16:33 Goç urşy | |
GOÇ URŞY
Iki mähnet goçy süsüşdirýärler, Şahlaryñ düýbünden ot çykýar - seret. Iki goç ýap-ýanam imisalady, Eýýämhaçan nädi pozuldy serhet? Hawa, iki goçy öjükdirdiler. Goýdular birini beýlekä garşy. Paýhas gara güýçden yza çekildi, Şeýdibem başlandy olaryñ urşy. Bir-birinde köýen ary bar ýaly, Şeýle gazap bilen garpyşýar goçlar. Gaçgaklap başlady ahyry biri, Ýöne ikisi-de ysgyndan gaçdy. Kimler hyrçyn dişläp, başyn ýaýkady, Kimlerem gykuwlap heziller etdi. Iki goçuñ ~ ganjarşyna syn etmek Kime güzap bolsa, kime lezzetdi. ◆ ◆ ◆ Çuñ ýürekden çykýan "Salawmaleýkim" Nirde sen "Waleýkim salamyñ" bilen? Howlukman soralyp saglyk-amanlyk, Yzyndan aýdylýan kelamyñ bilen? Salamlaşan çagy ýylnardy üşän, O mähirden indi galdymy nyşan? Beýle-de bir salam bolar oguşýan ~ Bir menzilden goluñ bulanyñ bilen. Men-ä salam berdim adam şekilli, Ol çala baş atyp menden bukuldy. Gelşiksiz iş eden ýaly ökündim, Galyberdim özüm salamym bilenm Salam berdi welin goñşymyz häli, Sowukdy nazary, teñdi ahwaly. Şeýle sowuk ~ ylla gürleşen ýaly Özgä göwün beren aýalyñ bilen. Eý gadymy salam ~ höwrügem hemram! Bu bolan zatlara özüm-ä haýran. Soñy düzüw bolup, baksadyñ hernä Ýene-de şol öñki jemalyñ bilen! Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |