10:48 Filolog ýigidiň haty | |
FILOLOG ÝIGIDIŇ HATY
(Atamyrat Atabaýewiň äheňinde) Salam, çylşyrymly grammatikaň Tärlerni öwrenip, geljege barýan Gözel gyz, sen sowuk saýma sözlerim, Ýakymly eşdilsin intonasiýam. Aýgytly ädimi bolup ykbalyň Ýatda galsyn ýaşlyk minutlarymyz. Anonim bolmasyn sözlermiz biziň, Sinonimkä ähli umytlarymyz. Durmuşyň baş düşüm däldigini-de Duýdum, duşup yşkyň melamatyna. A gyz ynanmasaň başym egeýin Meňzäp misli sorag alamatyna. Juwanlygyň gaýtalanmaz bahary Bize sowgat bersin bagtlaryn ýazyň. Ezizim, sözlermiz utgaşyp gitsin, Mysaly polatal singarmonizm. Menlik ýöňkemede üýtgedip adyň Söýgimi siňdirip iberýän goşga. Men alaç tapmadym (dagy nädeýin!) Çykalga tapmadym şeýtmekden başga. Fonetika ýaly syrly gözleriň Oýnadyp, diýme sen “gep nokatlama”. Gijelerne sen hakynda oýlanýan Garap ýyldyzlara köp nokatlara. Görüp sen arasynda boýdaşlaň Oýlanýan “haçana ýörmeli şeýdip?!”. Ultra ses bilen gygyrjak bolýan, Gorkýan etikany bozaryn öýdüp. Haýyş edýän, hata jogap ýazyň siz, Ýüregime aralaşsyn ümsümlik, Hatyňyza garaşýaryn sabyrsyz, Ýöne jogabyňyz bolmasyn ümlük. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |