01:55

Daş-töwerek durşuna ýalan

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 525 | Добавил: Injener | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 hanturebs  
755
Rahman aga şu men näme barada gyzyklansam şo barada maglumat tapýaňaý. 5 ýykym diýýip şol barada öwrenip ýördim ine sizem üstüne goşduňyz!

0
2 gomulgen11  
1366
Şular ýaly conspiracy teoriýalary okamany hezil görýän. Sagboluň.

0
3 Haweran  
411
Ýazgynyñ başynda kursiwe alnyp garalanan sözlem tekstdäki käbir ýalñyş netijeleri goraýar :)
Ýazgyda dogry hasap edip boljak köp çaklamalar bar, şol sanda ýalñyş pikirlerem (esasy iki pikiri bilen ylalaşmadym, aşakda düşündirerin) gabat gelýär.

* * *

Biziñ siwilizasiýamyzyñ Hudaýyñ altynjy taslamasydygy barada şeýle teoriýa hem bar:

"Muhiddin Araby tarapyndan gürrüñ berilmegi inkär edip bolmajak derejede ähmiýetlidir... Ibnül Araby başyndan geçen bir wakany şeýle gürrüñ berýär:
- Mekgede, Käbä eden bir zyýaratymda menden hiç kimiñ gözüne kaklyşmadyk bir "kişiden" onuñ kimdigini soradym. Adamdygyny aýtdy. Ýöne bize meñzemeýärdi!.. Ol: "Siziñ atañyz bolan Adam atanyñ neslinden däl men. Jenaby Hak siziñ atalaryñyzy ýaratmazdan öñ ýer ýüzünde başga-da ynsan nesillerini ýaradypdy we has soñra azandyklary üçin olary ýok edipdi. Şeýlelikde adam nesli ýedi gezek emele geldi. Hezreti Adam ata bu ýaradylyşlaryñ ýedinjisi bolup, siziñ nesliñiziñ atasydyr. Men bolsa öñki nesillerden galan biri" - diýdi..."

http://kitapcy.ru/news....29-1622

* * *

Dünýä, elbetde, ýok edilmä - jemleýji katastrofa tarap barýar. Her janly-jansyz zat, predmet ýitip-ýok bolup gitmäge mahsus ýaradylypdyr. Muny üýtgedip ýa-da durzup biljek hiç bir güýç ýok.
"Gannowerli professor E.Pastel bilen kliwlendli professor M.Mesarewiç kyrk sany alyma baş bolup, üç ýyllap ynsanýetiñ geljegini öwrenipdir. Alymlaryñ gelen netijesi şeýle: dünýämiziñ barýan häzirki ýoly göni betbagtçylyga iterýär. Şu zeýilli çakdanaşa ösüşiñ ugry üýtgedilip, mundan ozalky kada-kanunlaryñ ählisi ýañadan gözden geçiriläýmese, zemin ýumurtga togalaýmaly bolýar."
("Литературная газета")

* * *

Ýene bir zat: adam öz-özüni ýok etmäge has meýilli. Ýagyny daşdan gözlemeli däl. Mysal:

"Şweýsariýaly alym Žan Žak Babeliñ hasaplamalaryna görä, Adam ata bilen How ene dünýä ineli bäri bu ýagty jahanda on dört müñ bäş ýüz on üç gezek uly uruş turupdyr. Şol jeñlerde jemi gyrlan adamyñ sany üç milliard alty ýüz müñ bolup, ol san planetamyzda häzirki ýaşaýan adamlaryñ sanyna barabarrak bolypdyr... Diýmek, ynsan döräli bäri, bu goja Zemin ozal bir gezek owarrama gidipdir.
("ÝUNESKO-nyñ Kurýeri")

Ýa-da ýene bir mysal:

* * *

"Nemes filosofy Fridrih Nisşe "Adam iñ wagşy haýwandyr" diýipdir. Adamzat taryhyna gysgaça ser salanymyzda, onuñ gaty bir öte geçmändigini görmek bolýar. Adamzat döräli bäri biziñ günlerimize çenli bolup geçen müñlerçe gandöküşikli söweşler adamyñ adama ýuwutdyran hunabasyny, bir-birine garşy eden zalymlygyny, bir-birinden çeken ezýetini tebigatda bar bolan hiç bir janly-jandar adama çekdirmedik bolsa gerek.
Dünýäniñ iñ köp adam öldüren jandarlarynyñ sanawynda adamlar 2-nji oruna düşdi. Adamlar öz jynsdaşlaryndan her ýyl 750 müñ töweregini öldürýär."
http://kitapcy.ru/news....06-7528
Kowumdaş doganlar ukrainleriñ we ruslaryñ özara urşuna, meçew beriji beýleki güýçleri hasaba almanymyzda, şu nukdaýnazardan baha bersegem o diýen ýalñyş däl.

* * *

0
4 Haweran  
411
Biziñ siwilizasiýamyzyñ ýaşynyñ 250-300 ýyldygyna ynanmak mümkin däl (bu pikir ýazgynyñ iñ ýapa degmejek, esassyz pikiri). Aýdaly, grigorian ýa-da ýulian kalendarlary çypdyrýar. Musulmanlaryñ aý kalendaryna (ýa-da yslamyñ 1400 ýyllyk taryhyna) näme diýjek? "Garañky güýçler (masonlar, ilýuminaty we ş.m) hemme zady üýtgedip, hemme zady ýoýýar, biziñ görüp-eşidýän zatlarymyzyñ barsy ýalan, ýer togalak dälmiş, tegelekmiş we ş.m.." diýmegiñ özi şol güýçleri özümiz bilmezden goldamakdan, öz-özümizi oýnatmakdan başga zat däl. Eger biz şu zatlary aýdyp bilýän bolsak, diýmek, bizem bir güýç, diýmek, aýdylýan garañky güýçlerem bizden hiç bir babatda artykmaç ýerleri ýok (meger, propogandalary az-owlak güýçli bolmagy mümkin). Bolmalysy-da şeýle dälmi näme? Adamzat döräli bäri Haýyr bilen Şeriñ güýçleri barlyşyksyz garpyşyp geldi, mundan beýlägem şeýle bolmagynda galar.
Masonlar, pylan-pysmydan... diýmek, dogrudanam, samsyklyk.

* * *

Siwilizasiýa, tehnologiýa ösdügiçe adamyñ añy ösüp, terbiýesi we medeni derejesi-de şonça ösäýjek ýaly, gaýtam, yza tesýär.
Şeýle düşündirjek bolaýyn. Düýn-öññin bir zada ünsüm düşdi. Ýañy okuwyny gutaryp işe başlan ýaş işgäriñ biri başga bir işgäre özüniñ "arassa türkmendigini", ýerlidigini, tiresiniñ, hatda bary-ýogy 100 ýyl mundan öñ oturumly posýologa öwrülen obasynyñam Oguzhandan gaýdýandygyny aýdyp otursa näme! Agzyñy açyp diñläp oturmaly...
Keseden synlap oturşyma, durup bilmän "Gaýgysyz Atabaýew kim bolupdyr?" diýip soradym. Bilenok... "Oguzhan barada näme bilýäñ? Taryhçylaryñ belli pikire gelmedik ýarym mif şahsyýeti barada belkäm sende heniz hiç kimde ýok maglumatlar bardyr? Añryñy miflere baglasañ aslyñ hiç kimdigini boýun almak bolmaýarmy?" diýsem, ýere seredip dur, hañk-huñk edip. Yzly-yzyna suñşurdym: "Bolýa, Şaja Batyrow Kim? Suhan Babaýew, Jumadurdy Garaýew kim? Gapurow kim? Ýeri bolýa, Nyýazow barada näme bilýäñ?" diýdim welin, agzyna suw alan ýaly bolup dur. O zatlar owarram diýeli, bäş ýyllap okap, gutaryp gelen ugry boýunça-da bilýän boky ýok, diýmäýin diýsem. Bu diñe bir adama ýa birnäçe adama mahsus däl. Gelejegiñ ýaşlarynyñ hemmesine mahsus. Tehnologiýa, ylym-bilim... barada-ha sözem açyp durmagyñ geregi ýok. Ýerlimiş, sadagañ bolaýynlar!
(Gynançly ýeri, şu zatlara añryýany bilen düşünýänleriñem, şol sanda biziñem nesillerimiziñ şeýle yza tesişligiñ içinde boljakdygy).
Hemmesiniñ kellesinde pul, biri-birini çürkemek, işläp başlanyna bir ýyl bolmanka gowjarak wezipä geçmek... (umuman şeýle, bu, nadanlygyñ, yza tesişiñ iñ bärkije mysaly).

* * *

Garagum çölüniñ hem ýerleşýän ýeriniñ öñ deñiz bolandygy baradaky pikirden ugur alsak, onda (meselem, deñiz çekilip başlandan soñky asyrlarda) biziñ ýurdumyzda-da ýok bolan (we ýok edilen) medeniýetleriñ yzyny tapsa bolar.
Umuman, biziñ öñümizde taryh diýip goýulýan maglumatlary täzeden gözden geçirmek we täzeden ýazmak gerek.

* * *

Ukrainleriñ we ruslaryñ urşy barada aýdan iñ soñky we meniñ ylalaşmadyk pikirim barada aýtsak. Haýsydyr halk ynanç meselesinde ýalñyş ýolda bolup biler. Buddist bolup biler, hristian bolup biler, musulman bolup biler, emma siziñ pikiriñizde aýdyşyñyz ýaly hiç bir dine we Hudaýa ynanmaýan hudaýsyz (ateist) bolup bilmez, şeýle ynançsyzlyk ýoluny saýlap almak bir ýa-da birnäçe adama mahsus zat, hudaýsyzlygy tutuş halka ýöñkemek ýalñyş.

* * *

Umuman, gowy ýazgy, gowy makala. Gyzykly temalarda pikir ýöredýär we pikir ýöretmäge iterýär.
Berekella, dowamy gür bolsun.

0
5 Injener  
1
Teswirleriňiz üçin sag boluň oglanlar, esasan-da @Haweran.
Edil taryhyň ýaşynyň 250-300 ýyldygyny gönümel subut edýän zat ýok, ol soragda subutnamalaryň barsy "Koswenny". Mysal üçin ýer ýüzünde 300 ýyldan uzak ýaşly tokaýlar ýok, diýmek 300 ýyl mundan öň ýer ýüzüniň ähli baglary heläk bolupdyr. Ýöne ofisal astranomiýa sorag baryny döredýär, men-ä dogrymy aýtsam dini kitaplaryň teklip edýän astronomiýasyna ynanýan, ol ýerde welin ýer tegelek.

0
6 Jeksparro  
405
Gözüňi diňe ýaşap öwrenişen sredaňa, tebigatyňa görä, özüňçe seretmeli dälmikä diýýärin. Iň bolmanda Ibn Esiriň, Atamälik Juweýniniň, Kätip Çelebiniň ýazan taryh kitaplaryny, ýyl ýazgylaryny getirse bolýar 200-300 ýyl bolmandygyna adamyň soňky pokaleniýasynyň...

Ur diýilse-de beýdibem komplimasiýany ýere çalmawer @Rahman Zülpikär!!!

0
7 hanturebs  
755
Belkide seniň o diýen kitaplaryň 5-nji siwilizasiýa döwründe ýazlandyr.

0
8 Jeksparro  
405
Heh, 5-nji siwilizasiýa diýýäň Ol kitaplaryň hijri ýylda ýazylandygy köre mälim ahyryn! Belki şeýle bolandyr diýmek üçinem doly subutnama gerek dälmi? Ha goý bizi aldap ýalan ylym sistemasyny öwredipdirler diýýäň!
Hijri ýylyndaky ýyl ýazgylar 5-nji siwilizasiýadan 6-njy siwilizasiýa geçjek bolanda ujy gopup ýolunyp galypdyrmy?

Tokaýlykda aždarha ýa denozawr bar! Bir ýurduň liderem soldatlary şo ýana küşgürýär. Beýleki, gapdalyndaky ýurduň liderem şo ýana saldatlary küşgürýär. Olaram biri-birlerini gyrýarlar...

Gaty erbet gülkim tutdy şu ýerini okap.

@Hanture, senem kesilen bag diýip uly dagyň baga meňzeş (gyzykly ýeri hem bag we dag sözüniň meňzeşligi) ýerlerini görkezýärdiňmi?

0
9 hanturebs  
755
Howwa ana şol äpet baglar. Şol gadymky siwilizasiýalaryň äpet adamlar ýašan döwründe bolan. Bir iki hadysda okapdym hezreti Adamyň boýy bir ýerde 18 metr bir ýerde 40 metr diýlen. Onsoň şol häzirki daglaryň gadymda bag bolanyny tassyklaýar. Onsoňam internetden Hz Ademin kabri diýip gözleg berseň birtopar mazarlar çykýar. Haýsy Adam atabyňkydygy doly takyk bolmasada gadymda äpet adamlaryň ýaşandyklary belli

0
10 Yusup  
50
Toslamaň gözüni çykarypdyr

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]