20:44 "Gije arkaýyn ýat, dynjyñ al, dostum..." | |
"GIJE ARKAÝYN ÝAT, DYNJYÑ AL, DOSTUM..."
Gije arkaýyn ýat, dynjyñ al, dostum, Heniz ýetilmeli menzil uzakda. Nesip etse, ýagşy niýet kän bolar Kalbymyzda, ýyllar golun uzatsa. Bu gije rahatlyk, ýyldyzlar peträp, Ýagty saçar seniñ görjek düýşlerñe. Ýörgür aýaklaryñ uzyn gün büdräp, Ýadapdyr, goý, güýç berilsin güýçlerñe. Sallançagñy yralandyr hüwdüler, Ene süýdi deýin täsin ýakymda. Belki, hüwdi saña gürrüñ berendir, Sallançakdan düşjek ömrüñ hakynda. Atañ kän erteki aýdyp berendir, Diñlänsiñ öñ ýyllar süzen sesini, Ertekiler dowamlydyr dowamly, Çagalygam goýmaz diñlemesini. Uzakda galandyr atañ ojagy, Hüwdüleri diñleýändir körpeler. Sen uly saýýansyñ, eneler bolsa "Çagam" diýip seniñ üçin örtener. Bu dünýäniñ ebedilik kanuny, Mañlaýyna ýazylandyr ynsanyñ. Sen guwan şolaryñ diriligine, Gynan, gözün ýaşlanyna kimsäniñ. Gije arkaýyn ýat, dynjyñ al, dostum, Ertir säher bilen oýangyn ýöne. Bu dünýede diñe täze säherler, Hem adamlar, Arman, dünýäler köne. Meretmämmet HANMÄMMEDOW. | |
|
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |