21:30

Gündelikde galanlar -8/ dowamy

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 354 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Garayolly25  
1449
Sag boluň. Gaty gyzygyp okadym.

0
2 Bagabat  
43
Godalak - dänesi aýrylyp, ýalaňaçlanan (iýlen) mekgejöweniň başy (golçury).
Göçme manyda, kelte boýly, dykyz göwreli, galjaň, çalasyn hereket edýän, endamy myllyk däl-de gaty adama diýilýär.

0
3 Bagabat  
43
Şol döwürde diri durmuşyň maglumatlary. Gyzykly.

0
4 Gumlygelin0700  
1545
@Bagabat, Serdar aga godalak sözi garpyz bilen baglanşyklymyka diýýädim...

0
5 Bagabat  
43
Hawa, dürs togalak däl, ýemşik-ýümşügräk, ýöne gabarasy ep-eslije garpyz babatda-da ulanylýar.
Garaz, türkmen dili örän baý dil, onuň diňe bir tire-taýpa şiweleri däl, eýsem, şol bir taýpa şiweleriniň ýerlere görä üýtgeýşem şireli.
Sözlüklere girizilmedik sözlere bolsa durmuşda kän duş gelmek bolýar. Mysal üçin: Tüpgen - tüweleý, tupan, tozanly ýel; Gamaý - penjäňe, aýaňa gysmaga, gysymlamaga ykjam; Gotda, gotdaja - "godalak" sözi bilen manydaş söz; Gympaý - gyýtarylyp bakýan, gürlände gözüni göge gyşardyp gürleýän adam we ş.m.
Özem geň galýan, şunuň ýaly sözler çeper döredijilikde ulanmak üçin juda şireli bolýar. Gulagymyz, gözümiz öwrenişmänindenmi nämemi.
Şol sebäpdenem, eşitmedik, bilmeýän sözlerimizi, @Haweranyň "Drabl näme?" temada goýan teswirinde aýdyşy ýaly ýazybermeli, birek-birege habar beribermeli. Özüm-ä saýtdan çeperçilik, dil, prozanyň düzüm gurluşy, täzeçillik meselesinde juda köp zady öwrenýän. Teswirlerden, temalardan täze ýazjak zatlaryň üçin ideýa-da köp çykýar.
Teswiriňize minnetdar.

0
6 Gumlygelin0700  
1545
Sizem sag boluñ, minnetdar!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]