17:52 Baýguşlar | |
BAÝGUŞLAR
Biri-birisini başda bir goldap: "Seniñki rast-da, seniñki rast". Köne tama gelip gondular bile, Ýaşaldy biraz. Bir gün aýjyn sesli biri gygyryp, Beýlekiñ ukusyn bozdy oslagsyz. - Gerekmejek wagty ses etme how, sen! - A sen, biwagt çagy ýatma islegsiz. - Maña "sen" diýýärmiñ, gowsy gümüñ tap. - Ýok, asla bu köşki taşlap gitmerin. - Hä... seniñ bir... ine, taşlap gitmeseñ! Şagallara şam ederin etleriñ. - Gözüñi akdyryn, ynha, gör-de dur. - Men seniñ diliñi sogyryn şeýdip. - Men seni ganatdan aýraryn anyk - Sesiñ çykmaz ýaly ederin gaýdyp. ...Aý, garaz, henizem şo köne tamy, Özara paýlaşyp bilenokmyşlar. Oña derek bir-biriniñ etini Iýýärmişler... Ýöne ölenokmyşlar Baýguşlar! Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |