21:05 Gussa | |
GUSSA
Sagat bir çen boldy. Gijäniň ýary. Niçündir kalbymyñ gussaly sazy. Asmana seretsem, aýam ünjüli. Künjüni gaplapdyr gara bulutlar, Eýlemekçi deýin ýowyz hüjümi. Ýeliň öwsüşi hem täsin bir geňsi, Mendenem sabyrsyz onyň ahwaly. Asmany-zemini tutdy tukatlyk, Geňlik, bu ne duýgy? kalbyma sary, ot berýar bir zada garaşýan ýaly. Jaň sesi. "Näme''. Düşnikli bary. Ýumruldy köňlümiň köşgi-eýwany, (Ey pany, ne güne salÿaň ynsany) Onýança asmanda gara bulutlar, Örtdi aýyň yüzin gara donuna. Solunda -sagynda çakyp ýyldyrym, Ýagmyram goşuldy bulaň zaryna, Ses etdi aýlyganç asman aglady, Ýagdy ýagmyr. Diňdi. Derdi ýeňledi. Soň köşeşdi asman geldi özüne, Hamana hiç bir zat bolmadyk ýaly. Ýöne şol aýlyganç gijeden soňra Henizem kalbymyň gussaly sazy. Aýjeren GADAMOWA. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |