñ kalbyna giñlik bersin!

Saýty ýakyndan yzarlaýan we Aşyr hajy agamyzy ýakyndan tanaýanlar bar bolsa, ertir 2019-njy ýylyñ 21-nji fewralynda soñky ýoluna ugradýarlar. Gatnaşsañyz ýaşulynyñ ruhuny şat ederdiñiz.
Merhuma iman baýlygyny dileýäris! 

Aşyr Salyhoglynyñ www.kitapcy.ml saýtynyñ goruny edebi mirasymyz bilen baýlaşdyrmak we saýta halypa ýazyjy-şahyrlary getirmek üçin eden ýadawsyz tagallasyny hiç wagt unutmarys. Hormatlamak bilen @Kitapçylar.

Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 583 | Добавил: Нawеran | Теги: Gynançlar | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Edebiýat täzelikleri bölümiň başga makalalary

Edebiýat agşamy geçiriler - 31.03.2023
Ýüzünji ýylynda - 02.02.2023
TÜRKSOÝ-yň ýanynda ýazyjylar bileleşigi döredildi - 11.03.2023
Всемирный день поэзии 21 марта - 21.03.2023
14-nji fewral - Halkara kitap sowgat bermek güni - 15.02.2023

Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Garaýolly  
27
Muhtarem Ashyr hajy Salyh oglunuñ imany hemra bolsun. Yzynda galanlara uzak omur bersin. Baky aram jayy yagty bolsun.

0
2 Emir  
Imanly bolsun

0
3 Мylayym  
83
Ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!

0
4 Gumlygelin  
8
Dury paýhasly,päk göwünli ynsansyñ.Alla rehmet etsin.Jaýyñ jennet bolsun.Ýakynlaryña Alla giñlik bersin.Mirasymyza goşan goşandyñ,yzyñda goýan yzlaryñ hiç wagt pozulmaz.Nur içinde jaýyñ bolsun agam...

0
5 jumagylyjovao  
88
Ýatan ýeri ýagty bolsun. Imany hemra bolsun.ALLAjan üstünden rehmet nuruny diňdirmän ýagdyryp dursun. Ýakynlaryna ALLA kuwwat bersin.

0
6 Pegas  
98
Yzy ýarasyn ýaşulyň... Imany hemra bolsun.

0
7 Sheker  
Jaýy jennet bolsun .... Imany hemra bolsun ...

0
8 superyuska91980  
220
Halypam Asyr Salyh ogluna eden sylag hormatynyz ucin goy Alla tagala hemmanizden razy bolgay!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]