14:27 Hoşlaşyk | |
HOŞLAŞYK
Bu günleriň geçäýşini diýsene, 18 bolupdyr ýaşymam eýýäm. Ertir esgerlige barýaryn menem, A, sen aglaýaň-da, “Unutma!” diýýäň. “Unutma!” diýýäňmi? Ah, sen akmajyk, Undulýan zatmydyr söýgi diýlen zat. Unudyşmak üçin söýemzok ahyr, Unudylmak üçinem biz söýemzok. Bakylyk bar bolsa eger dünýäde, Şol bakylyk söýgiň özüdir dünýäm. Şuňa durkuň bilen ynanyp durkaň, Ah, dünýäm, sen nädip beý diýip bilýäň?! Daglarda ak garam myhmandyr, erär, Bir gün görseň, Günüň çogam sönendir. Emma meniň söýgim – bu otly yşkym, Ezizim, hemişe seniň bilendir. 2010-njy ýyl. | |
|
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |