20:42 Gar | |
GAR
Ümsüm, Kelemenläp, pagta ýaly gar, Kütläp ýetdi köçeleriň kükregne, Içip gijäň gaýmak ýaly ýagtysyn, Ýagyp dur şäheriň yssy topragna. Aýagmyň astynda kitirdäp köçe, Ýürek körügine düşelýär közler. Beýnime gar ýagýar, Aýazly başym, Oýumda ýöreýär köp aýagyzlar. Barýaryn menzilsiz, Gözlerim duman, Ruhumda ýaňlanýar düşnüksiz mukam, Maksat nire, Ugur haýsy, belli däl? Barýaryn ynsandan Hudaýa bakan!? Dyzyma güýç berýän söýgi yssysy, Ýogsadagy götäriňden gyş agyr, Birje gezek seň mähriňe çoýunsam, Gyş ýaza dönerdi, Ýagta:rdy ugur. Onsoň ruhumdaky çalynýan mukam, Birigip seň aşygana labzyňa, Bozup ümsümligin garry köçeleň, Garylardy seň ummasyz deňziňe. Birje gezek seň mähriňe çoýunsam, Duýgulamy otly güneş çoÿardy, Birje gezek owazyňda gark bolsam, Günälerme nurly ýagmyr ýagardy. Aýagmyň astynda kitirdäp ak gar, Gelýärin men saňa ömrümde ýekäm, Ýoly gönükdirlen maksadym sensiň, Barýaryn, Ynsandan Hudaýa bakan. 2002 Ybrahym B. | |
|
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 8 | ||||||||
| ||||||||