16:11 Aşyklara sogap bolar | |
AŞYKLARA SOGAP BOLAR
Goşgular
![]() Söýeñogam, söýemogam? Söneñogam, sönemogam... Söýmek üçin ýanmak gerek, Sönmek üçin ýanmak gerek. Ýanyp bilseñ - sönüp bolar, Hemem seni ýanyp söýýän, Bir jenanyñ ykbalyndq, Yşk möhüriñ ýazyp bolar. Ýazyp bor didäñ nuruny, Ýar gadamy düşjek ýola. Söýýän bilen söýülýäne, Yşkdan özge emgek ýog-a. Puluñ bolsa - kümüş-teññe, Agramyna agram çekip. Törüñe geçirseñ ýary, Galmarsyñ-a içiñ çekip. Awa salsañ elguşuñy, Ganat baglap hyýalyñda. Asal garylan posalar, Sebäp däldir uýalara. Tutaşsa yşkyñ ataşy, Alawyndan eýmenmegin. Diñe ýanyp öçürip bor, Sataşan yşkyñ emgegin. Ot bolup o:tly gujaga, Dolup bilseñ - sowap bolar. Ýar yşkynda ýanyp-sönmek, Aşyklara sogap bolar. Hojaberdi BAÝRAMOW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |