21:38 Düşe bilmen bu panynyň işine | |
DÜŞE BILMEN BU PANYNYÑ IŞINE... Düşe bilmen bu panynyň işine, Kimler gurap, kimleri gandyran dünýä. Bagt guşun gonduryp birniň başyna, Başga birne bela inderen dünýä. Kimse iýdi ertiriniň gamyny, Kimse tarhan gezdi, saýman soňuny. Kimsäň altyn, kümüş alyp aňyny, Kimsäni ähtinden dänderen dünýä. Aam adamlar gulluk etdi haslara, Beýikleriň gözi ýetmez peslere, Bu jahanda goldaw berip meslere, Hasapgähde oda ýandyran dünýä. Kim çekmedi bu dünýäniň gamyny, Her kimsäniň sanap bermiş demini. Bir ojakda ýakyp janyň şemini, Beýleki ojakda söndüren dünýä. Azat, bu panydan alsaň manyny, Ertä çykan tapabilmez düýnüni. Ilki berip, azaplaryň känini, Soňra bar azapdan dyndaran dünýä. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |