06:20

Gapy kakýan ýok

Категория: Goşgular | Просмотров: 371 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Abdylla Muhammedi | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 14
0
1 mango  
651
goşgy eýran türkmen şahyrynyňky.
goşga düşünmek üçin şahyram biraz tanasaň gowy.
gynansakda internetden düzüwli maglumat çykmady.
----
goşgyny haladym.
ýazylyş tehnikasy erkin.
diýjegini diýişem arkaýyn.

Uzak gije gül myhmanyñ gaşynda
Ýazylgy saçak
Ýazykly goşgy
Ýazykly döwür.

gelen myhmanlara saçak ýazyp, ýazan goşgularyndan okap, döwüriň ýa:zygy-nyň gürrüňi edilen bolmaly, uzak gije.
(goşguda kä ýerde söz, harp ýalňyşlary bar ýaly...)
----
sözlerden niçe güller dörändir
Söz temeni niçe çyban ýarandyr
Garaz añkap giden gara gijäni
Geljek daña dañyp,
Çatyp güneşe
Gözleriñ okalap barmaly işe!

"ilkibaşda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň özüdi" diýen ýalyrakdymy Injilde... hawa şol Söz bilen ýagty geljegiň süýji hyýallaryny "gülledendirler" hemem ol sözi temene öwrüp "çyban ýarandyrlar", problema çözendirler.
---
(belki ýalňyşýandyryn, ýöne) düşünişime görä goşguda bäş gezek "tyrk, tyrk, tyrk" bar.
1-nji "tyrk"-da şahyryň myhmanlary – intelligensiýa (uzak gije goşgy okaldy, "çyban ýaryldy")
2-nji "tyrk"-da şahyryň myhmanlary – sada halk, aladaly daýhan.
3-nji "tyrk"-da – polisiýa bolmaly "- Bu gelen bir kim bolmaly eý Hudaý? Gelenleriñ sany bir däl, iki däl. Morfynyñ ysyna endik eden it. Gapy kakan barmaklary ysyrgap..."
4-nji "tyrk"-da gapy kakylman, gapy ýapylýar. kameraň gapysy. soraglar, töhmetler, günä ýöňkemeler..."Ÿapylýar gapy! Tükeniksiz sorag, Yzy ÿok ÿalan..."
5-nji "tyrk" bolsa onuň arzuw edýän "tyrky", ýöne gynansakda (gynansa-da) "Gapy kakýan ýok!"
-----
ýüreklere gussa çökdi.
durşy bilen dert.

0
2 Jumjume  
571
Mango Aperin saña ýene bir gezek. Gowy düşündiriş beripsiñ!

1
3 mango  
651
Saýta täze agza bolanlaryň içinde düýn agşam (16.03.2021) “ibrahimbadakhshan“ atly agza göründi. eger ol şu goşgyň awtory bolsa seslense gowy bolardy. Gelenine begendim.

0
4 abdyllahmuhammadi  
377
salam . Bu gosgynyn awtory men Adylla Muhammedi . Yalnyslyk bilen Ybrayym agan adyna goyulupdyr . Nesip bolsa Ybrayym Bedehsanynam GAPY KAKYAN YOK atly gosgusynyda paylasarys . Men onun yazan gosgusyna jogap gaytarypdym . Sahyr dostum ybrayymdan otunc sorayan .

0
5 mango  
651
Bu aýdanlaryňy ibrahimbadakhshan agza hem tassyklasa gowy boljak.
“Nesip bolsa Ybrayym Bedehsanynam GAPY KAKYAN YOK atly gosgusynyda paylasarys” diýmegiňe düşünmedim. Bu goşgy şol paýlaşjak diýýän goşgy dälmi? Şu okanymyz kimiňki?

0
6 abdyllahmuhammadi  
377
Iki sany GAPY KAKYAN YOK atly gosgy bar . Biri Ybrayym dostumdan ol biri menden . Hazirki paylasylan gosgy bolsa meninki . Ybrayymdanam gosgusyny paylasmana rugsat aldym . Ybrayymyn ozi hazir sayta girenok . Adyny saityn mudirlerinin biri geciren bolmaly .

0
7 mango  
651
Ybraýym saýta girenok, ýöne onuň ady saýtdakylaryň arasynda görünýär. Men haýran.... biriniň adyny ulanyp, ýada onuň adyndan başga biri saýta gelip-gidýän bolsa... näme pikir etjegimem bilemok.
—-
Nämede bolsa ikinji “gapy kakýan ýogam” okasak....
(kellämde şeýtan at salýa)

0
8 abdyllahmuhammadi  
377
Alla bagyslasyn agam . Arasynda bir yalnyslyk dorese durmus suyjirak bolyar .

0
9 mango  
651
Abdullah. meniň goşgyňyza düşünişim nädogrymy?
her kim goşga bir tarapdan bakýany üçin, awtoryň diýmek isläninden uzaklaşybam bolýar, şondan soradym...
belki meniň "hyýal güýjüm" aldandyr...

0
10 ibrahimbadakhshan  
694
Salam, Men Ybrahym, śu gośgy Abdylla jan Muhammediniñ gośgusy. Men siziń websaityńyz bilen 2-3 gün mundan öñ tanyśdym. Abdylla "Dag çekÿän" atly gośgusynyñ linkini maña ÿollapdyr, nesip edip birgiden śahyr-ÿazyjynyñ eserlerini gördüm. köpçülikde bular ÿaly ÿalñyślyk bolup biler, ony biriniñ üstüne ÿüklejek bolmagymyz gereksiz gürrüñ.

0
11 mango  
651
hoş geldiňiz.
eýran türkmenleriniň döredijiligi bize elmydam gyzykly.

0
12 Gumlygelin  
8
Abdylla Muhammedi agamyz bu goşguda iñ soñky gapydan geleniñ ýagny "Ýurtsuz gedaý"-yñ kim bolup biljegini açyklasa menem hoşal bolardym.

0
13 mango  
651
bäh... "ýurtsyz gedaý" diýip belki awtor özüne diýýändir... (türkmensähra serhetden aňyrda galany üçin).

0
14 Gumlygelin  
8
@mango...ata-babalarymyzyñ ajala"Gapyçy gedaý"diýip at bermesinden çen tutup"Ýurtsuz gedaý"-y diñe ajal diýip göz öñüne getirýän.Belki meñ pikirim hem ýalñyşdyr....

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]