22:06

Bu bir ykbal

Категория: Goşgular | Просмотров: 638 | Добавил: Нawеran | Теги: Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024

Teswirleriň ählisi: 3
1
1 Zerinaý  
5
.Tapardym seň üçin şol gerek emi,
Bilsem nirdeligin getirerdim tiz.
Durmuşa çykardym,ýöne hiçkimi,
Ýüregim alanok,eziz.

Öň söýüp görmedim,bolup bihuda,
Indi bagty görýän güneş doganda.
Men bu ynsanlary söýýärin juda,
Aýdymlarym olar üçin owaldan.

Dostlarym daşyňa üýşýer-dekileň,
Öwerlerkän,bat berişip sesine.
”Seň gyzyň akylly”,ýok eje ýalan,
Ynanma olaryň jypdyrmasyna.

Küýüme beletsiň,beletsiň örän,
Islemersiň ýalňyzlykda solarym.
Deň-duşlam öý boldy,hut şoňa görä,
Arzuw edýäň ile meňzeş bolarym.

Gördüm ýüzüň salyk,gözleriňde müýn
Oýa batdym,sanjyp gitdi çepýanym.
A,men ile meňzeş dogmanym üçin,
Seniň aýak yzlaryňy öpýärin.

Şapak daňa golaý köşeşen derýaň,
Gujagyna giren wagty beslenip.
Meni ir oýardy,metjide barýan,
Takwa dostlarymyň aýak sesleri.

Ylgadym kän,ýadawlykdan suwsadym,
Düşdüm tenha mesgenine ýelleriň.
Saçlaryňy guýa salla,ýogsa-da,
Uzat halasgär elleriň!

Gam bile geçirme,sanalgy demi,
Diňe göwnüň üçin toý ederin tiz.
Ýöne sen bilip goý,meniň hiçkimi,
Ýüregim alanok,eziz.

-Birşol.
-Kimol?!
-Gargyş edip Pelege,
Hol uzakda ýitip barýan kölege.

1
2 Zerinaý  
5
.
Ömrümiň gül açyp gunçalan wagty,
Enem meni ýat illere iberme!
”Gyzym açyk bolsun”diýip ak bagtyň,
Enem meni ýat illere iberme!

Ah çekip aglasam,görerler aýyp,
Zyň kürtämi,ýüzden perdämi aýyr,
Goý bagtym bolmasa,bolmasyn,haýyr,
Ýöne meni ýatillere iberme!

Heý-de bu işleriň bolmazmy täri,
Eneme ýalbarsam,diňlemez zarym,
On ýedi ýyl mährim siňen öwzarym,
Hanam meni ýat illere iberme!

Atbaşçylar geler,öter giderin,
Meňzäp ömürzaýa batar giderin,
Yzymy tapmarsyň ýiter giderin,
Janam meni ýatillere iberme!

Birhaýyşym il çagyryp toýuma,
Ak öý bezäp,kumaç tikme boýuma,
Enem meni gara ýeriň teýine,
Düýne,ýöne ýat illere iberme!

Şähribossan Geldimämmedowa

0
3 Selcen  
Harika!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]