04:53 Botanika hakyndaky ylym | |
Botanika hakyndaky ylym
Botanika (grekleriň botane – ösümlik diýen sözünden) – ösümlikler hakyndaky ylymdyr. Bu ylym ösümlikleriň içki we daşky gurluşynyň köpdürlüligini, olaryň ýaşaýyş işjeňligini, Ýer ýüzünde ýaýraýşyny, daşky sreda bilen özara gatnaşygyny, ösümlik örtüginiň emele gelşini, ösümliklerden adamlaryň peýdalanyşynyň mümkinçiliklerini we olary goramaklygyň meselelerini öwrenýär. Ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Häzirki wagtda biziň planetamyzda ösümlikleriň 500 müňe golaý görnüşi ösýär diýip çaklanylýar. Olardan 22 müňe golaýy suwotylara; 80 müňi kömeleklere, miksomitsitlere we bakteriýalara; 20 müňi lişaýniklere; 35 müňi moh şekillilere; 10 müňi paporotnik şekillilere; 640-sy ýalaňaç tohumlylara degişlidir. Beýleki ösümliklere garanyňda gülli ýa- da ýapyk tophumly ösümlikler has köp sanlydyr. Olara görnüşleriň 286 müňden gowragy degişlidir. Ähli janly organizmler ýaly ösümlikler hem özüni gurşap duran sredanyň dürli şertlerine uýgunlaşan formalaryň köplügi bilen tapawutlanýar. Ösümlikler gurak çöllerde, çalt akýan derýalarda, deňizlerde we okeanlarda, başy garly daglarda duş gelýärler. Temperaturasy 60-650S ýetýän gyzgyn çeşmelerde-de suwotularyň käbir görnüşlerine duş gelmek mümkindir. Ululyklary boýunça hem ösümlikleriň köp görnüşleri bardyr. Olardan iň kiçileri 50 nm-den 10 mkm ýetýän wiruslar, faglar we bakteriýalardyr. Ösümlikleriň iň ulusy diýlip sekwoýýadendron agajy hasaplanylýar. Onuň boýy 100 m, sütüniniň diametri bolsa 10 m ýetýär. Çynarlar hem özüniň ululygy bilen tapawutlanýarlar. Pöwrizede ösýän we tebigy ýadygärlik hasaplanylýan ―Ýedi dogan‖ atly gündogar çynarynyň boýy 35 m, sütüniniň ini bolsa 3-5 m barabardyr. Ösümlikleriň dürli formalary örän uzak hem-de çylşyrymly ewolýusion ösüşiniň netijesidir. Bu prosesiň dowamynda olar daşky gurşawyň elmydama üýtgäp duran şertlerine uýgunlaşypdyrlar. Ýeriň ösüş taryhynda uýgunlaşmak we kem-kemden kämilleşmek netijesinde ilki bilen öýjüksiz organizmlerden öýjükliler, soňra bolsa köp öýjükliler ýüze çykypdyrlar. Taryhy ösüşde ösümlikleriň we haýwanlaryň ýüze çykmagy we kemala gelmegi özara baglanyşykly geçipdir. Sredanyň amaly şertleri ähli organizmleriň ýaşaýan ýerine öwrülipdir. Bu ýerde ösümlikler, haýwanlar we mikroorganizmler seçgä sezewar bolup, ýa-da garmoniki agzybirlikde biogeosenozyň bir komponentini – biosenozy emele getiripdirler. Gurluşynyň formasy boýunça ösümlikleri birnäçe topara bölýärler: öýjüksiz, ýadrosyz, ýadroly (bir öýjükli eukariotlar), köp ýadroly (öýjüksiz), kolonial – köp öýjükli, hakyky köp öýjükli ýa-da tallofitler we organlylar (kormofitler). Öýjüksizlere olaryň häzirki zaman wekillerinden wiruslary degişli etmek bolar. Olaryň gurluşy örän ýönekeýdir we nuklein kislotasynyň belok bilen örtülen bir molekulasyndan ybaratdyr. Şeýle hem bolsa wiruslar diňe janly öýjügiň içinde janly materiýanyň alamatlaryny ýüze çykarýarlar. Emma janly öýjügiň daşynda olar ýaşaýyş alamatlary bolmadyk ―maddadyr. Şol sebäpli wiruslary awtotrof organizmleriň başlangyjy diýip hasaplap bolmaz. Ýadrosyzlaryň öýjükli gurluşy bardyr. Emma muňa garamazdan resmileşdirilen ýadrosynyň bolmazlygy olary beýleki formalardan tapawutlandyrýar. Ösümlikleriň bu toparynyň öýjükleriniň sitoplazmasynda ýadronyň deregine diňe DNK molekulalary saklanýar. Ýadrosyzlara ösümlikleriň iki toparyny degişli etmek mümkin (bakteriýalar we gök-ýaşyl suwotular). Bu organizmler iki usul boýunça iýmitlenip bilýärler: awtorof we geterotrof iýmitleniş. Ylymda bar bolan maglumatlara görä bakteriýalar we gök-ýaşyl suwotular 2,5 mlrd. ýyla golaý mundan ozal (mümkin, ondan hem has öň) arheý erasynda ýüze çykypdyrlar. Ýadrolylar (bir öýjükli eukariotlar) – gurluş hem-de funksional nukdaý nazardan gutarnykly resmileşen bir öýjükli