00:51 Çek, eliñi jellat, arap ilinden! | |
ÇEK ELIÑI, JELLAT, ARAP ILINDEN!
Çek eliñi, jellat, arap ilinden, Çekil, ýarygyña bat berip gelme! Erk isleýän sada halky ýolundan, Ganly ýarag bilen öwürjek bolma! Tümüsgenip ýörme aç göz myrtar it, Ketegiñ Aziýadan örän yrakda. Git, aldawçy nejis, mekanyña git, Häkimlik etmersiñ indi Yrakda. Size nebit, baýlyk gerek, pul gerek, Haýpyñyz gelmeýär sada ynsana! Size bakna gerek, size gul gerek, Şoñ üçin çozduñyz bu gün Liwana. Señ hakyna tutan satlyk gullaryñ Halkyñ tüýs ganymy, hilebaz tilki. Zynjyr, türme, ajal ~ ,seçen dollaryñ Ýüzüne tüýkürýär köp arap halky. Çek eliñi, jellat, arap ilinden, Çekil, ýaragyña bat berip gelme! Erk isleýän sada halky ýolundan, Ganly ýarag bilen öwürjek bolma! Nury BAÝRAMOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 19.07.1958 ý. | |
|
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||