09:12 "Gam çekme, gamlanma, batmagyn ünjä..." | |
"GAM ÇEKME, GAMLANMA, BATMAGYN ÜNJÄ..."
Gam çekme, gamlanma, batmagyn ünjä, Biziñ üçin ömrüñ güýzi daş entek. Näziñ üçin ýüz gün köýüp gezeýin, Misli köze elim degip bişen dek. Gazabyna ýüz gün duçar eýlesin, Gaharyñ yüz günlük bersin hesreti. Maña-ha derkar däl, senem almarsyñ, Añsatlykda gazanylan eşreti. Öýkäñden öýkeläp gezmek bar bolsa, Ykbalymyñ getirdigi-hasaby. Ýüz günlük ret et, soñ razy bol, Reýgana dönmez ýaly azabym. Sen bilmeýändir diýmegin, dilber, Sen öz maña beren derdiñe şärik. Gitdigim, gözleriñ ýolumda hemem Ýaşaýan derdiñi derdime garyp. Häzirlikçe şo bes! Açyl azajyk, Biziñ ömrüñ güýzi bilgin, daş entek. Bir gün goşarys biz ykbalymyzy, Misli baly sary ýaga goşan dek. Soñra, hawa, bize dert-azar beren, Günler ýyllar ýaly bolan bolsalar. Seni-meni bile salyp heýjana, Ýyllar günler ýaly gaty gysgalar. Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |