14:58

Dik başaşaklygyna gidip barýas: Şu günümize-de zar ýagdaýa geleris

Категория: Publisistika | Просмотров: 314 | Добавил: Gökböri | Теги: Hakan Gülsewen | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Babay  
1481
"Turan birligini gurmagy, Osman imperiýasyny dikeltmegi meýilleşdiren, uly etsem-petsemleri özüne maksat edinen imperealist döwletiň bu günki halyna bak" diýibermeli bolupdyr. Ind-ä bu zatlar ýatlaryna hem düşýän däldir. Bar aladalary dollary kem-kemden emeli galdyryp, halky garyplyga assa-ýuwaş uýgunlaşdyrmak dyr. Gaýnaýan gurbaga sindromyndaky (синдромом лягушки в кипятке) ýaly.

Ýurduñ üç tarapy deñizler bilen gurşalan. Garadeñiz, Ortaýer deñzi, Egeý we Mermer deñizleri - hersi aýry-aýry gözellik.
Ine, şol gözellikleri görüp bilýän ýok.


Şular ýaly ýagdaýa Türkmenbaşyda-da köp gabat gelýän. Ýerli ýaşaýjylardan "Haçan iň soňky sapar Awazada bolup gördüň?" diýseň, "2014-15-de" diýip, jogap berýänlerem kän. Ýogsa, şäherden Awaza dynç alyş zolagy 10 minutlyk ýol.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Türkiýä "imperialist döwlet" diýlenini birinji gezek eşidýärin we geň galýaryn. Türkiýe haçan "imperialistik döwlet" bolup ýörkä?
1923-nji ýylda, ýagny imperialist döwletler dünýäni paýlaşyp ýörkäler täze dörän Türkiýe döwleti diňe ýaşamak üçin jan çekýärdi. Öňki Osmanly döwleti imperialistik döwletlere bergä batan, bankrot bolan, edil Eýran ýa-da Ýaponiýa ýaly olara ýarym koloniýa baknalygyna düşen ýurtdy. Geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan Türkiýede liberalizasiýa, erkin bazar, ykdysady ösüş ýaly galkynmalar başlandy, şu asyrda bolsa ýaňy sebit derejesinde güýçli döwlete öwrülip, Günbatardan garaşsyz öz syýasatyny ýöredip başlapdy, emma häzirki ýagdaýyny özümiz görýäris. XIX asyryň ahyryna çenli-de dünýäde hiç hıli imperialist döwlet emele gelmändi (imperiýalar bolan, ol başga zat).
Onsoň men soraýaryn: taryhynyñ niresinde Tūrkiýe "imperialist döwlet" bolupdyr? Muny göz öňüne getirip bilmän (ýogsam özüm taryhçy) Sizden soraýaryn. Lütfen, açyklarmysynyz?

0
3 Haweran  
411
Düşünje garyplygynda ýaşaýarys.
Öñ bize aga ak, gara - gara, ýagşa ýagşy, ýamana ýaman diýmegi öwreden bolsalar, soñky otuz ýylyñ dowamynda doglan, okan, ýetişen ýaşlara aga gara, gara - ak diýmegi, ýagşyny pislemegi, ýamany päkläp arşa götermegi, 1-e 3, 3-e 7 diýmegi, 2-niñ üstüne 2-ni goşanda köre-körlük bilen jogabyna 10 ýazmagy öwretdiler.
Netijede gözýetimi dar, sowady pes, gowa gowy diýmegi öwgi, ýamana ýaman diýmegi duşmançylyk ýa bahylçylyk hasaplaýan, nämäni dogry, nämäni ýalñyş hasaplajagyny, nämä ynanjagyny bilmeýän, bir görseñem çalt ynandyryp bolýan, durnuksyz, belli pikiri bolmadyk, okamakdan, gözlemekden, kitapdan ellibizar, muña garamazdan özüni hemmeden akylly, okumyş saýýan yñdarma nesil kemala geldi. Feodalizm bilen kapitalizmiñ, sosializm bilen kommunizmiñ, imperiýa bilen imperializmiñ, liberalizm bilen neoliberalizmiñ, respublika bilen "respublikanyñ" tapawudyny bilmeýişleri hem munuñ iñ bärkije görkezijisi.

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Imperializm XIX asyryň üçünji ýarymynda dünýäde rol oýnap başlan hadysa, garran Osman imperiýasy bolsa imperialist döwletleriň oljasy boldy. Imperializm taglymatynyň esasy öňe sürüjileriniň biri W.I.Lenin gündogaryň beýleki musulman halklary bilen birlikde türk halkyny hem ýewropa imperialistleriniň, onsoňam rus sarizminiň basybalyjylykly syýasatlarynyň pidasy hasap edýärdi we şonuñ üçinem Atatürke ýardam etdi. Gündogarda, umuman çalt ösüp, imperialist döwlete öwrülen Ýaponiýadan başga tutuş Aziýada, Afrikada we Latyn Amerikasynda imperialistik döwlet bolmandy. Imperializm bolmak üçin ösen senagat buržuaziýasy, monopolist akulalar bolmaly, şolar çig mal we satuw bazary üçin ýyrtyjylykly uruşlara geçýärler. Umuman, imperializm taglymaty ösen döwletlerde häzir ulanyşdan galdy.
Osmanly bolsa orta asyrlardan galan feodal-teokratik döwletdir. Onsoňam neo-nämäniň (yslamist AKP partiýasynyň doktrinasy) we pantürkizm-turanizmiň (milletçileriň şygary) tapawutlydygyny unutmaly däl. Pantürkizm (türki halklaryň medeni, syýasy we gaýry bütewiligi hakda) we turan birligi (türki döwletleriň "NATO"-sy ýaly bir zat) arasynda hem biraz tapawutlanýar.

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Onsoňam neo-osmanizmiň (yslamist AKP partiýasynyň doktrinasy) we pantürkizm-turanizmiň (milletçileriň şygary) tapawutlydygyny unutmaly däl diýjekdim.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]