02:55

Goşgy

GOŞGY

Goşgulary silterlemäň, uz olar,
Pessaý okaň, durşy bilen näz olar.
Gödekligi halamaýar goşgular,
Goşgy däldir, bir näzenin gyz olar.

Şygyr aklyk olar dagyň garyndan,
Ýalkym alar Günüň tylla nurundan.
Şahyr bolmak öňde-soňda ýeňil däl,
Şygyr dörär ýürekleriň töründen.

Goşgy dörär hüýr-perileň gözünden,
Goşgy dörär şady-horram ýazyndan.
Şygyr bazarynda soraň nyrhyny,
Galamy däl, ömri ýonup ýazandan.

Bahary söýmedik ýagşa ezilmez,
Yşka düşmän gumda, dagda gezilmez.
Şahyr bolmak dört setiri çatmak däl,
Çyn goşgular ýazmak üçin ýazylmaz.

Ylham sogurylyp gynyndan çykar,
Hyjuw köňli taşlar, hininden çykar.
Hyýal porhan bolup göterler göge,
Asman gümmeziniň düýbünden çykar.

Şahyr möwje duşar, göterler yşky,
Şondan soň aryşdan inýändir goşgy.

* * *

Gidende juwandy,
gidende ýaşdy,
Ýigitlik hyjuwdan doludy gursak.
Ak patasyn berdi ata ogluna,
Ogluna guwandy ene şol pursat.

Daşdan haýbatlydy,
gözleri otdy.
Watan goragyna taýýardy gerçek.
Söýdürdi hüwdüläp ene Watanny,
Ata pendi ony söýdürdi bir çak.

Şeýdip jeňe gitdi merdana ýigit,
Enäň hüwdüsine doga deý uýup.
Alyp egne ataň öwütlerini,
Gitdi Watanyny janyndan söýüp.

Bu gün gaýdyp geldi gorap Watany,
Ýüzde ýygyrt, ak görünýär saçynda.
Ýeňiş bilen otuz ýaşda dolandy,
Juwanlygny goýup jeňiň içinde.

Aldyrman aýagyn, aldyrman golun,
Ätledi ol dört ýyl öňki gapydan.
Girmedi şol çykyp giden goç ýigit,
Girdi otuz ýaşly garry kapitan.

Örän kän gelmedik gaýdyp gelenden
Jaýlandy ýat ilde adam bilen ok.
Gelenler köp zady goýup geldiler,
Uruşdan sag-aman gelip bolanok.

Jumadurdy SEÝITMYRADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 448 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Jumadurdy Seýitmyradow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Я обнял эти плечи и взглянул…» / Goşgular - 02.02.2023
«Конечно, вредно пользам государства…» / Goşgular - 30.01.2023
Памяти С.Я.Надсона / Goşgular - 24.01.2023
Первый снег / Goşgular - 21.01.2023
«Всех повестей его герои плоховаты…» / Goşgular - 27.01.2023
Deprem Ve Tedbir / Goşgular - 13.02.2023
Ökünç / Goşgular - 19.01.2023
«Великий день Кирилловой кончины…» / Goşgular - 13.02.2023
Şol gyza / Goşgular - 06.01.2023
«Когда я одинок и погружён в молчанье…» / Goşgular - 04.01.2023

Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Garaýolly  
27
Gowy goshgylar. Shygyrlaryñ doreyish yollaryny shahyr adimme-adim yzarlayar we etaplayyn beyan edyar.

0
2 Garaýolly  
27
Goshgynyñ energiyasy ozuniñ ceshme bazasyny ylahylyk cagaralarynda goryar. Gudrat kuwatyndan guyc alyan ylham ynsan zahmeti arkaly miwe getiryar.

0
3 Garaýolly  
27
Ikinji goshgy hem gowy. Urush-zalym urush adamzady gorpa iteryar. Diri galanlaryñ bolsa, icki hem dashky synasyny sypyryp, ozunde alyp galyar. Yagny, yashlygyny, saglygyny, el-ayagyny, iñ esasam ruhyny syndyryp, goyduk edip tashlayar.

0
4 Garaýolly  
27
Goshgynyñ gahrymany urushdan sagdyn halda dolansa-da, onuñ yigitlik gayraty payawlan gornushde.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]