21:54 EJEM | |
EJEM
Daşarda keçede mähriban ejem, Birgeňsi ýylgyrar, güler otyrdy. Sylap salam berse köçeden geçen, “Aleýk!” diýip salam alar otyrdy. Aýdardy: “Ýol galar, ýolagçy galmaz, Gadym pelek ynsan janyndan ganmaz”, Many bilen pürepürdi tymsallar, Ertekilerinde şalar otyrdy. Ýuwaşdy, ýumşakdy, ýüpek ýalydy, Ýukalan ýüregi çelpek ýalydy. Eşidende iliň-günüň agysyn, Gül ýaly saralar, solar otyrdy. Syrly sandyk ýaly, jadygöý ýaly, Ederdi öýmüzi mydam toý ýaly, Bilse sözne çyndan gulak goýýanyň, Häsin berseň, monça bolar otyrdy. Ýagşylyksyz ýaşamady ýeke gün, Ýaslarda matamçy, toýda bekewül, Aýan bolar oňa gözýaş dökenim, Çünki ýüregmizi biler otyrdy. “Geleweriň, geçeweriň” diýerdi, “Iýeweriň, içeweriň” diýerdi. Allany söýşi deý ilin söýerdi, Töri myhmanlardan dolar otyrdy. Bitewi ýüregi alty parady, Hergiz deň söýerdi alty balasyn, Bahary tiz eräp giden gara deň, Mähiri güneş deý çoýar otyrdy. Her sözüni başlap bis’millaly, Namaz okap yrza etdi Allany, Patma ýaly, Isaň ejesi ýaly, Päklikde How enä golaý otyrdy. Ýel turdy, ýapraklar saralyp düşdi, Bagt bagymyzyň bilbili uçdy, Pukara öýmüziň çyragy öçdi, Aramyza baky aýralyk düşdi, Ýogsa aramyzda näler otyrdy. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |