12:15 Iki reňk | |
IKI REÑK
Ak zatlarda ýagşylygyň yzy bar, Şony mydam ýagşa ýorýar - bu göwün. Gara bolsa ýamanlygyň ysy bar, Iki reňkiň arasynda - bu ömür. Ak säherde örýäň, göwnüň şadyýan, Ak säherleň saýasynda - bu döwür. Gara gijä ýetýäň, göwnüň ýadaýar, Iki reňkiň arasynda - bu ömür. Ýöne käte ynsanýetem ýalňyşýar, Agyň içindäki garany görmän... Garanyň içiniň agyny dörmän... Gözde däl-de, pikirlerde ýalňyş bar Ak bolmaga dyrjaş, bolmagyn kemter! Garany gözleme, adamlar sürter! Gowluk artdyr, şeri kemelt, hemem ýon! Iki dünýäň üçin diňlegin böwür... Gerekçilik ýok, bolma sen hameleon! Iki reňkiň arasynda - bu ömür... Ylham GURBANALYÝEW. 19. 02. 22 ý. | |
|
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |