23:03

Gitdim, mümkin däldi galmagym...

GITDIM, MÜMKIN DÄLDI GALMAGYM...

Gitdim, mümkin däldi galmagym,
çünki,
Pidasydyk aýry şertleriň, wagtyň.
Şol günde,
Şol ýerde,
Seň bilen galdy —
Şatlygym, hyýallam, gijigen bagtym.

Gowuşmagyň rowa görülmeýşi deý,
Aýralygam bizlik däldi, bu mälim.
Bizi bir bedene baglan syrly bag
Seň duran ýeriňe bakdyrdy telim.

A sen bolsa galyberdiň çäresiz,
Emma bakyşlaryň diýýärdi "Gitme!.."
Ah, şol pursat tükenipdim, eý ykbal,
Günäm näme?
Bu ne agyr içikme?!

Men her gije ýaşaýan şol pursaty,
Hergiz gitme ýok keşbiňe dünýämden.
Bile okan şygrymyzy, gör, indi,
Sessiz aýdyp, köşeşýärin, diňýän men.

Ýok, aýralyk däl bu!
Düýşlerimde sen,
Ömrüme gün goşýar tende janlygyň.
Men gitsemem, unutmansyň, mähriban,
Aýanmydy saňa perişanlygym?!..

...Gitdim, mümkin bordam galmagym, belki, Sen kalbymy duýan soňky hem ilki.

Gurbanjemal ANNAKOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 371 | Добавил: Мylayym | Теги: Gurbanjemal Annakоwa | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ymtylyş... / Goşgular - 13.01.2023
"Yhlas bilen ak tozgañy seçeläp..." / Goşgular - 11.02.2023
Уллин и его дочь / Goşgular - 10.01.2023
Истина / Goşgular - 02.01.2023
Deprem / Goşgular - 13.02.2023
Ива / Goşgular - 18.01.2023
"В мире таинственном и простом..." / Goşgular - 07.02.2023
Встреча / Goşgular - 12.01.2023
Keýpsizlik / Goşgular - 06.01.2023
Çyn bilen ýalanyñ aralygynda / Goşgular - 14.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]