organizmler. Olar özüniň bedenini emele getirmek üçin gün energiýasyndan peýdalanýan ýaşyl awtotrof ösümliklerdir. Bu ösümlikleri beýlekilerden şu hili alamatlar tapawutlandyrýar: morfologo-fiziologiki tarapdan organellalara bölünmegi (ýadro, sitoplazma we ş,m.); öýjükleriň jynsly köpeliş üçin aýratynlaşmagy. Bu ösümliklere bir öýjükli ýaşyl suwotylaryň köpüsi degişli (diatom, sarymtyl-ýaşyl, ewglena, pirofit suwotulary) Olaryň käbiri, mysal üçin ewglena suotulary öz alamatlary boýunça ösümliklere-de, haýwanlara-da meňzeşdir. Bir öýjükli eukariotlar ýaşaýşyň dürli şertlerine uýgunlaşmak hem-de köp ösen organizmleriň dürli formalaryny emele getirmek (kolonil we köp öýjükli formalary) ukyby boýunça suwotularyň progressiw toparydyr. Köp ýadrolylar (öýjüksizler). Bular häzirki döwürde az sanly görnüşi bolan aýratyn formaly ösümliklerdir. Köp ýadrolylara 30-35 sm. ululykdaky bedeni bolan, emma muňa garamazdan öýjüksiz gurluşly ösümlikler degişlidirler. Olaryň bedeni köp ýadroly bir uly öýjügi ýada salýar. Köp ýadrolylaryň tallomynyň aýratyn bölekleri ýokary gurluşly ösümlikleriň organlaryna meňzeşdir (pizoidleri, ýazylyp ýatan baldaklary, ―ýapraklary). Bu ösümliklere kaulerpa, botridi ýaly suwatylar hem-de miksofitler we kömelekleriň köp görnüşleri degişli. Ýaşaýşyň bir öýjükli formalarynyň ewolýusiýasy dürli ýollar bilen amala aşypdyr diýip çaklanylýar. Bu ýollaryň biri bir öýjükli bedeniň köp öýjüge bölünmegi we öýjükleriň ýöriteleşip, öýjük toparlaryny (dokumalary), soňundan bolsa organlary emele getirmegidir. Ösüşiň ikinji ýoly bir öýjükli organizmleriň bedeniniň aýratyn bölekleriniň ýöriteleşmegi bilen amala aşyrdyr. Bu ýollaryň birinjisi ewolýusion nukdaý nazardan has amatly we progressiw bolmak bilen dürli suw hem-de gury ýer ösümlikleriniň emele gelmegine alyp barypdyr. Ikinji ýol bolsa kän bir ösüşe eýe bolman diňe az sanly köp ýadroly öýjüksiz formalaryň döremegine getiripdir. Kolonial – köp öýjükliler. Bular ösüşiň dürli derejesinde duran ýaşaýyş formalarynyň ýygyndy toparydyr. Kolonial köp öýjükli ösümliklere hakyky kolonial organizmleri degişli etmek bolar. Bu ösümlikler öz aralarynda diňe mehaniki usul bilen birleşen bir öýjükli eukariotlardyr. Öýjükleriň mehaniki birleşmesine garamazdan olaryň arasynda fiziologiki baglanyşyk bolmaýar. Koloniýadaky öýjükler doly özbaşdaklygyny saklaýar. Ýaşaýyş işjeňliginiň umumy sazlanyşygy bu öýjüklerde bolmaýar. Ösümlikleriň bu toparyna aýratyn öýjükleriniň arasynda sitoplazmatiki baglanyşygy bolan kolonial formalara hem degişli edýärler (wolwoks we başgalar). Mysal üçin, wolwoksyň öýjükleri umumy birleşip koloniýany herekete getirýärler. Koloniýany emele getirýän öýjükler hem wegetatiw we reproduktiw öýjüklere bölünýärler. Ýaşaýyş kolonial formasy bakteriýalaryň we gök-ýaşyl suwotularyň arasynda hem duş gelýär. Käbir kolonial formalar bir öýjüklileriň köp öýjüklilere geçiş etapynda aralyk zwenonyň roluny oýnapdyrlar. Hakyky köp öýjükliler ýa-da tallofitler häzirki wagtda gurluşynyň köp dürlüligi we wekilleriniň sany boýunça iň uly topardyr. Olara bedeniniň ölçegleri uly hem bolsa hakyky dokumalara we organlara (kök, baldak, ýaprak) bölünmeýän ösümlikler degişli. Bu topara suwotylaryň köpüsi degişlidir olaryň käbiriniň bedeniniň gurluşy ýokary derejeli ösümlikleriň bedeniniň organlara bölünişini ýa-da salýar. K o r m o f i t l e r ( o r g a n l y l a r) - ösüşiň iň ýokary derejesidir. Bu ösümlikleriň özboluşly aýratynlygy olaryň bedeniniň dürli funksiýalary ýerine ýetirýän dokumalara, dokuma toparlaryna we organlara bölünmegidir. Olaryň jynsly köpeliş organlary hem oňat ösendir. Bu topara ýokary gurluşly ösümlikleriň riniefitlerden we plaunlardan başlap, ýapyk tohumlylara çenli tipleri degişlidir. Ymamgulyýew B.R. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |