12:29 Doglan günüñde | |
DOGLAN GÜNÜÑDE / degişme
Bu gün doglan güni dolan Aýymyň, Gutlagda hökmany bolmaly ilki. Ýogsa, nämemişin ony bilseler, Gyzlar arasynda dörärmiş gülki. Derrew görkezmeli alan sowgadyn, Zynjyry, gurjagy hem-de gülleri. Birisi bolmasa, göwne ýakmasa, Bir aýlap ot pürkär "süýji" dilleri. Gündüzi dükandyr gözellik salon, Soňra ha gitmeli gijesi parka. Hälem, ýekeje gün ýylyň içinde, Ýogsa, eşek edip münjegem arka. Gurbadyňa garamaz ol, işi ýok, Maddy zatdyr bar bileni-biteni. Sen-ä meni beýle derde goýýançaň, Dogulmanjyk geçseň boljak ekeni. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |