23:49

Goşgy okap bereýin

SYNLA DÜNÝÄNI

Synla görkün bu ajaýyp Watanyň,
Gujagynda has owadan gijeler.
Arzuw bilen ak daňyny ataran,
Synla ýüregiňden, gansyn diýdiler.

Bu ümmülmez umman ýaly dünýäniň,
Synla çar tarapyn, iler-gaýrasyn,
Synlanyňda gözleň görüp bilýänin,
Gursagyňda mukam bolup gaýnasyn.

Synla, synla bu owadan dünýäni,
Synla şamaralar günüň batyşyn.
Gujagynda şu ajaýyp dünýäniň
Baky dursun, meniň eziz Watanym.

■ GOŞGY OKAP BEREÝIN

Gel, men saňa goşgy okap bereýin,
Arzuw edip, gujagynda gijeleň.
Ömürboýy diňe sendiň idelen,
Mähir bilen bakyp dursun dideleň,
Menem saňa goşgy okap bereýin.

Gel, men saňa goşgy okap bereýin,
Aýly gije ýyldyzlaryň astynda,
Şu pursadyň özi goşgy aslynda.

Gel, men saňa goşgy okap bereýin,
Yşka düşen bir diwana öwrülip,
Gider ýaly bir-birege höwrügip.

Gel, men saňa goşgy okap bereýin,
Göwnümizi arzuwlara gark edip,
Şol pursatda ähli zada terk edip.

Gel, men saňa goşgy okap bereýin,
Otur sen-ä bakyşyňy güjeňläp,
Men bolsa joşaýyn duýgymy jemlap.

Gel, men saňa goşgy okap bereýin,
Garamyk gözleňden ganaýyn garap,
Ýellerem galgasyn saçlarym darap.

Gel, men saňa goşgy okap bereýin,
Bizi baky terk edende aýralyk,
Yşk ummanyň kenaryna aýlanyp,
Ýörkäk bileje bagta şaýlanyp,
Ähli bagtly aşyklardan saýlanyp,
Gel, men saňa goşgy okap bereýin.

Aýbölek JUMAÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 296 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Aýbölek Jumaýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Duralganyň ýanyndaky agaç / Goşgular - 08.01.2023
Землетрясение / Goşgular - 13.02.2023
Ikimize-de sorag / Goşgular - 07.01.2023
«Как мимолётна тень осенних ранних дней…» / Goşgular - 05.01.2023
Sabam sen / Goşgular - 06.01.2023
Söýginiň güýji / Goşgular - 07.01.2023
Самоуверенность / Goşgular - 10.02.2023
Ýitirdim! / Goşgular - 30.01.2023
Şol gyza / Goşgular - 06.01.2023
"Men şeýle bir goşgy okasym geldi..." / Goşgular - 21.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]