21:59

Gündelikde galanlar -13/ dowamy

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 457 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 14
0
1 Garayolly25  
1449
Täsirli esse

0
2 Garayolly25  
1449
Sag bol, inim, ýerleşdireniňe

0
3 Garayolly25  
1449
Gyzygyp okadym

0
4 Bagabat  
43
Ýalňyşyp, diri ýaşula aýat okaýyşlar-a güldürip, kese ýykdy.

0
5 Adamzat  
141
Allaýar Çüriýew sada dilde okgunly ýazýar. Mekdep ýyllarym onuň goşgularyny "Sowet edebiýaty" žurnalynda okaýardym)). Ine biri:

Pawel ýaly gahrymany
Hiç unutmaz biziň diýar,
Krasnowodsk şäherinde
Besşapoçnyý köçesi bar..

0
6 yaran_yagmur_9  
1578
Просто для справки: там улица с таким названием сейчас нет.

0
7 Adamzat  
141
Köçe näme, häzir Krasnowodsk şäheri hem ýok..

0
8 Adamzat  
141
Hormatly Haweran!
Bu eseri tutuşlygyna kitaphana bölümine goýup bolanokmy, ýükläp arkaýyn okar ýaly, ýogsa 3 günläp saýta girip, uly kompýuterde okajak bolup, bilim döwlere geldi)).

0
11 Haweran  
411
Bagyşlañ, goýup bilemok. Sebäbi "Gündeligiñ" doly görnüşi özümde hem ýok. Muny okyjylara ýetirmek üçin ýaşulyny öñem zordan razy etdim. Bölekleri berşi ýaly ýetirip duryn. Şoñ ü.n maña-da okyjylar bilen bile dowamynyñ berlerine garaşaýmak galýar... :)
"Gündelik" boýunça gelýän seslenmeler onuñ dowamyny çalt-çaltdan almaga maña-da gowy bahana bolýar, ýaşulyñ özi-de günde-günaşa saýta girip okap durýandygy ü.n ruhy galkynýar.
"Gündeligiñ" bolsa ýañy 13-nji bölegine ýetdik, soñuna ýetmek üçin ýene 100 bölek dagy okamaly bolarys.

0
9 MURGAP  
1401
Atamyrat Atabaýewe ýaşulynyñ beren bahasy doly hakykata laýyk. Esasanam Nyýazowyñ döwrindäki boş waspnamalary üçin hakyky mynasyp derejesi şol.

0
10 Şirhan  
49
Mmmbäh... Dogurdanam täsirli... Ýöne... ýöne... häzirki döwüriň döredijilik bilen meşgul bolýanlary üçin "halypa" bolup biläýjek, "aýdymçy şahyr" diýilýän adam "Daşoguzlyň maşyny meniň maşynymdan soň otlandy", "Pylana "ganjyk" diýipdirler"... ýaly gürrüňler edip otursa... birhilliräk dälmi?! Ýa-da...

0
14 yaran_yagmur_9  
1578
Bu ýerdäki gürrüňler-ä bilemok, ýöne umuman şular ýaly ýatlamalardaky döredijilik adamlarynyň durmuşyndan ýaşaýjylaryň ahlak düşünjelerine kän gabat gelmeýän hereketler (içgä we beýleki zyýanly endiklere baglylyk, bidüzgün jynsy gatnaşyklar, Gýote ýaly gojanyň bir ýaş gyza aşyk bolmagy (ýöne şol yşkdan dörän, milli poeziýanyň genji-hazynasy bolan goşgylary okasyňyz gelenokmy?) ) baradaky maglumatlar käbirleri üçin baldan süýji nygmat bolup durýar. Arynyň gülden bal ýygnaýşy ýaly, şolar ýaly ýatlamalardan hapa gürrüňleri ýygnaýan bu gawnýuklar soň olary sortlap, sistemalap, sensasiýa hökmünde ýaýradýarlar. Munuň peýdaly işdigini arada maňa birhiliräk edip düşündirdiler. Kän aklym çatmady welin, belki, dogrudanam peýdalydyr. Lagymçylar, näme, jemgyýete peýdasyzmy? Onda olaram (ýagny, türkmen ýalçynlary) edebiýatyň lagymçylary hökmünde zerurdyr. Bu wezipäniň özlerine laýykdygyna düşünendirler, onsoň şonuň bilenem meşgullanýandyrlar. Kuwwat bersin!

Men bolsam şeýle gürrüňleriň nireden ýygnanýandygyny ýatlatmak isledim. Esasan, şular ýaly ýatlamalardan. Gawnýuklar häzirem şu materialy baý dörjeländirler, çolpularyna bir zat ilermikä diýip. Ýöne özlerine "maşyny göçdi-göçmediden" üýtgeşik bir material tapmadylar. Tapan bolsalar ýalçynlar birnäçe ýyldan, ýalçyn nesilleri bolsa bir asyr soňam ýaýradar ýörerdiler.

Elbetde, ýatlamalary ýazmagam, saklamagam, ýaýratmagam şeýleligine alnanda diňe peýdaly bolman, eýsem gaty köp bähbitli, ajaýyp, sogap iş. Diňe döredijilik adamlarynyň däl, eýsem dürli kärdäki her dürli ynsanlaryň ýagşy işlerini, ajaýyp gylyk-häsiýetlerini, hakydalarda galmaga mynasyp sözlerini nesillere ýetirmekden gowy näme bolup biler?

Ynsan, elbetde, ýaradylyşy boýunça kämil däl.

Gün çoguna lowlan Zemin gany biz,
Ýer bilen Asmanyň eklän ogly biz;
Adam diýen belent ady dakynyp,
Owal-ahyr hak etmedik şony biz.

Adamyň ruhy Asmandanam bolsa, palçygy Zeminden. Şonuň üçinem onuň NURANY ýany hem bar, HAÝWANY ýaňy hem. Balzagyňam, Gýugonyňam, Gýotäniňem şeýle ýanlary bolupdyr.

Biz olaryň nurany tebigatyndan dörän eserlerini okap, lezzet alýarys we kämilleşýäris. Çünki hersi bir özbaşyna dünýä.

Mazarystanda adamlaryň skletini öwrenip ýören alymdan sorapdyrlar: "Bu käriňde näme gyzykly zat gördüň?" Jogap beripdir: "Men şalaryň we gullaryň, sopylaryň we azgynlaryň, alymlaryň we jahyllaryň, batyrlaryň we gorkaklaryň, sahylaryň we husytlaryň... skeletlerinde tapawut barmykan diýýärdim, barysy bir eken, aklym şoňa haýran".

Adamlaryň haýwany tebigaty her tipli-de bolsa umumylykda bary birmeňzeş, şonuň üçinem onçakly gyzykly ýeri ýok. Jelephanada Gýugonyň hem, marselli deňizçiniň hem, haýsydyr bir muşketýoryň hem etjegi şol bir zatlar.

Şonuň üçin "günäli" ýazyjylaryň hut günäleri bilen nädip has täsin, gyzykly bolup bilýändiklerine özüm-ä haýran. "Alkogolik ýazyjylar", "sifilisli ýazyjylar", "neşebent ýazyjylar", "türmede oturan ýazyjylar", "gomoseksualist ýazyjylar"... bulary bilmek üçin, megerem, häzirki zamanda bir düwmäni basmak ýeterlikdir. Maňa gyzykly däl, emma maglumatlar jemlenip goýlandyr. Bu aňsat, emma adama näme peýda berýär? Alymlara peýdaly bolup biler. Başgalardan bolsa kämillige ymtylýanlar däl-de, arzan sensasiýalary, wulgar gybatlary gözleýänler okarlar. Emma şeýle zatlara 40 ýyl dümtineňde-de, sähelçe-de şahsy ösüş gazanarsyň öýdemok.

Emma ýazyjylaryň eserlerini okap çykmak beýle bir pursatlyk iş däl. Ol aklyň, duýgynyň we ruhuň işlemegini talap edýär. Emma edebiýatdan bir peýda bar bolsa, şony hut şol berýär. Eser okamak.

Elbetde, ýatlama hem bir eser. Edebi žanr. Ýuliý Sezaryň ýazyjy hökmünde adamzada ýadygärligi. Ýa "Babyrnäma". Ýatlama üçin Nobel alanlar bar.

Emma ýalçynçylyk hiç hili edebiýat däl.

Ýöne onuň bilenem kimdir birleri meşgullanýarlar.

Garaz, her kim özüne gelişýän pişäni saýlaýar.

0
12 Babyśgalaly57  
1599
Языжынын омури узак болсун! Гунделиклеринин довамына гарашян. Менин учина телим томлы тарых китапларыны окандан шейле языжыларын ятламаларыны окамак якымлы. Оз доврунде Керим аганын "Томус язгыларам" хезил берипди. Аллаяр Чуриевин адына мен барып 70нжи йылларын орталарында пионер вагтымыз шо вагткы "Мыдам тайяр'' газетинин сахыпаларында душ гелип башлапдым. Шол вагтлар, САЗЫ ПЛАНЫ ПЛАНЫЕВИНКИ.. созлери АЛЛАЯР ЧУРИЕВИНКИ.. диен нота язгылы гошгулары шо газетде чыкарды. Сон ялнышмасам.. шахыра улы абрай гетирен ...Гел обамын лалеси.. диен айдыма оврулен гошгусы болмалыды ойдйан. Шахыр оз доврунде шо вагткы метбугатда агзалян "ДИКДУРМА БАГШЫЛАР'' хакында танкыды макала язанынданам хабарымыз бар. Ол багшыларынам "КОНТРАТАКА'' гечип Чур Чури'' дийип айдым дореденнам билйарис. :).Шол айдымын созлеринин долы текстини окап болмазмыка?

0
13 Adamzat  
141
Ýeri gelende aýtsam, men ýaşlykdan bir sebäpli Allaýar Çüriýewiň öňünde dili gysga we ondan bu günämi geçmegini haýyş edip, uly ötünç soraýaryn. Sebäbi, men onuň bir goşgusyny käwagtlar öz haýryma ulanyp, hamala ony edil özüm şol wagt düzen ýaly edip görkezýärdim (esasan hem gyzlaryň ýanynda)).
Ine şol goşgy:

Sen hakda bir goşgujyk
Düzmek isläpdim irden,
Duýdym ejizdigimi
Seň waspyňy ýetirden.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]